Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

опубликованно 20.03.2020 // 156 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Tutuş türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny parahatçylygy, bolçulygy we agzybirligi alamatlandyrýan hem-de biziň umumy gadymy müňýyllyk däp-dessurlarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ähli adamzady parahatçylyga, söýgä we doganlyga çagyrýan Nowruz baýramy hemme ýerde giňden we dabaraly bellenilýär.

Nowruzyň diňe bir biziň ýurtlarymyza hem-de sebitimize däl, eýsem, tutuş dünýä parahatçylyk we rowaçlyk getirmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt hem-de üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Aý senenamasy boýunça Hytaýyň Täze ýyly mynasybetli gutlap, iberen hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de hytaý halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny türkmenler üçin däp bolan Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn.

Soňky ýyllarda hytaý-türkmen gatnaşyklary durnukly ösýär, iki ýurduň arasyndaky syýasy ynanyşma artýar, ýygjam halkara gatnaşyklar netijeli alnyp barylýar, «Bir guşak — bir ýol» taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk üstünlikli ilerleýär.

Häzirki wagtda Hytaýyň Hökümeti we halky täze görnüşli COVID-19 koronawirusy sebäpli ýüze çykan köpçülikleýin ýokanç keseline garşy göreşmekde ähli tagallalary edýär. Men Siziň hytaý tarapyna bildirýän duýgudaşlygyňyza hem-de goldawyňyza hoşallyk bildirýärin.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de biziň strategik hyzmatdaşlygymyzyň iki ýurduň we halkyň bähbitlerine täze derejä çykmagy üçin Siz bilen ýakyndan gatnaşyklara ýardam bermäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk hem-de işiňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Ýüreklere ylham berýän hem-de Täze ýylyň başlanmagyny we tebigatyň gülläp açylmagyny alamatlandyrýan gadymy Nowruz baýramynyň ýetip gelmegi bilen Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Nowruz — bu gadymdan gelýän we däp bolan durmuş ähmiýetli baýramdyr, söýginiň jarçysydyr hem-de päk niýetliligiň ýüze çykmasydyr, munuň özi Beýik Biribardan iberilen tebigatyň täzelenişidir, egsilmez berekediň wagtydyr.

Şu ýyl Nowruz, gynansak-da, köp döwletlere, şol sanda Eýrana hem aralaşan koronawirusyň ýokanjy bilen gabat geldi. Bu pandemiýa garşy durmakda özara kömek etmek, ilatyň abadançylygyny üpjün etmäge ýurtlarymyzyň dogry hem-de adaty ymtylmasydyr.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize abadançylyk we üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly hem-de doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk dileýärin.

Hasan Ruhani,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Palestinanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlamak mende örän uly kanagatlanma döredýär.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de üstünlikleri we rowaçlyklary dileg edýärin.

Size saglyk, bagt we üstünlikler baradaky iň oňat arzuwlarymy kabul ediň!

Siziň Alyhezretiňize hormat goýýandygymy beýan etmek we ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklara buýsanç bilen,

Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna bahar baýramy bolan Nowruz baýramy bilen baglanyşykly tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermek mende örän kanagatlanma döredýär.

Täzelenişi hem-de tebigatyň sazlaşygyny alamatlandyrýan gadymy we baky juwan baýram biziň halklarymyzyň taryhynyň umumydygyna şaýatlyk edýär hem-de mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda özbek-türkmen gatnaşyklarynyň barha işjeňleşýändigini, munuň bolsa hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly anyk netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýändigine biziň çuňňur kanagatlanýandygymyzy nygtamak isleýärin.

Biz bilelikdäki tagallalarymyz arkaly strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylan gatnaşyklarymyzyň ählumumy durnuklylygy we sebitde abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine yzygiderli ösdürilmegine gyzyklanma bildirýäris.

Nuranalykdan we ýagşylykdan doly bolan şu günlerde Size hem-de Siziň maşgala agzalaryňyza berk jan saglyk we bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işleriňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de täze belentliklere ýetmegi arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny bahar baýramy Nowruz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, gije-gündiziň ýazky deňleşmesini hem-de tebigatyň janlanmagyny aňladýan Nowruz baýramy biziň halklarymyza abadançylyk we bereket getirsin!

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dostlugyň we ynanyşmagyň esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sooronbaý Žeenbekow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna Halkara Nowruz güni mynasybetli iň oňat arzuwlarymy we tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy uly kanagatlanma bilen beýan edýärin.

Nowruz baýramy gadymy umumy medeni miras hökmünde dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak, raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkidip, doganlyk halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna hyzmat edýär.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we köptaraply hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli çuňlaşdyrylmagy üçin biziň mundan beýläk-de bilelikdäki tagallalarymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynanýaryn.

Şu nurana baýramçylyk günlerinde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan döwlet işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Aý senenamasy boýunça Siziň Hytaýyň Täze ýyly bilen baglanyşykly iberen gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallygymy kabul ediň! Sizi we türkmen halkyny türkmenler üçin däp bolan Nowruz baýramy bilen gutlamak hormatyna eýedirin.

Hytaý we Türkmenistan dostlukly ýakyn goňşulardyr hem-de strategik hyzmatdaşlardyr. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda ösüşiň durnukly ýagdaýyny saklaýar.

Häzirki wagtda Hytaýyň Hökümeti COVID-19 koronawirusy sebäpli ýüze çykan köpçülikleýin ýokanç keseliniň öňüni almak boýunça utgaşykly işleri alyp barýar. Ýokanç keselden üstün çykmak üçin biziň uly ynamymyz we ähli mümkinçiligimiz bar. Hytaý tarapy duýgudaşlygy üçin Türkmenistana hoşaldyr.

Hytaýyň hem-de Türkmenistanyň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbitlerine özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin bilelikdäki tagallalaryny etjekdigine umyt edýärin.

Size berk jan saglyk hem-de işiňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Li Kesýan,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter