Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 20.02.2020 // 490 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdelerini çekmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, hususy telekeçiligiň ösmegine maliýe taýdan ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen degişli karz ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, gaýtadan işleýän senagat önümçiliklerini innowasion esasda ýola goýmak, Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri gurmak we olaryň düzümini kämilleşdirmek, täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli senagat we önümçilik desgalarynyň 2020 — 2023-nji ýyllarda gurulmagyny üpjün etmek, şolary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin halkara bäsleşiklerini geçirmek hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligi hakyndaky Düzgünnama, şu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Dokma senagaty ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

* * *

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hakyndaky Düzgünnama, birleşigiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmek, ata Watanymyzyň halkara derejesinde ýeten belent sepgitlerini, merdana halkymyzyň gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistan» gazetiniň, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary» gazetiniň, «Watan» gazetiniň, «Galkynyş» gazetiniň, «Nesil» gazetiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň, «Aşgabat» gazetiniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň, «Adalat» gazetiniň, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň, «Türkmen dili» gazetiniň, «Esger» gazetiniň, «Bereketli toprak» gazetiniň, «Diýar» žurnalynyň, «Garagum» žurnalynyň, «Zenan kalby» žurnalynyň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň, «Güneş» žurnalynyň redaksiýalarynyň Tertipnamalary tassyklanyldy.

* * *

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna durmuş-ykdysady hem-de ynsanperwerlik ugurlarynda ýardam we hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda alyp barýan işlerini ulgamlaýyn we yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020 — 2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnama tassyklanyldy.

* * *

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmäge taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça Pudagara topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter