Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 20.03.2020 // 622 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda geçirilýän işler hem-de maliýe-bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ätiýaçlandyryş işini mundan buýana-da ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Wise-premýer şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Açyk gapylar» hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iri daşary ýurt firmalarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljegi uly türkmen bazarynda daşary ýurtly işewür toparlar bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmegiň maksadalaýykdygyny belledi.

Milli Liderimiz eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalaryň we edaralaryň maliýe düzgün-nyzamyny berjaý edişine, döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin halk hojalyk toplumynyň pudaklaryň maliýe serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» amala aşyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimize «Lebapgazçykaryş» müdirligine degişli Kükürtli, Kerpiçli we Demirgazyk Balguýy gaz känlerinde gaz kondensatyna baý guýularda önümi doly çykaryp almak üçin göçme gysyjy beketleri gurnamak maksady bilen geçirilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny ösdürmek, energetika pudagynyň kärhanalaryny tehniki hem-de tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrmak, nebit we gaz önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýan döwrebap önümçilikleri döretmek babatda görülýän çäreleriň ähmiýetini belledi.

Bularyň hemmesi ykdysadyýetiň durnukly ösmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda wezipeleri çözmek üçin tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz gaz pudagynda amala aşyrylmagy bellenilen taslamalaryň ykdysady we tehniki taraplaryny düýpli seljermegi tabşyryp, ýurdumyzyň känlerinde täze tehnologiýalary we döwrebap tehnikalary ornaşdyrmak, şeýle hem daşary ýurt maýalaryny çekmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenhowaýollary» agentliginiň dikuçarlary satyn almagy hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer ilata öz wagtynda lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda öndürilýän «ANSAT» we «Mi-17-1W» kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen dikuçarlary hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp edilýän serişdeleri we zerur enjamlary satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň bu ulgamy ösdürmek babatdaky strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Milli Liderimiz täze lukmançylyk dikuçarlarynyň satyn alynmagy barada aýdyp, köpugurly ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmegiň ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr geçiriş, serişde kuwwatyny durmuşa geçirmegiň möhüm şertidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli, netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen-tatar gatnaşyklarynyň özeninde bu ugurda toplanan uly tejribäniň netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň nusgasydygyny aýtdy. Şu babatda Tatarystan kuwwatly serişde-senagat mümkinçiligi babatda bolşy ýaly, iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklar babatda hem möhüm orun eýeleýär.

Kazanyň dikuçar zawody bilen awiagurluşyk ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk esasynda, onuň howa tehnikalary ýurdumyzyň halk hojalygynda giňden ulanylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz «ANSAT» we «Mi-17-1W» dikuçarlarynyň tehniki häsiýetnamalaryna ünsi çekip, bu kysymly dikuçarlaryň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendigini hem-de Türkmenistanyň howa şertlerine gabat gelýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky gatnaşyklaryň geljekde-de pugtalandyrylmagynyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde ulanylmaga niýetlenen köpugurly dikuçary hem-de şäher töwereklerinde gyssagly tiz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen dikuçary satyn almak hakyndaky degişli Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz resminamany sanly elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberip, «Tiz kömek» dikuçarlaryny netijeli ulanmak boýunça hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy. Ol welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyza täze oba hojalyk tehnikalarynyň gelip gowşandygy barada habar berildi.

Şu günler ak ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýlara ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara we ekiniň zyýankeşlerine garşy göreşmek boýunça öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda gowaça ekiljek meýdanlarda geriş çekmek, ýuwuş we tagt suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyz boýunça möwsümde ekiji gurallar, traktorlar, hatararalaryny ýumşadyjy gurallar işlediler. Şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kompaniýasyndan ýakynda gelip gowşan, telematik sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrylýan ýörite tehnikalary peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gowaça ekişine girişmegiň hem-de tejribe maslahatlaryny geçirmegiň möhletini kesgitläp bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, ekinleriň we topragyň hasyllylygyny artdyrmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ýer hem-de suw serişdelerinden rejeli we oýlanyşykly peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz oba hojalygyny dolandyrmagyň sanly elektron ulgamyny ornaşdyrmak hem-de pudagy tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, mehanizatorlaryň ýokary tehnologiýalary, oba hojalyk enjamlarynyň we tehnikalaryň täze nusgalaryny netijeli özleşdirmeginiň meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Enjamlar we tehnikalar ýerli toprak-howa şertlerinde hemmetaraplaýyn synagdan geçirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça ekişi başlanýança bu möhüm ýazky möwsümi geçirmegiň strategiýasyny düýpli oýlanyşmagy, oňa gatnaşjak ähli düzümleriň takyk we sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzda 2020-nji ýylyň gowaça hasylynyň düýbüni tutmak we agrotehniki möhletde ýokary hilli ekiş geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegi hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 25-nji martynda, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Soňra wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow çagyryldy.

Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Habar berlişi ýaly, sil-suw akymlarynyň paýtagtymyzyň çäklerinden geçmek we ýetirip biljek zyýanynyň öňüni almak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirilip, onuň jemleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýetiniň beren teklibi has amatly teklip hökmünde saýlanyp alyndy.

Bu desgalar toplumynyň gurluşyk taslamalaryna Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenilýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan seljerme işleri geçirildi we oňyn netijenama alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda geçirilýän işleriň möhümdigini belledi hem-de ýurdumyzyň baş şäheri hökmünde derejesini nazara almak bilen, Aşgabady abadanlaşdyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy ýurdumyzda metallurgiýa zawodyny gurmak üçin ýerli çig mal gorlaryny anyklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde demir magdanlaryna geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, korporasiýanyň hünärmenleri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa demir magdanlarynyň ýataklaryndan demir magdanlarynyň maddy we himiki düzümini, mineralogiýasyny, giňişlik hem-de çuňluk çäklerini barladylar. Barlagyň netijesinde, gorlaryň ýerleşýän çuňlugynyň 120 — 160 metre barabardygy we himiki düzüminde demir okisiniň ortaça 20 göterime deňdigi anyklanyldy.

Milli Liderimiz senagat pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geljegi uly känlerini ýüze çykarmak maksady bilen, geologiýa-gözleg işlerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri hasabaty dowam edip, Gyzylgaýa demir magdanlarynyň ýataklarynda tehnologiýa synaglaryny geçirmek üçin Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň I.P.Bardin adyndaky Merkezi gara metallurgiýa ylmy-barlag instituty bilen metallurgiýa önümçiliginde onuň amatlylygyny kesgitlemek maksady bilen, degişli işleri alyp barmak üçin teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de hödürlenen teklipleri makullap, köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi bilen berkidilen türkmen-russiýa gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Milli Liderimiz ähli ulgamlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, munuň geljekde hem Türkmenistanyň we Russiýanyň milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen özara bähbitli esasda guraljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz «Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak hakynda» Karara gol çekip, resminamany elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de ony ýerine ýetirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem söwda toplumynyň harytlyk önümlerini ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibiniň taslamasy hem-de keramiki gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhananyň çig mal üpjünçiligi üçin toýun ýataklaryny peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Hususan-da, birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi babatda, bazar ykdysadyýetiniň gurallaryny ulanmak arkaly dünýä bazaryndaky üýtgemelere görä, çeýe nyrh emele getirmegiň düzgünlerini girizmek teklip edildi.

Soňra wise-premýer Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda keramiki gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhananyň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny hem-de onuň ikinji tapgyrynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Şunuň bilen birlikde, bu kärhanany çig mal bilen üpjün etmek üçin Döwletli etrabynyň çägindäki «Gubadag» ýatagyndan hem-de Saýat etrabynyň çägindäki «Sakar-35» ýatagyndan toýun almagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler bilen baglylykda, söwda toplumynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň önümlerini ýerlemek boýunça birža söwdalaryny guramaga uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, bu ulgamdaky halkara ülňülere laýyklykda, degişli Tertibi kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtap, bu ugurda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Döwletimiz geljekde-de milli işewürligiň kuwwatyny berkitmäge we giňeltmäge has-da uly üns berer. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak baradaky maksatnamany amala aşyrmaga möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bellenilen ähli işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa ýurdumyzda çap edilýän gazetleri we žurnallary ilata ýetirmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda hem-de döwlet Baştutanymyzyň gazet-žurnallary elektron görnüşine geçirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işleri geçirmegiň degişli Tertibi işlenip taýýarlanyldy. Wise-premýer işlenip taýýarlanylan resminamada öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleriň hem-de gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşine geçirilmeginiň tygşytlylygy baradaky maglumatlaryň beýan edilendigini aýtdy we ony hormatly Prezidentimiziň garamagyna berdi.

Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda türkmen halkynyň milli däpleriniň baýlygyny beýan edýän dürli medeni çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we döwürleýin neşirleri elektron görnüşine geçirmegiň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanly ulgama geçirmegiň, olary häzirki döwrüň talaplarynyň derejesine çalt çykarmagyň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamyň edaralarynyň işini häzirki döwrüň ülňüleriniň derejesine çalt çykarmak hem-de işgärleriň okamagy we hünär derejesini ýokarlandyrmagy babatda mümkinçilikleri döretmek üçin öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de özleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamany, umuman, makullap, ony ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralara taýýarlyk görmek meselesine degip geçip, şu ýyl bellenilýän hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy babatda olaryň ähmiýetini nygtady.

Täzelenişi we abadançylygy, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz dünýäde halklaryň arasynda raýdaşlygyň hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, medeni hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär.

Wise-premýere göz öňünde tutulan baýramçylyk dabaralarynyň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hünär bilimi edaralarynyň mugallymlaryny hünär synagyndan geçirmek barada alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Gürrüň, hususan-da, başlangyç hünär, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlaryň eýeleýän wezipesine laýyklygyny kesgitlemek hem-de ýaşlara terbiýe bermek, bu işde maglumat tehnologiýalaryny öwretmegiň we peýdalanmagyň döwrebap usullarynyň ulanyşy hakynda barýar.

Mugallymlaryň hünär synagyny şu ýylyň aprel-maý aýlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, hünär bilimi edaralarynda Bilim ministrliginden, degişli ugurlardan işine ökde hünärmenlerden, ýokary derejeli bilim işgärlerinden hem-de bilim edarasynyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň wekilinden ybarat iş toparyny döretmek meýilleşdirilýär.

Bellenilişi ýaly, mugallymlaryň hünär synagyny hödürlenen soragnama-ýumuşlar arkaly kompýuterlerde geçirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda, talyplary okatmakda we terbiýelemekde alyp barýan okuw-usuly we ylmy işleriniň netijelerine, sanly sowatlylygyna, innowasion tehnologiýalary ulanmak başarnygyna baha berler. Şeýle hem mugallymlaryň hünär ugurlaryny, mugallymçylyk psihologiýasynyň esaslaryny ulanyp bilişleri, syýasy-jemgyýetçilik taýýarlygy kesgitlener.

Onuň netijeleri esasynda mugallymlaryň eýeleýän wezipesine laýyklygyny kesgitlemek hem-de degişli wezipelere geçirmek we zerurlyga görä, hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mugallymlaryň hünär synagynyň yzygiderli geçirilmeginiň bu ulgamyň işgärleriniň eýeleýän wezipesine laýyklygyny, hünär derejesini kesgitlemäge hem-de ýerine ýetirýän işine baha bermäge mümkinçilik berýän netijeli gurala öwrülmelidigini belledi.

Umuman, şeýle çäreler mugallymlaryň ussatlygyny, jogapkärçiligini, zähmetiniň hilini ýokarlandyrmaga, döredijilik işjeňligini artdyrmaga, okuw mekdeplerinde işgärleriň seçilip alynmagyny gowulandyrmaga ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bilim işgärleriniň hünär derejesine bildirilýän döwrebap talaplardan ugur alyp, hünär synagyny örän jogapkärli geçirmek babatda tabşyryk berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän işler, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz BMG-niň ynsanperwer ulgamda ýöriteleşdirilen bu edarasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şeýle gatnaşyklaryň netijesinde Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmen milli halyçylyk sungaty, «Görogly» şadessany hem-de Küştdepdi aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, hususan-da, bilim, ylym, ekologiýa we sport ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berendigi bellenildi.

Häzirki wagtda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine seredilip, onuň täze ugurlary — sanly we maglumat tehnologiýalary, statistika we hasabatlylyk, suw serişdelerini durnukly dolandyrmak we olary rejeli ulanmak ugurlary kesgitlenildi.

ÝUNESKO bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli topary yzygiderli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri bu toparyň düzgünnamasyny we gurluşyny kämilleşdirmek hem-de onuň täze düzümini düzmek baradaky teklibi beýan etdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny we hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk bolsa ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly, strategik häsiýetli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyz bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen iri edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini belledi. Şol edaralaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy hem bar. Halkymyzyň maddy we maddy däl medeni mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol miras bolsa dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Munuň özi ynsanperwer ulgamda netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň üstünlikli gatnaşyklaryň baý tejribesine hem-de uly kuwwatyna daýanyp, ÝUNESKO bilen däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda işleri güýçlendirmegiň hem-de şu maksatlar bilen, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň işini kämilleşdirmek we işjeňleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Habar berlişi ýaly, 14-nji martda geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynyň barşynda deputatlar «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de biragyzdan kabul etdiler.

Maslahatda hereket edýän kanunçylygy ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kadalaryna hem-de döwrüň talaplaryna kybap getirmek maksady bilen, kazyýet, adalat edaralarynyň işi, hukuk tertibini berkitmek, gümrük, standartlaşdyrmak meseleleri, kärhanalaryň işi, uglewodorod serişdeleri, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi bilen baglanyşykly we başga-da birnäçe ugurlara degişli hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly hukuknamalar kabul edildi.

Şu günler Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny has-da ýokarlandyrmaga, raýatlarymyzyň saglygynyň goralmagyna, köp çagaly maşgalalaryň döwlet tarapyndan mundan beýläk-de goldanylmagyna gönükdirilen täze kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýär.

Bellenilişi ýaly, konstitusion özgertmeleriň, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglylykda, kabul edilen kanunlaryň düýp maksatlaryny, wezipelerini her bir adama ýetirmek maksady bilen, deputatlar ýerlerde duşuşyklary geçirýärler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenýärler.

Milli Liderimiz döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda ata Watanymyz Türkmenistanyň alyp barýan ugry bilen baglylykda, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýdyp, bu işiň ýurdumyzyň häzirki döwürdäki ösüşiniň strategiýasynyň esasy meselelerini hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen amala aşyrylmalydygyny nygtady.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmek maksady bilen, Mejlisiň, onuň düzümleriniň saýlawçylar bilen, jemgyýetçilik guramalary hem-de döwlet edaralary bilen yzygiderli gatnaşyklary saklamagynyň wajypdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň öňünde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralary guramak meselesine aýratyn üns berip, degişli ýolbaşçylara öňümizdäki dabaralaryň, şol sanda halkara derejedäki maslahatlaryň we medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň çärýek asyrlyk senesine gabatlanylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň möhletini we hilini üpjün etmek meselesiniň üns merkezinde saklanylmalydygyny aýtdy.

Söwda we hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de bu ugurda degişli çäreleri, şol sanda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň wajypdygyny aýdyp, ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek, halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek üçin netijeli işleri geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Sanly ykdysadyýete çalt geçmek, ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnamalarda we konsepsiýalarda göz öňünde tutulan çäreleri bellenen möhletde amala aşyrmak barada tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz öňümizdäki giň gerimli bag ekmek dabarasy barada durup geçip, bu işe hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň hem-de ony paýtagtymyzda we sebitlerde ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda 21-22-nji martda giňden bellenilýän Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Bu baýram tebigatyň jümle-jahana täzelenişi paýlaýan bahar paslynda dünýä bileleşigi tarapyndan giňden bellenýär. Asyrlaryň dowamynda özboluşly däp-dessurlary özüne siňdiren Nowruz baýramy biziň döwrümizde täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylyp, adamzadyň medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi.

Şoňa görä-de, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe boldy.

Halkara Nowruz güni dünýäniň onlarça ýurdunda giňden bellenilip geçilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we dünýä halklary bilen birlikde türkmen halkynyň hem baharyň buşlukçysy — Nowruzyň däp-dessurlaryna durmuş tejribesini, ahlak we ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, tämiz ahlaklylyk, birek-birege hormat goýmak ýaly külli adamzat üçin beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ynsanperwer ýörelgelerini siňdirendigini nygtady.

Şonuň üçin hem bu gün ynsan kalbynyň tämizligini, egsilmez döredijilik joşgunyny aňladýan bu baýram nesillerimizde milli buýsanjy artdyrýar, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär.

Bellenilişi ýaly, bu ajaýyp halkara baýramynyň köpdürli däp-dessurlary Gündogaryň we Günbataryň medeniýetleriniň sazlaşykly ösmegine, aýratyn-da, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň medeni-taryhy ýadygärlikleriniň, türkmen halkynyň baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelmegine düýpli täsirini ýetiripdir.

Türkmen halky Milli bahar baýramyny mukaddes topragymyza yhlasy we söýgini dabaralandyrýan zähmetsöýerligiň baýramy hökmünde hem garşy alýar. Şoňa görä-de, güneşli Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlaryna, sähradyr jülgelerine, bag-bakjalaryna ýagyş damjalarynyň nur-bereket bolup sepelenýän, tutuş tebigatymyzyň janlanýan bahar çagynda milli sungat derejesine ýetirilen daýhançylyk we maldarçylyk kärini mynasyp dowam edýän watandaşlarymyz üçin örän jogapkärli, gyzgalaňly döwür başlanýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Merdana halkymyz täze durmuşy alamatlandyrýan Nowruzda bereketli saçaklarymyzyň elmydama mele-myssyk nandan, ir-iýmişlerden, gök, bakja, ekerançylyk we maldarçylyk önümlerinden, naz-nygmatlardan dolup durmagyny, sahawatly topragymyzda öndürilýän hasylyň berekediniň egsilmezligini arzuwlap, täze hasylyň düýbüni tutýar. Nowruz baýramynda taýýarlanýan datly tagamlar bolsa türkmen topragynyň sahawatlylygyny, rysgal-bereketliligini, myhmansöýerligini alamatlandyrýar.

Milli bahar baýramynda halkymyzyň bagşyçylyk, halyçylyk, atşynaslyk sungatlaryny, maldarçylyk, bagbançylyk, daýhançylyk bilen bagly däp-dessurlaryny, gadymy gymmatlyklarymyzy, milli oýunlarymyzy, halk döredijiliginiň dürdäne nusgalaryny görkezmek bilen, biz milli medeni mirasymyza goýýan sarpamyzyň belentdigini äleme äşgär edýäris.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň ýurdumyzda giňden bellenmeginiň çuňňur manysy bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belleýändigimizi aýtdy.

Bitaraplygyň esasynda hem agzybirligi, abadançylygy, asudalygy berkitmek ýaly Nowruz baýramynda ündelýän düşünjeler durýar. Şonuň üçin hem, biz türkmen Bitaraplygyna halkymyzyň köpasyrlyk taryhy ýolunyň, dostluga, agzybirlige, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan milli ýörelgeleriniň dabaralanmasy hökmünde baha berýäris.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň agzybirligiň güýji, ajaýyp däp-dessurlary hem-de ýörelgeleri, şeýle hem bu ajaýyp baýram mynasybetli geçiriljek göwün galkyndyryjy dabaralaryň mähriban halkymyzy berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň agzalaryny hem-de mähriban halkymyzy ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda tutanýerli işläp, uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter