Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 20.02.2020 // 629 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlete dahylsyz ulgamy goldamak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer, hususan-da, bu ugurda görülýän çäreler barada aýdyp, abraýly ykdysady düzümler, şol sanda OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Bu gurama bilen gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, şol maksatlar üçin ABŞ-nyň 10 million dollar möçberindäki maýa goýumlary goýlar. Bu serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmegi Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üstüne ýüklemek göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hormatly Prezidentimiziň garamagyna telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky resminamanyň taslamasyny hödürläp, bu ugurda geçirilýän işleriň çykarylýan önümleriň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň işewürliginiň wekilleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Telekeçiler içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ýokary hilli önümlerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny hem giňeldýärler.

Milli Liderimiz häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamynyň netijeli hem-de okgunly ösdürilmegi üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz munuň salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegi, eksport-import amallarynyň aňsatlaşdyrylmagy, ýeňillikli şertlerde salgyt salmak we karz bermek bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda ykdysady diplomatiýany pugtalandyrmaga, esasy maliýe edaralary, ösen döwletler, öňdebaryjy tejribä hem-de innowasion tehnologiýalara eýe bolan bütin dünýä meşhur kompaniýalar bilen halkara gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, dürli pudaklarda köp sanly maýa goýum taslamalary amala aşyrylanda, bu düzümleriň kuwwatyny işjeň ulanmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we oňa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Şu günler ekerançylyk meýdanlarynda ak ekinlere ideg işleri agrotehniki kada laýyklykda alnyp barylýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär we ösüş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýaz ekişi üçin bölünip berlen ýerlerde tekizleýiş işleri alnyp barylýar.

Bu işler bilen bir hatarda, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Keş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak hem-de oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary abatlamak işleri dowam edýär.

Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Maldarlara zerur kömekler berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýurdumyzyň maldarçylyk pudagy üçin weterinar serişdeleri, waksinalary, ýuwujy hem-de anyklaýyş serişdelerini we enjamlary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we toplumda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz geljekki bol hasylyň möhüm şerti bolan ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylan derejede guralmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem maldarçylyk, gök we bakja önümleriniň, ir-iýmişleriň öndürilýän mukdary yzygiderli artdyrylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz munuň ilatyň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga kömek etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow şu ýylyň 24-25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahaty hem-de nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu çärelere türkmen wekiliýeti bilen birlikde, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe düzümleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Forumyň gün tertibine sebitde parahatçylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň orny, ýurdumyzda gazhimiýa pudagyny ösdürmegiň geljegi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz ýataklaryny özleşdirmegiň taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek, nebit hem-de gaz ýataklarynyň önüm berijiligini artdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny, uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemek we marketing bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçiriler. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary meýilleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň dünýäniň energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyna gönükdirilendigini nygtady. Dünýäniň döwletleri hem-de işewür toparlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk şol strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk bolsa hoşmeýilli erk-islegler hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýar.

Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän ýöriteleşdirilen pudaklaýyn forumlara möhüm orun degişlidir. Şeýle çäreler, ilkinji nobatda, tejribe alyşmak, geljegi uly taslamalara maýa goýumlaryny hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda uly gyzyklanma döredýär.

Döwlet Baştutanymyz TOPH taslamasynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Onda ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk syýasatyna, netijeli halkara başlangyçlaryna esaslanýan, ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny kemala getirmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz aýdyň beýanyny tapdy.

Täze transmilli gaz geçirijisiniň gurulmagy Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Onda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna, şol sanda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna iberilýän ugurlaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ähli döwletleriniň ykdysady ösüşine täze kuwwatly itergi berer, durmuş, ekologiýa we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam eder.

Umuman, bularyň hemmesi sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge we netijeli hyzmatdaşlygyň geriminiň has-da giňeldilmegine ýardam eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegi, Hazaryň türkmen kenaryndaky we kenarýaka zolagyndaky ýataklary özleşdirmegi, geljegi uly nebit hem-de gaz ýataklaryny gözlemegi, sebitlerde nebiti we gazy gaýtadan işleýän toplumlary gurmagy bu gün Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösdürilmeginiň, senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürilmeginiň hem-de sanly ulgama geçirilmeginiň daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň gazanan üstünliklerini hem-de köpugurly kuwwatyny görkezmäge, dünýäniň iri maýa we nebitgaz kompaniýalary bilen göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen, Dubaýda geçiriljek forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, «Türkmensement» döwlet kärhanasynyň Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň kuwwatlylygyny her ýylda 1 million tonna ýetirmek maksady bilen, olaryň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy meýilleşdirildi.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän kärhanany, Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna aýna önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany, Daşoguz şäherinde dürli görnüşli keramiki gap-gaçlary öndürýän zawody gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýylda 150 müň tonna kuwwaty bolan armatura öndürýän goşmaça önümçilik desgasynyň gurluşygy meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini, Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda senagat maksatly desgalaryň gurluşyk meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini, şeýle hem bu pudakda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça zerur çäreleriň amala aşyrylyşyny gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Binagärlik-gurluşyk taslamalaryny taýýarlamagyň ähli meselelerine toplumlaýyn we yzygiderli esasda çemeleşilmelidir. Desgalaryň ekologiýa taýdan meýilnamalaşdyrylyşy, inženerçilik-tehnologiýa seljermeleri, olaryň bezeg aýratynlyklary esasy orunda bolmalydyr.

Senagat toplumy halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň öňbaşçysy bolmalydyr. Çünki ol pudaklaryň geljekki ösüşi üçin binýat bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tebigy-çig mal serişdelerini gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap kärhanalary döretmegiň, häsiýeti boýunça daşary ýurtlaryňkydan pes bolmadyk gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini artdyrmagyň, täzeçil we sanly tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hereket edýän senagat önümçilikleriniň işini kämilleşdirmäge ünsi çekip, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň kuwwatyny şu maksatlara gönükdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şunda tutuş toplumyň işiniň netijeliligi ýokarlandyrylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýyl eziz Diýarymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli örän giň gurluşyk maksatnamasynyň kesgitlenendigini we birnäçe desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi. Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi berkarar Watanymyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda we sazlaşykly ösdürilmegine ýardam eder. Milli Liderimiz meýilleşdirilen ähli işler ýerine ýetirilende, häzirki zaman tehnikalarynyň we täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de wise-premýere öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli agentliklerde işleri döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen seljerme işleriniň geçirilip, teklipleriň taýýarlanylandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işiniň tamamlanandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, tejribe hem-de peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň wajypdygyny nygtap, ulag ulgamynyň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmegiň möhümdigini aýratyn belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaýyn kärhanalaryň tehnologik taýdan täzelenilmeginiň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere döwrebap tehnikalara ýokary hilli hyzmat etmek we olary netijeli ulanmak boýunça işleriň sazlaşykly bolmagyny üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň meseleleri hakyndaky Kararlaryň taslamalary barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň şu ýylyň 7-nji fewralynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň döredilmegi bilen baglylykda, onuň işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak boýunça guramaçylyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Şu maksat bilen, bu birleşigiň Düzgünnamasy hem-de merkezi edarasynyň gurluşy baradaky teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň düzüminden haly we ýüpekçilik pudaklarynyň aýrylmagy bilen baglylykda, bu ministrligiň Düzgünnamasynyň hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Taslamalara laýyklykda, häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, Dokma senagaty ministrliginiň merkezi edarasynda sanly tehnologiýalar bölümini, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň merkezi edarasynyň gurluşynda daşary ykdysady aragatnaşyklar, marketing we sanly tehnologiýalar bölümini döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatynyň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň esasy hem-de kuwwatly pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu pudagyň işini has-da kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hakynda Düzgünnamalary, şeýle hem olaryň merkezi edaralarynyň gurluşy we bu resminamalary tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de şolaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda şu gün telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky Karara gol çekilendigini aýdyp, bu resminamanyň ýurdumyzda telekeçilik işini ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şol Karara laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmäge 10 million amerikan dollary möçberinde maýa goýumlary goýulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwletimiziň telekeçiligi höweslendirýändigini hem-de goldaýandygyny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam berýändigini aýdyp, munuň häzirki döwürde amala aşyrylýan giň möçberli işlerde öz aýdyň beýanyny tapýandygyny nygtady.

Bularyň ählisi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda senagat, oba hojalygy, gurluşyk, syýahatçylyk, söwda, durmuş hyzmaty ulgamlarynda netijeli işlemegine ýardam edýär. Şeýle hem işewürler halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gazet-žurnallaryň esaslandyryjysy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten derejesini we üstünliklerini, onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, şeýle hem täze taryhy eýýamyň wajyp wakalaryny giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi.

Gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň mazmunyny hem-de ähmiýetini açyp görkezýän, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna, ýokary ahlak gymmatlyklaryna we özboluşly däp-dessurlaryna bagyşlanan makalalar çap edilmelidir. Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara alyp, bu şanly senä aýratyn üns berilmelidir. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, žurnalistleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz esaslandyryjysy Ministrler Kabineti bolan gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer degişli düzümlerde tapgyrlaýyn amala aşyrylýan özgertmeler barada aýdyp, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekde möhüm orun eýeleýän ylmy institutlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we şolary has netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilimli, beden we ruhy taýdan kämil nesilleri ösdürip ýetişdirmek üçin zerur şertleriň döredilmeginiň Diýarymyzyň durnukly ösüşine oňyn täsir edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki zaman meýillerine we halkara ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek, dünýäniň bu ugurdaky ösen tejribelerini öwrenmek we iş ýüzünde giňden durmuşa geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, 2020 — 2022-nji ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnamanyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistan goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna yzygiderli goldaw berýär. Munuň özi goňşy ýurduň çäginde durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň gurluşygynda, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň ugradylmagynda, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan ýaşlaryna bilim berilmeginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistandan ynsanperwerlik ýüki Owganystana yzygiderli ugradylýar.

Goňşy döwletiň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen, üç ýyllyk ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Ol degişli çäreleriň 12-siniň durmuşa geçirilmegini öz içine alýar. Hususan-da, birnäçe durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, saglygy goraýyş ulgamyndaky ynsanperwerlik taslamalaryň amala aşyrylmagy, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy dowam etmegi öz içine alýan degişli çäreler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletara türkmen-owgan gatnaşyklarynyň işjeň we birek-birege ynanyşmak häsiýetine eýedigini, onuň iki halkyň taryhy taýdan ruhy-medeni gatnaşyklar, köpasyrlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu gün iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has işjeňleşdirildi we hil taýdan täze derejä çykdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýyň syýasy-diplomatik serişdeler arkaly parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär. Şeýle hem ýurdumyz goňşy döwletiň ykdysady we durmuş düzümleriniň ösdürilmegine gönükdirilen anyk işleri amala aşyrýar. Owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, energetika we ulag-aragatnaşyk ugurdaky wajyp taslamalaryň amala aşyrylmagy bu ýurduň häzirki zaman sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna kömek eder.

Owgan halkynyň parahatçylyga we ylalaşyga bolan gyzyklanmalaryna raýdaşlyk bildirip, Türkmenistan mundan beýläk-de oňa hemmetaraplaýyn goldawy we zerur ynsanperwerlik kömegini berer hem-de halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalarynyň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan maksatnamany tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, resminamany elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky Karara gol çekdi. Milli Liderimiz ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine elektron resminama dolanyşygy arkaly iberip, bu resminamanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, demokratik esaslary çuňlaşdyrmak we Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryny öňe ilerletmek boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýan anyk wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze kanunçylyk taslamalarynyň birnäçesi taýýarlanylýar we üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilmegi zerur bolan kanunçylyk namalary seljerilýär.

Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň deputatlary konstitusion özgertmeleri, Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylyň dowamynda guralýan giň möçberli çäreleriň ähmiýetini düşündirmek we wagyz etmek işlerini alyp barýarlar.

Şeýle hem Mejlisiň ýurdumyzyň durmuş syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde köp çagaly maşgalalara, enelige we çagalyga döwlet goldawyny bermek boýunça ýerine ýetirýän işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmeleriň sazlaşykly amala aşyrylmagyna, jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň täzeçil ösüşine we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen möhüm wezipeleriň çäklerinde kanun çykaryjylyk işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz konstitusion özgertmeler barada aýtmak bilen, bu babatda dünýäniň oňyn tejribesini we halkara hukugynyň esasy kadalaryny ugur edinmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, oňa yzygiderli häsiýet berilmeginiň, halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň düzümine girýän guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda alnyp barylýan konstitusion özgertmeleriň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmegiň hem-de ara alyp maslahatlaşmak üçin jemgyýetçiligi giňden çekmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň hasabaty diňlenildi. Ol gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu gün Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň çäklerinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekilendigini belläp, bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ýola goýmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemini jemläp, hökümet agzalarynyň ünsüni öňde durýan möhüm wezipelere çekdi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmegini öňde durýan işleriň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda özgertmeleri çaltlandyrmak boýunça netijeli çäreleri görmegiň hem-de täze teklipleri öňe sürmegiň zerurdygyny belledi.

Ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň döwlet tarapyndan goldanylmagyny üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar.

Senagatlaşdyrmak we gurluşyk pudagyny ösdürmek ýakyn geljek üçin esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamlaryň kärhanalarynyň işini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekip, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ulanmak arkaly senagat desgalaryny gurmagyň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz halkara gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri barada aýdyp, TOPH we TOP taslamalaryny durmuşa geçirmäge ünsi çekdi. Bu taslamalar Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem barha giň gerime eýe bolýar.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter