Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli TSTB sergisine hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli TSTB sergisine hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara

опубликованно 17.03.2020 // 470 - просмотров
 

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda bu serginiň we maslahatyň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Çünki parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň mekanyna öwrülen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşlerinde, düýpli özgertmelere esaslanýan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hususy pudagyň paýy örän uludyr.

Ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi döwletimiziň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ähli pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegine aýratyn ornuň degişlidigini we bu ugurdaky işleriň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dostlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetiň hususy böleginiň ornuny ýokarlandyrmakda, telekeçilige ýakyndan ýardam bermekde uly üstünlikler gazanylýar.

Döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli oba hojalygynyň iri kärhanalary, tutuş senagat zolaklary, döwrebap ýyladyşhana toplumlary, önümçiligiň we gaýtadan işlemegiň bitewi ulgamyny öz içine alýan guş toplumlary, maldarçylyk we balykçylyk hojalyklary, gök-bakja ekerançylygy, miweli bagçylyklar döredildi. Şu we beýleki ugurlarda yhlasly zähmet çekýän hususy telekeçilerimiz uly üstünlikleri gazanyp, milli ykdysadyýetde öz tutýan orunlaryny barha artdyrýarlar.

Biz Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri doly peýdalanmak wezipesini öňde goýýarys. Alyp barýan ähli işlerimiz esasy maksada — mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bu wezipe, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça milli strategiýanyň hem esasy maksady bolup durýar. Biz şu belent maksada tarap ynam bilen öňe barýarys. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga, bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns berip, ýurdumyzyň telekeçilerine goldaw bermegi dowam etdireris.

Hormatly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary!

Senagatçylaryň we telekeçileriň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň türkmen telekeçiligini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmekde, toplanan tejribeleri durmuşa ornaşdyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.

Siziň ähliňizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter