Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenabada baryp, sebitiň dolandyryş merkeziniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz hökümet agzalary bilen söhbetdeş bolup, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem önümçilik, senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz, bu işler bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny aýtdy. Munuň özi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda meýilleşdirilen çäreleriň ýerine ýetirilmeginde möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden şäheriň günorta-gündogar bölegindäki gözel künjekleriň birinde — Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda gurlan täze metjide tarap ugrady.

Mälim bolşy ýaly, ulag-kommunikasiýa ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşýän Watanymyz bu gün gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şol meşhur kerwen ýolunyň bir bölegi Lebap welaýatynyň çäginden geçipdir.

Bu ýerde, Amyderýa jülgesinde gadymy ýadygärlikleriň 20-den gowragy, şol sanda Astanababa kümmeti, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň okan ýeri bolan Idrisbaba medresesi, Amul galasy, Daýahatyn kerwensaraýy we beýleki ýadygärlikler ýerleşýär.

Bu gün milli binagärligiň iň gowy däpleri Diýarymyzyň, şol sanda onuň gündogar sebitiniň şäherleriniň we obalarynyň görküne görk goşýan täze binalarda we desgalarda öz beýanyny tapýar. Munuň özi milli Liderimiziň başyny başlan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň anyk netijesidir.

Şeýlelikde, Türkmenabadyň binagärlik toplumynyň üsti nobatdaky ajaýyp ak mermerli täze bina bilen ýetirildi. 2015-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda düýbi tutulan Lebap welaýatynyň baş metjidi sebitiň dolandyryş merkeziniň bezegine öwrüldi. Bu ýerde soňky ýyllarda halkara hil ölçeglerine kybap gelýän ajaýyp desgalaryň birnäçesi guruldy.

Bu ýerde — Türkmenabadyň binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşan desgalaryň ýerleşen döwrebap toplumynyň çäginde milli Liderimiz il sylagly ýaşulular bilen gürrüňdeş bolup, olara döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly ýaşulular mähriban halkymyzyň abadançylygy, onuň baý medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak barada edýän atalyk aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglygyny, uzak ömür hem-de ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Söhbetdeşlikden soň, döwlet Baştutanymyz täze gurlan metjide tarap ugrady, ýol ugrunda milli gurluşygyň däplerini we bu babatda täze gazanylanlary özünde jemlän binagärligiň merjeni diýlip atlandyrmaga mynasyp bolan täze ruhy ojagy synlady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, 5 gektar meýdanda gurlan desgalar öňdebaryjy tehnologiýalar, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen bina edildi.

Metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde altyn çaýylan Aýyň keşbi goýlupdyr. Şeýle hem binagärlik toplumy bezeg sungatynyň özboluşly usullary bilen timarlanan minaralaryň dördüsini öz içine alýar. Metjidiň iki gatly binasynda 3 müň adama namaz okamaga şert bar. Birinji gatyň meýdany 3 müň 444 inedördül metre, zenanlar üçin niýetlenen ikinji gatyň meýdany 1 müň 609 inedördül metre barabardyr. Baş binany gurmakda we timarlamakda döwrebap bezeg serişdeleri, yşyklandyryş ulgamlary ulanyldy.

Metjidiň toplumynda sadaka bermek üçin ýörite bina göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde gurlan myhmanhananyň otaglarynda ähli amatly şertler döredildi, beýleki degişli desgalar guruldy. Şeýle hem, 390 awtoulaga niýetlenen awtoduralga göz öňünde tutuldy. Toplumyň ähli desgalary durmuş üpjünçiliginiň zerur ulgamlary — salkynladyş, ýyladyş, suw we energiýa üpjünçilik ulgamlary bilen üpjün edildi.

Ajaýyp metjit diňe binagärlik gurluşy, içerki we daşarky bezelişi bilen däl-de, eýsem, abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga bürelen ýanaşyk ýerleri bilen hem gözüňi dokundyrýar. Agşamlaryna bolsa ol aýratyn keşbe girýär, muňa garaňky düşen wagtynda binanyň özboluşly reňk öwüşginleri ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz täze metjidiň açylmagyna ak pata berip, binanyň içine girýär hem-de özi üçin ýörite bellenilen ýere geçip oturýar. Türkmenistanyň müftüsi ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi barada doga-dileg edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür, alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýär.

Soňra hajy Arkadagymyz yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden özüne ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtügi ylahy gymmatlyk hökmünde täze gurlan metjide ýadygärlik hökmünde gowşurdy.

Metjitde şeýle hem keramatly teperrik goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu keramatly teperrik milli Liderimize Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde haj parzyny berjaý eden wagty çuňňur hormatyň nyşany hökmünde sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň din wekilleri hem-de hormatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp, kabul eden çözgüdine laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň togap edip bilmegi üçin teperrik ýurdumyzyň metjitlerinde goýulýar. Indi şol mümkinçilik Lebap welaýatynyň ilaty üçin döredildi.

Ýaşulular iki mukaddeslige tagzym edip, hajy Arkadagymyzyň ähli asylly başlangyçlarynyň rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Soňra ýurdumyzyň müftüsi we Lebap welaýatynyň baş ymamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy metjidiň gurluşy, şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän binagärlik we bezeg aýratynlyklary, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem metjidiň diwarlaryny bezeýän mukaddes ýazgylaryň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, türkmen halky asyrlaryň jümmüşine aralaşýan gadymy ýörelgelere ygrarly bolmak bilen, ruhy mukaddesliklere aýratyn sarpa goýýar.

Şunuň ýaly-da, häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde, bu gadymy ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändigi we täze many-mazmun bilen doldurylýandygy nygtaldy. Muňa Lebap welaýatynda bina edilen täze metjit hem şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň ähli ilatynyň adyndan hajy Arkadagymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

Taryhdan belli bolşy ýaly, metjitler musulman dünýäsinde ylmyň we bilimiň ilkinji merkezleri, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň aýnasy bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz şu günümizi we geljegimizi ynsanperwer kanunlar hem-de şöhratly ata-babalarymyzyň miras goýan belent ahlak gymmatlyklary esasynda gurýarys.

Türkmen döwleti raýatlarymyzyň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şol sanda dine uýmak erkinliginiň üýtgewsiz berjaý edilmegini kepillendirip, her bir musulman üçin mukaddes bolan haj parzyny berjaý edýän adamlara goldaw berýär. Häzir hem dini ojaklar — metjitler jemgyýetde raýat ylalaşygyny, milletiň köp asyrlyk däp-dessurlarynyň dowamlylygyny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Milli Liderimiz metjitden çykyp, sadaka bermek üçin niýetlenen bina tarap ugraýar. Bu ýerde hajy Arkadagymyz özüniň jöwher paýhasyndan kemal bolan ajaýyp eserlerinden düşen galam hakynyň serişdeleriniň hasabyna sadaka berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, Lebap welaýatynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän hem-de gurluşygyň gadymy däplerine we binagärligiň döwrebap meýillerine laýyklykda gurlan täze metjidiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu metjidiň umumy meýdany 5 gektara barabardyr. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär. Dört minarasynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem metjidiň gapdalynda 500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutuldy.

Türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelýän halkdyr. Yslam dini hem halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir diýip hormatly Prezidentimiz belledi.

Garaşsyz Watanymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlaryň, jemgyýetiň erkinligini, azatlygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri bolup durýar. Demokratiýanyň dabaralanýan, raýat agzybirligi pugtalanýan ýurdumyzda adamlaryň hukuklary we azatlyklary goralyp, isleg-arzuwlary hasyl bolýar. Her bir adam erkin, azat, döredijilikli zähmet çekip, durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Sahawatly Lebap topragynda täze metjidiň açylmagy-da ýurdumyzda wyždan azatlygynyň dabaralanýandygynyň, gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Adamlary halallyk, ynsanperwerlik, päk ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda, ajaýyp häsiýetleri oýarmakda yslam dininiň uly ähmiýeti bar. Şoňa görä-de, döwletimiz tarapyndan wyždan azatlygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz şular ýaly kaşaň metjitleriň Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda hem gurlup, ulanylmaga berilýändigini aýdyp, diňe soňky ýyllarda açylan metjitleri mysal getirdi. Şolaryň hatarynda 2009-njy ýylda açylan Mary welaýatynyň baş metjidi, 2015-nji ýylda açylan Daşoguz welaýatynyň baş metjidi, 2018-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda açylan metjit we obadyr şäherlerimizdäki beýleki metjitler bar.

Häzirki wagtda Balkanabat şäherinde hem Balkan welaýatynyň baş metjidiniň gurluşygy alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwletimiz haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän adamlara hem uly goldaw berýär. Her ýyl ildeşlerimiziň ýüzlerçesi döwlet tarapyndan ähli goldawlary alyp, mukaddes ýerlere zyýarata gidýärler. Oraza aýynda agyz beklenip, agzaçar sadakalary berlip, Beýik Allatagalanyň mukaddes kitaby bolan Gurhany Kerime uýlup, tarawa namazlary okalýar we ýagşy doga-dilegler edilýär.

Mukaddes Oraza we Gurban baýramlary döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol günler ildeşlerimiziň baýramçylygy arkaýyn bellemegi üçin ýörite Perman bilen iş günleri däl diýlip yglan edilýändigini aýtdy.

Dini taglymatlary, edim-gylymlary, ybadat dessurlaryny halkymyzyň doly we dogry öwrenmegi üçin Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti tarapyndan birnäçe kitaplar çap edilýär. Döwlet Baştutanymyz bularyň ählisiniň dinimize we dindarlarymyza goýulýan sylag-sarpanyň alamatydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary, tutuş türkmen halkyny özboluşly binagärligi bolan ajaýyp metjidiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, watandaşlarymyzyň islän dinine uýup, rahat, agzybir ýaşamagy üçin mundan beýläk hem ähli tagallalaryň ediljekdigini, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hemmetaraplaýyn ýokarlandyryljakdygyny belledi.

— Goý, Gudraty güýçli Allatagala siziň ähli ýagşy arzuw-niýetleriňizi hasyl edip, il-ýurt bähbitli, haýyrly işleriňizde hemişe güýç-kuwwat bersin diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi. Ol tebärek çykandan soň, nahar çekildi. Tagam dadylyp, aýat-töwir edildi.

Sadakanyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şeýle diýdi:

— Beren sadakalaryňyz, eden aýat-töwirleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

— Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!

Soňra milli Liderimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Sadaka tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar iki keramatlyga tagzym etdiler, munuň özi häzirki döwürde çuňňur sarpa goýulýan asylly däpleriň dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Şu gün täze metjitde ýurdumyzyň müftüsiniň, Aşgabat şäheriniň we bäş welaýatyň ymamlarynyň, hormatly ýaşulularyň hem-de ilatyň gatnaşmagynda juma namazy okaldy.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň baş metjidini gurmak işi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn gül» hususy kärhanasyna ynanyldy.

12 ýyl mundan öň döredilen bu hususy kärhana sebitde durmuş maksatly desgalaryň başga-da birnäçesini gurdy. Şolaryň hatarynda Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi», sport we umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary hem-de welaýatyň dolandyryş merkezinde we etraplarynda gurlan beýleki desgalar bar.

Metjidiň gurluşygyna kömekçi potratçylar hökmünde «Altyn bürgüt», «Döwletli öý», «Demir gap» hususy kärhanalary hem goşant goşdular. Täze binanyň taslamasy «Binýat taslama» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň hususy kompaniýalarynyň güýji bilen ata Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda-da ýokary amatlykly ýaşaýyş toplumlaryny, döwrebap obalary we şäherçeleri, innowasion tehnologiýalaryň esasynda hereket edýän gaýtadan işleýän kärhanalary hem-de önümçilikleri, beýleki desgalary gurmak boýunça möhüm taslamalar amala aşyrylýar.

Bularyň hemmesi milli Liderimiziň ýurdumyzda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we ösdürmek boýunça oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasatynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Aşgabada gaýdyp geldi.

Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar, milli Liderimiz olara ýüzlenip, şu gün parz işiň berjaý edilendigini, şeýle çäreleriň halkymyzyň jebisligini berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny hem-de olary geljekde hem dowam etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter