Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 20.03.2020 // 527 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goraglylygyny has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we desgalar toplumyny 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» jemagat paýdarlar jemgyýeti bilen:

«Mi-17-1W» kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçaryny, onuň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş serişdelerini we zerur enjamlaryny satyn almak;

«ANSAT» kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçaryny, onuň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş serişdelerini we zerur enjamlaryny satyn almak, şeýle hem hünärmenleri okatmak barada we dikuçary Türkmenistana getirmek şertinde şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter