Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň geljegi wideokonferensiýalar görnüşinde ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň geljegi wideokonferensiýalar görnüşinde ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 06.04.2020 // 317 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň iri halk hojalyk pudaklarynyň wekilleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde maslahat geçirildi. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasy hem-de onuň iri sebitleri, esasy senagat, ylym-bilim we medeni merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak milli

Liderimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Muňa Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklar mysal bolup biler, hyzmatdaşlygyň baý tejribesi hem-de köpugurly mümkinçilikler bu gatnaşyklaryň binýadyny emele getirýär.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Ak Bars» gämigurluşyk korporasiýasynyň «A.M.Gorkiý adyndaky Zelenodolsk zawod» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasynda uzak möhletleýin esasda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rustam Minnihanowyň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri amala aşyrmagyň wajypdygy bellenildi.

«Ak Bars» gämigurluşyk korporasiýasynyň «A.M.Gorkiý adyndaky Zelenodolsk zawod» paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri netijeli gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanmalaryny beýan edip, gury ýük gämisini gurmak boýunça teklibi aýtdylar, şeýle gämi Hazarda deňiz gatnawlary üçin tehniki we ykdysady babatda has bähbitli hasap edilýär.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen-tatar gatnaşyklaryny dostluk we özara düşünişmek ruhunda ösdürmäge ýardam edýän hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmegiň möhümdigini nygtap, bu maksat üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri herekete getirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Wideokonferensiýa şeýle hem «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hem-de «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar we bar bolan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar.

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, raýat awiasiýasynyň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu pudaga içerki we halkara ugurlary boýunça ýolagçy hem-de ýük gatnawlarynda aýratyn orun degişlidir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi «Kazanskiý wertolýotnyý zawodda» (RF, Tatarystan Respublikasy) öndürilen, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan «ANSAT» WE «Mi-17-1W» dikuçarlary satyn alar.

Köpugurly dikuçarlar uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň, şeýle hem şäherleriň töwereklerindäki ilata tiz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenendir. Degişli şertnamada olara ätiýaçlyk şaýlaryny getirmek, şeýle hem hünärmenleri okatmak göz öňünde tutulandyr. Wideokonferensiýanyň barşynda ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de Tatarystanyň «KER-Holding» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýene bir wideokonferensiýa geçirdiler. Onda Türkmenabadyň himiýa zawodynda toplumlaýyn dökün önümçiligi boýunça enjamy gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak hem-de degişli şertnamany taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere esasy üns berildi.

Türkmenistanda halk hojalyk toplumyny giň gerimde senagatlaşdyrmaga alnan ugruň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, himiýa senagaty kuwwatly ösüşe eýe boldy. Bu pudagyň ägirt uly mümkinçilikleri ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerine, ýokary tehnologiýaly düzümleri döretmegiň mümkinçiliklerine daýanýar.

2019-njy ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «KER-Holding» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi, bu resminamada taraplaryň Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmegiň geljegi uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary beýan edilýär.

Bu kompaniýa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kuwwaty ýylda 170 müň tonna dökün öndürmäge deň bolan ýokarda agzalan enjamyň taslamasyny düzmek we ony doly gurmak boýunça yglan eden halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Bu taslamany durmuşa geçirmek baradaky degişli Çarçuwaly ylalaşyk geçen ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda baglaşyldy.

Şu gezekki wideokonferensiýanyň barşynda täze önümçilik toplumynyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynyň uly geljegi bar.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hem-de «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahatyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunda, Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda birnäçe ugurlar, şol sanda ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigi barada aýdyldy.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we beýleki kärhanalaryna dünýä belli kompaniýanyň ýokary öndürijilikli awtoulag serişdelerini we ýörite tehnikasyny ibermek boýunça zerur işler geçirilýär.

Kompaniýanyň wekilleri Türkmenistanyň bazarynyň «KAMAZ» üçin örän möhüm bolup durýandygyny belläp, geljekde hem öz hyzmatdaşlyk borçnamalarynyň, şol sanda hyzmat merkezlerini gurmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, häzirki zaman tehnikalaryna hyzmat etmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilmegine has jogapkärli çemeleşjekdiklerini aýtdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň ahyrynda degişli düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda tagalla edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri aýdyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter