Türkmenistanyň Prezidenti Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary iberdi

опубликованно 20.03.2020 // 505 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz güni mynasybetli döwlet Baştutanlaryna hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberip, doganlyk ýurtlara we halklara durnuklylyk hem-de gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz öz hatlarynda parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, ylalaşygy, tebigat bilen sazlaşykly durmuşy alamatlandyrýan Nowruz baýramynyň täze günüň, täze başlangyjyň buşlukçysydygyny belledi. Ähli adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen bu nurana baýramçylyk belent ynsanperwer maksatlary özünde jemläp, halklaryň arasynda jebisligi hem-de dostlugy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp baýramçylygyň doganlyk halklar üçin bagtyýarlygyň, şatlygyň we täze üstünlikleriň baýramçylygyna öwrülmegini hemmelere arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter