Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 12.08.2015 // 896 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, jenap Mustafa Kapujuny Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Onuň şahsy häsiýeti, iş tejribesi we ukyby bu ýokary wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyny gazanar ýaly ýerine ýetirmek üçin uly tagalla etjekdigi barada mende doly ynam döredýär.

Şol ynam bilen ony mähirli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan Size aýtjak ähli zatlaryna ynanmagyňyzy, esasan-da Siziň Alyhezretiňize bagt we Türkmenistanyň halkynyň abadançylygy baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan edýän sözlerine doly ynanmagyňyzy Siziň Alyhezretiňizden haýyş edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter