Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

опубликованно 07.04.2020 // 717 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler geçirildi. Irden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine baryp gördi.

Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda milli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi amala aşyrmagyň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sporty has-da ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde uly üstünlikleriň gazanylandygyny nygtady.

Durmuş ulgamynda tagallalaryň jemlenilmegi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Saglygyň ýokary döredijilik işjeňliginiň, zähmete ukyplylygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy bolup durýandygy sebäpli, her bir ynsanyň saglygynyň diňe bir onuň özi babatda däl-de, eýsem, jemgyýetçilik gymmatlygyny döredýändigi baradaky pikirden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk hem-de sport desgalaryny özünde jemleýän degişli düzümleri kemala getirmek boýunça iri taslamalaryň başyny başlady.

Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin hemme şertler döredildi, şol bir wagtda-da atçylyk sporty ýaly däp bolan görnüşleri hem saklanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli atçylyk pudagy täze belentlige çykaryldy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, at münmegiň türkmen däplerini öňe ilerletmek boýunça deňsiz-taýsyz çäreler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda behişdi bedewleriň arassa ganly tohum atlaryny köpeltmek, olaryň beden gurluşyny hem-de iň oňat sport häsiýetlerini kämilleşdirmek boýunça uly işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyratym atly bedew bilen didarlaşyp, türgenleşik üçin ony maneže alyp çykdy. Gyratym dürli buýruklary taýýarlyk bilen ýerine ýetirip, görkezilen her bir yşaraty duýgurlyk bilen kabul etdi. Ynsan bilen atyň arasyndaky gatnaşykda esasy zat ynamdyr.

Ahalteke bedewleri, bu owadan, duýgur hem-de ýeterlik derejede akylly atlar özlerine bolan oňat garaýşa, berilýän ünse we alada tüýs ýürekden mähirlilik bilen jogap berýär. Şol hem olary terbiýelemekde we taýýarlamakda üstünligiň girewine öwrülýär. At çapmak sungaty bolsa bu çylşyrymly tilsimleri diňe bir ussatlyk bilen ýerine ýetirmek däl, munuň özi, ilkinji nobatda, ynsanyň we bedewiň sazlaşykly gatnaşygydyr, ylalaşykly hereketleridir. Şunuň ýaly gatnaşyklarda çapyksuwar hem-de bedew umumy bir göwrä öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri baradaky kitaplarynda milli atşynaslygyň taryhy we däpleri barada ençeme gyzykly maglumatlary getirýär. Ata-babalarymyzyň atşynaslyk tejribesiniň nesilden-nesle geçmegi we kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegi barada uly alada edýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow behişdi bedewleriň özüniň buýsanjy, milli gymmatlyk hökmündäki dabarasy bilen dünýäde deňsiz-taýsyzdygyny belleýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy we guwanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki abraýyny has-da ýokary götermäge aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni gatnaşmagynda ýurdumyz ahalteke atçylygyny ösdürmäge degişli meseleleri çözmek boýunça halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Atlaryň ahalteke tohumynyň köpeldilmegi bilen meşgullanýan daşary ýurtlaryň iri guramalary, belli atşynaslar, bu pudagyň hünärmenleri ady rowaýata öwrülen bedewleriň gadymy watanyna gelýärler hem-de bu tohum atlaryny köpeltmek, onuň arassalygyny saklamak we olary dünýäde wagyz etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

Ahalteke bedewi gadymy döwürde türkmenleriň ykbalynda möhüm orun eýeläp, milli we dünýä medeniýetiniň özboluşlylygy bolmak bilen, häzirki döwürde-de, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp tumary, halkymyzyň hasyl bolan arzuwynyň keşbi, ösüşe we rowaçlyga tarap ymtylyşyň nyşany bolmagynda galýar.

Türkmenleriň däp bolan durmuşy aýratyn many-mazmun bilen berkidilip, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tebigat bilen göreşmegi ýa-da ony ýeňmegi aňlatman, onuň bilen utgaşmakdan, daşarky we içki dünýä bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmakdan ybarat boldy. Adam tebigat bilen aýrylmaz arabaglanyşykly hasaplanylýar. Şunuň ýaly garaýyş we düşünje biziň ata-babalarymyza tebigat bilen sazlaşyklylykda ahalteke bedewi ýaly ajaýyplygy döretmäge mümkinçilik berdi.

Sazlaşyklyk utgaşma häsiýetleriniň biridir. Bu bolsa at üçin dogry sazlaşygy tapmakda hem-de ony saklamakda möhüm bolşy ýaly, çapyksuwara-da çapuwda barýarka deňagramlylygyny saklamakda zerur bolşy ýaly wajypdyr. Eger sazlaşyklyk bolmasa, güýç hem, tutanýerlilik hem atyň üstünde we durmuşda saklanmaga kömek bermez. Bu halk pähimi atlary terbiýeläp ýetişdirmegiň düzgünlerinde-de berkidildi. Çünki türkmenler bedewleri türgenleşdirmän, mähirlilik, päk niýetlilik we dostanalyk arkaly çaga ýaly terbiýeleýärler.

Ahalteke bedewi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp nyşanydyr. Ol ýokary ruhy göterilişiň, ýurdumyzyň ynamly gadamlarynyň, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Diýarymyzyň gazananlarynyň hem-de beýik işleriniň güýjüni özünde jemleýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan çykyp, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine gelip, bu ýerdäki welosiped ýodasynda ogly Serdar Berdimuhamedow bilen welosipedli ýöriş etdi.

Hormatly Prezidentimiz sportuň döwrebap düzüminiň kemala getirilmegine möhüm ähmiýet berip, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirdi. Paýtagtymyzda, tutuş sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Ol onlarça döwletlerden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen iri möçberli ýaryşlary ençeme gezek örän uly üstünlik bilen kabul etdi.

Ýöne, esasy zat, hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, bu şäherçäniň peýda bolmagy ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Dürli sport desgalarynyň 40-a golaýyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi Aşgabadyň bezegine we onuň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna öwrüldi. Toplumyň ähli desgalary özüne çekiji gözel keşbi bilen tapawutlanýar, has tapawutlanýan görnüşi bolsa Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper-monumental keşbidir. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bu ajaýyp keşpde Türkmenistanyň sport ulgamyndaky syýasatynyň pikir konsepsiýasy, ýurdumyzyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, durmuşyň baş baýlygy hökmünde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge okgunlylygy jemlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe ynsan saglygynyň, adamlaryň öz maksadyny amala aşyrmagynyň, pikir-hyýallarynyň we ösüşiniň köptaraply serişdesi bolup durýar.

Milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesinde üsti ýapyk welotrege bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi egindeşleri garşyladylar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz welosipedde ýaryş ýodasy boýunça türgenleşik aýlawyny geçdi.

Bu welotrek ähli görkezijiler boýunça ýokary halkara ölçeglere we şeýle görnüşdäki binalara bildirilýän häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu ýerde döredilen şertler halkara ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.
6 müň tomaşaçy orunlyk welotrekde ähli zerur düzümler göz öňünde tutuldy. Bu bolsa türgenler, tälimçiler, tehniki hem-de hyzmat gullugynyň wekilleri we welosportuň muşdaklary üçin aňrybaş şertleri üpjün edýär.

Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda welotregiň gurulmagy bilen milli welosport hereketiniň taryhynda täze sahypa açyldy. Şeýle görnüşdäki sport desgasy Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy. Bu toplumyň gurluşygynyň hiline Halkara welosiped birleşmesiniň hünärmenleri ýokary baha berdiler.

Häzirki döwürde sport halkara hyzmatdaşlygyň iň ähmiýetli we möhüm ugry bolup durýar. Ol ynanyşmak we birek-birege düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine ägirt uly goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Türgenler parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary we başarnyklary bilen guralýan bäsleşiklerde olimpiýa hereketiniň asylly ýörelgelerini tassyk edýärler. Bu bolsa işjeň döredijilikli durmuş ulgamynyň döredilmeginde, beýleki halklara hormat goýmak we dostluk gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde nusgalyk görelde görkezýär.

Sport häzirki döwürde jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmen türgenleri bütindünýä sport hereketine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň dürli derejede guralýan ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, medallary hormatly Prezidentimiziň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän ünsüniň we zehinlileri ýüze çykarmak, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin döredilýän şertleriň ynamly subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz sportuň beden saglygynyň möhüm şertidigini görkezýär. Arkadag Prezidentimiz türgenleşiklere, ylgamaga, welosiped sürmäge wagt tapýar hem-de sport ulagyna we ýyndam bedewlere ussatlyk bilen erk edýär. Milli Liderimiziň bedewe atlanmagy ýa-da sport ulagyna erk etmegi ähli watandaşlarymyzda buýsanç duýgusyny döredýär we sport bilen meşgullanmaga höwesini artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz trek meýdançasynyň ýoly bilen ýörişini tamamlansoň, beýleki ýolbaşçylar hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerdiler.

Welotrek sporty bilen meşgullanýan türgenler öz tizligini, güýjüni, çydamlylygyny görkezmekde ýaryşýarlar. Şoňa görä-de, olar türgenleşiklerinde özlerinde şonuň ýaly sport häsiýetleriniň kemala gelmegini gazanmaga çalyşýarlar. Ýokary derejeli ussatlaryň şunuň ýaly meýdançada türgenleşik geçmegi diňe bir türgenler üçin däl, eýsem, islendik adam üçin hem uly jogapkärçiligi talap edip, ünsüňi jemlemegi başarmak ýaly endigiň kemala gelmegine kömek berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport, munuň özi diňe bir bäsleşik, üstünlik we medallar däl-de, eýsem, ähli güýçleri birleşdirýän kuwwatly durmuş ulgamydyr. Ol medeniýet, ykdysadyýet we diplomatiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletiň Baştutany bolmak bilen, sportuň parahatçylyk döredijilik ugruna aýratyn ähmiýet berýär hem-de Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrülmegine giň ýol açýar.

Soňra milli Liderimiz egindeşleri bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň, bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz sport, halkymyzyň saglygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Soňky ýyllarda dünýäniň onlarça döwletleriniň türgenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän ýaryşlar Türkmenistanyň wajyp halkara sport merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrdy.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde kabul edilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde Türkmenistanyň başlangyçlaryna, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga, jemgyýetde ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti 1894-nji ýylda döredildi. Şol jemgyýet döredilenden bir ýyl geçenden soň, welosiped sporty boýunça ilkinji ýaryş guralyp, ol Türkmenistanda bu sportuň ösdürilmegine badalga berdi. Häzirki wagtda welosiped öz möhümligini hiç hili ýitirmedi. Tersine, täze görnüşlere hem-de wezipelere eýe boldy. Adamlaryň köp bölegi welosipedi alternatiw ekologiýa ulagy hökmünde öz gündelik durmuşynda ulanýar. Biziň ýurdumyzda bolsa şeýle ýagdaýlara has-da uly üns berilýär.

3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi Bitarap döwletimiziň başlangyçlarynyň gürrüňsiz ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Şol başlangyçlar parahatçylyga, dostlukly we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli bina gurulýar. Onuň keşbinde halkymyzyň baý taryhy hem-de häzirki döwürde gazananlary öz beýanyny tapar. Türkmen topragy gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, welosiped ýadygärligi aýlanýan Ýer togalagy görnüşinde gurulýar hem-de türkmen halkynyň adamzat taryhynda galdyran öçmejek yzyny alamatlandyrar. Şeýle hem ony halkara geçelgeleriň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny alamatlandyrýan zeýtun baldajyklary, nepis we ýüwrük ahalteke bedewleriniň şekilleri hem-de welosipedçileriň heýkelleri bezär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu çeper kompozisiýa halkymyzyň belent ruhy ylhamydyr, onuň umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de halkara sport hereketine ygrarlygydyr, ösüşiň we abadançylygyň ýolundaky okgunly hereketidir.

Häzirki döwürde Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Milli sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň we gyzlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşygyny, tagallalaryň utgaşmagyny emele getirýär. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bu babatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan sportuň ösdürilmegine, wagyz edilmegine gönükdirilen anyk çäreler babatda beýleki döwletlere görelde bolýar.

Welosipedçileriň halkara birleşiginiň Aşgabatda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny bermegi ýurdumyza bildirilýän ýokary ynamyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän sport syýasatynyň uly üstünliginiň subutnamasydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň welosiped sportuna degişli ugurlar boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini buýsanç bilen nygtamak gerek. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň iýun aýynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosiped sporty boýunça türgenleşik okuwy geçirilip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri ony dünýäde welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde hasaba aldylar. Giň möçberli welosiped çäresine 3 müň 246 adam gatnaşdy.

Şondan bir ýyl soň bolsa, 2019-njy ýylyň iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde welosipedde iň dowamly, bir nyzamly ýöriş geçirilip, dünýä rekordy ýene-de täzelendi. Welosipedçiler biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzülip, Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler. Bu ýagdaý hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Şu gün — Bütindünýä saglyk gününde beden we ruhy taýdan kämillige tarap bolan ymtylyşyň döredijilikli güýji hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýeren sagdyn durmuş ýörelgesini söýýänleriň köp sanlysyny tutuş Türkmenistan boýunça badalga nokadyna çykardy. Dünýäniň köp ýurtlarynda koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň çylşyrymly bolmagynda galýan mahaly Türkmenistanda öz wagtynda görlen çäreleriň netijesinde ýiti ýokanç keseliň aralaşmagynyň öňüniň alynmagy üpjün edildi.

Bu ugurda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan öňdengörüjilikli syýasatyň, şol sanda saglyk ulgamyna degişli syýasatyň netijesinde, mähriban Diýarymyzda şonuň ýaly ýagdaýlaryň öňi alyndy we öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi dowam edýär. Hut şoňa görä-de, Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijelidigi barada aýratyn nygtamak gerek. Bu maksatnamanyň çäklerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, derman kärhanalary we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalar guruldy.

Döwletimiz häzirki zaman sport-sagaldyş düzüminiň giňeldilmegine hem-de halkara ülňülere laýyk gelmegine ägirt uly serişde gönükdirýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, ýurdumyzda gurulýan ähli bilim we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň taslamalary ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport zallaryny, basketbol we woleýbol meýdançalaryny, ýüzülýän howuzlary, tennis kortlary we beýlekileri öz içine alýar.

Gökderedäki dynç alyş künjeginde, ähli welaýatlardaky we Hazaryň arassa kenarynda kemala gelen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar-sagaldyş merkezlerinde işjeň dynç almak üçin ajaýyp şertler döredildi. Munuň özi adam hakyndaky aladanyň döwletimiz üçin ýokary gymmatlyga öwrülendiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz halkymyzyň saglygyny saklamagyň we berkitmegiň möhüm şerti bolan bedenterbiýäni ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçdi.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlara boş wagtyny peýdaly geçirmäge ýardam berýär. Beden maşklary adamyň aňyna, pikirlenmesine, ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edýär hem-de netijeli şahsy häsiýetiň döremegine kömek edýär. Has takygy, bedenterbiýe adamda tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi terbiýeleýär, oňyn durmuş gatnaşyklaryny hem-de raýat işjeňligini kemala getirýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nesil terbiýesi baradaky meseleleriň üstünde durup geçip, olary sport we zähmet endikleri esasynda terbiýelemegiň möhümdigini nygtady. Sport türgenleşiklerinde berkän ýaşlar biziň ygtybarly geljegimiziň daýanjydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýaşlaryň beden, ruhy we düşünje-hünär taýdan ösüşiniň bitewüligini kemala getirmek bu maşgala, bilim hem-de jemgyýetiň beýleki durmuş institutlary tarapyndan bilelikdäki tagallalary talap edýän çylşyrymly terbiýeçilik işidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu wezipeleri çözmekde sport toplumlaryny we desgalaryny, sport meýdançalaryny netijeli ulanmak möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz egindeşlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

***

Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri geçirildi. Şol çärelere milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow badalga berdi.

Hususan-da, futzal, basketbol, tennis, fitnes, gimnastika, woleýbol, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar guraldy hem-de küşt we bouling oýnaldy.

Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Şeýle ýöriş Aşgabatda 3,5 müň adamyň gatnaşmagynda geçdi. Olar Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinden badalga alyp, Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen şäheriň merkezindäki Döwlet münberine çenli aralygy geçdiler. Ýoluň uzaklygy 15 kilometre barabar boldy. Umuman, Türkmenistan boýunça, guramaçylaryň hasaplamalaryna görä, köpçülikleýin welosipedli ýörişlere 7 müň adam gatnaşdy.

Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli welaýatlaryň her biri çäreleriň maksatnamasyny taýýarlady. Onuň düzümine türgenleriň görkezme çykyşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we ýoldaşlyk duşuşyklary, milli sport oýunlary boýunça bäsleşikler, aýdym-sazly çykyşlar we ençeme beýleki çäreler girdi. Ähli stadionlar diýen ýaly, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, açyk meýdançalar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň sport zallary ulanyldy.

Milli telewideniýäniň we radionyň ähli ýaýlymlary boýunça bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmäge, bu ulgamda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyna bagyşlanylyp, ýörite taýýarlanylan gepleşikler berildi.

Şeýlelikde, tutuş ýurdumyzy Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanylan çäreler gurşap alyp, türkmenistanlylary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlarynyň töwereginde — sagdyn durmuş ýörelgeleri, parahatçylyk we döredijilik ugrunda has-da jebisleşdirdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter