Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 19.03.2020 // 510 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Eýran Yslam Respublikasynda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, bu ýurduň ilatyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberiljek saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň hem-de azyk önümleriniň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Degişli ministrliklere hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberiljek saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini taýýarlamakda, ibermekde hem-de guramaçylykly gowşurmakda Daşary işler ministrligine ýardam bermek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter