Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna | TDH
Syýasat habarlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

опубликованно 07.04.2020 // 573 - просмотров
 

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Biz ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçýäris. Sizi sagdynlygy we ruhubelentligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň ruhubelentligiň, ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurduna öwrülen Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiziň her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de tutuş halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmagy, sporty ösdürmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi baş maksadymyz hökmünde öňe sürýäris.

Döwletimiziň durnukly, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyryp, bu ugurdaky toplumlaýyn özgertmelerimizi barha rowaçlandyrýarys.

Biz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamynyň düzümlerini düýpli özgertdik. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary, derman senagaty kärhanalaryny gurmak babatda uly ösüşleri gazandyk.

Lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, ulgama innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini, elýeterligini we hilini ýokarlandyrmak, aýratyn hem sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek boýunça hem ýokary netijeleri gazandyk.

Saglygy goraýyş babatda ählumumy ösüşleriň, abadançylygyň we bagtyýarlygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde oňyn tejribeleri topladyk. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikde möhüm taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik. Ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de durmuş ugurly saglyk syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamynyň senenamasyna ajaýyp wakalaryň ençemesi ýazylyp, ýurdumyz halkara güwänamalarynyň onlarçasyna mynasyp boldy.

Biz häzirki döwürde keselleri anyklamak we bejermek üçin öňdebaryjy dünýä tejribelerini, sanly tehnologiýalary giňden ulanmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden bellenýän ýylynda medeni-durmuş maksatly binalar bilen birlikde, Aşgabat şäherinde Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi hem-de Halkara estetiki bejeriş merkezi, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda şypahana we Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasy ulanmaga berler. Bu işleriň ählisi halkymyzyň saglygyny goramak we ýurdumyzyň geljegini has-da rowaçlandyrmak ugrunda uly işleriň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Eziz halkym!

Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdür. Şu maksatlardan ugur alyp, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etdik we bu ugurda toplumlaýyn özgertmelere badalga berdik.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi amala aşyrmagyň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sporty has-da ösdürmekde uly ösüşleri gazandyk.

Bu ugurda beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini döwrebap dowam etdirýäris. Biz geljekde hem raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek bilen bagly işleri giň gerim bilen alyp bararys.

Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherjigi gurlup, döwrebap sport düzümlerini döretdik.

Ýurdumyzda milli sporty ösdürmek, sport ulgamynda halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, özara tejribe alyşmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan biziň ýurdumyz halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi. Elbetde, munuň özi Ýer ýüzünde parahatçylygyň we dost-doganlygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän Garaşsyz döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň oňyn netijesidir.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, bu ajaýyp halkara baýramy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy şan-şöhrata beslesin, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!

Size berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri, şeýle hem ähli ildeşlerimize sport bilen meşgullanmagy we sagdyn durmuş ýörelgesi bilen berk bedenli bolmagy arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter