Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi

опубликованно 19.02.2020 // 243 - просмотров
 

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Çärä milli Parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem käbir halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine adam hukuklaryny we halkara ynsanperwer hukugyny üpjün etmek boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de beýleki abraýly düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryna we olaryň goşmaça teswirnamalaryna goşulmagy bilen bagly meseleler girizildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga hem-de döwletiň hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilen çäreler amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny hem-de halkara hukugyň esasy ýörelgelerini nazara almak bilen kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylyga seljerme geçirmek hem-de degişli maslahatlary taýýarlamak, şeýle hem adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Kanunlary hem-de Düzgünnamalary hakynda ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmak bu toparyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmen döwleti Milletler Bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Geçen döwrüň dowamynda toplanan baý tejribä daýanmak bilen ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda adam hukuklaryny goramak, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, ýaşlar syýasaty hem-de beýleki meseleler boýunça BMG-niň agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Mejlisiň barşynda halkara guramalaryň wekilleri geçen ýyllaryň içinde adam hukuklaryny üpjün etmek we amala aşyrmak meseleleri boýunça Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny bellediler. Ynsanperwer ölçegiň çäklerinde halkara guramalar Adalatçynyň diwany bilen ýakyn gatnaşyk saklaýarlar, Adam hukuklary we gender deňligini üpjün etmek babatda Milli hereketler meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam edýärler.

Milli hasabatlary taýýarlamak hem-de olary seretmek üçin BMG-niň komitetlerine bermek boýunça işler bu toparyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda käbir konwensiýalary ýerine ýetirmek we Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça milli hasabatlar üçin teklipleriň taýýarlanylandygy habar berildi, olar ozal bellenilişi ýaly, dünýäde ilkinjileriň hatarynda hökümet derejesinde millileşdirildi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda uýgunlaşdyryldy.

Şeýle hem adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisine gatnaşyjylar «Halkara ynsanperwer kömegini bermek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Kanun adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ynsanperwer kömegini bermegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter