Parasatly halk däpleri: pederlerimiziň tejribesiniň häzirki döwürde ulanylyşy | TDH
Jemgyýet

Parasatly halk däpleri: pederlerimiziň tejribesiniň häzirki döwürde ulanylyşy

опубликованно 15.03.2020 // 169 - просмотров
 

Türkmenlerde geleniň gözi düşer ýaly ýerde – howluly jaýlaryň derwezesiniň üstünde we daragtlardan alaja bilen daňylan dermanlyk ot – ýüzärlik asyp goýmak däbi bar. Halk arasynda bu ot öýe şowlulyk getirýär diýen ynanç bar. Mundan başga-da, Türkmenistanda, asla tutuş Merkezi Aziýada ol meşhur dermanlyk serişdesi hem hasaplanylýar.

Ýüzärlik dürli halk dessurlarynda ulanylypdyr. Onuň tüssesi her hili howp-hatarlardan we kesellerden goraýar hem-de olary dep edýär diýip hasaplanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme dilde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň birinji jildinde ylym dünýäsinde Peganum harmala ady bilen tanalýan bu ösümligiň biologik aýratynlykalry we ösüş şertleri, dermanlyk taýýarlanylyşy hem-de ulanylyş aýratynlyklary, himiki düzümi jikme-jik giňden beýan edilýär.

Häzirki zaman ylmy ýüzärligiň şahalaryny we ýapraklaryny ýakyp, öýi tüsseletmegiň adam saglygy üçin howply bakteriýalaryň ösmegine ýol bermeýändigini subut etdi. Onda esasan-da fiziologik taýdan işjeň, janly organizme güýçli täsir edýän ösümlikleriň dokumlarynda emele gelýän çylşyrymly birleşmeleriň – alkoloidleriň ençemesi bardyr.

Ýüzärligiň Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň merkezi arenasyndaky at şekili bilen bile şekillendirilendigini hem bellemek gerek. Munuň özi hem türkmen halkynyň öz milli däplerine aýawly garap, taryhy tejribesinden iň parasatly we peýdaly zatlary şu gün hem ulanýandygynyň ýene bir subutnamasydyr.

Bu barada türkmen telewideniýesiniň «Multimediýa/Wideo» bölüminde ýerleşdirilen wodeoşekillerinde görüp bilersiňiz.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter