Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli öz raýatlaryny daşary ýurtlardan getirmegini dowam edýär | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli öz raýatlaryny daşary ýurtlardan getirmegini dowam edýär

опубликованно 25.03.2020 // 3239 - просмотров
 

Türkmenistan daşary ýurtlarda, ozaly bilen, täze koronawirus epidemiýasy ýaýran ýurtlardan öz raýatlaryny, şol sanda dünýäniň esasy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary hem uçarlar arkaly getirmegi guramak boýunça işleri dowam edýär.

«Türkmenhowaýollary» Agentligi Hytaýa birnäçe çarter uçar gatnawlaryny gurady, netijede türkmenistanlylaryň müňlerçesi döwlet hasabyna ýurdumyza getirildi. Türkmenistan HHR-da koronawirus ýokanç keseli ýaňy ýaýrap başlandan şeýle hereket eden ýurtlaryň ilkinjileriniň biri boldy.

Şunda howa gämileriniň ählisinde wirusolog we beýleki lukmançylyk hünärmenleri bolup, olar uçaryň üstünde öýüne gaýdyp barlýanlaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etdiler.

Türkmen ýaşlarynyň aglaba bölegi 2019-njy ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň dürli şäherlerinde bardy. Bu ýurtda howply ýokanç keseller ýaýraýandygy barada habar ýüze çykandan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygynyň we ömrüniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin olary Watanymyza getirmek barada tabşyryk berdi.

Şondan soň türkmen raýatlaryny şeýle hem Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan getirmek boýunça ýörite uçar ugurlary guraldy. Häzirki wagtda DIM, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary, Döwlet migrasiýa gullugy bilen işler utgaşdyrylyp, uçarlaryň dürli ugurlary işlenilip taýýarlanylýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanda ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmegine ýol bermezlik üçin teplowizorlar, infragyzyl we elektron termometrler bilen üpjün edilen serhet we gümrük gulluklarynyň ählisinde arassaçylyk-keseliň öňüni alyş hem-de lukmançylyk gözegçiligi güýçlendirildi, toplumlaýyn keseliň öňüni alyş, düşündiriş işleri geçirilýär.

Türkmenistana gaýdyp gelen talyplaryň internet-platforma geçip, umumy sapaklary we amaly-ylmy sapaklary wideoşekilde alyp barýan öz okaýan ýokary okuw mekdeplerinde uzak aralykdan okamaga mümkinçiligi bar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter