Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 08.03.2020 // 236 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 196-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy («Türkmengaz» DK) satyn aldylar.

Mundan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplük we reňksiz list aýna ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: BAE we Özbegistan degişlilikde. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 118 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-den gelen işewürler bahasy 1 million 610 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropilen, nebit bitumyny, ýokary dykyzlykly polietileni, el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 59 million 339 müň manatdan gowrak boldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter