Türkmenistanda Sudan Respublikasynyň ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Sudan Respublikasynyň ilçisi işe başlady

опубликованно 17.08.2015 // 849 - просмотров
 

Aşgabat, 17-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdyýewa Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Elias Mohamed Elhajdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, iki ýurduň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip we Türkmenistanda öz ýurdunyň ilkinji diplomatik wekili bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ilçi döwlet Baştutanymyza, tutuş türkmen halkyna Sudan Respublikasynyň ýolbaşçy düzüminiň iberen mähirli sözlerini ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň häzirki döwürdäki döwlet ösüşiniň esasy möhüm ugurlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de ýolbaşçylygy bilen ýaýbaňlandyrylan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de berkemegini we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny baş maksat edinýän iri möçberli durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy. Döwletiň okgunly ösüşini şertlendirýän we onuň halkara gatnaşyklaryň ulgamyna üstünlikli goşulmagyny üpjün edýän ylym we bilim ulgamlaryndaky özgertmelere aýratyn üns berildi.

Sudan Respublikasynyň Doly ygtyýarly ilçisine milli parlamentimiziň düzümi we onuň işiniň ugurlary barada maglumat berildi.

Biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmelere gyzyklanma bildirip, diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde türkmen döwletiniň ýokary halkara abraýyna eýedigini belledi.

Döwletara gatnaşyklarynyň geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlardaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak babatda teklipler aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda jenap jenap Mohammed Elias Mohamed Elhaj Türkmenistan bilen Sudan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine laýyklykda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

***

Şeýle hem şu gün Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde Türkmenistan bilen Sudan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky Teswirnama gol çekildi.

Nebitgaz pudagyndaky gatnaşyklaryň ugruny giňeltmek meseleleri jenap Mohammed Elias Mohamed Elhajyň Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde hem-de “Türkmengaz” döwlet konserninde meýilleşdirilen duşuşyklaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşylar.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi paýtagtymyzdaky iri muzeýleriň gymmatlyklary we Aşgabat şäheriniň gözel ýerleri bilen tanşar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter