Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy | TDH
Jemgyýet

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

опубликованно 19.02.2020 // 428 - просмотров
 

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow günorta arakesme wagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygy-ýygydan gelip, ynsan gylykly bedewleriň saklanyş şertleri, olary kemala getirmegiň hem-de sport ýaryşlaryna taýýarlanmagyň barşy bilen gyzyklanýar. Bu gezek döwlet Baştutanymyz Ýyldyrym atly bedew bilen birsellem gezim etdi.

Behişdi bedewler milli we dünýä medeniýetiniň hakyky gymmatlygy bolmak bilen, özleriniň deňsiz-taýsyz gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy hem-de wepadarlygy we asyllylygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde ahalteke bedewi biziň üstünliklerimiziň, täze taryhy eýýamyň nyşanyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar.

Şu ýyl milli Liderimiziň başlangyjy boýunça esaslandyrylan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine 10 ýyl dolýar. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşen assosiasiýanyň alyp barýan işleri degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döredip, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga ýardam edýär.

Dünýäniň dürli döwletlerinden alymlaryň, ippologlaryň, atşynaslaryň, genetikleriň, seçgiçileriň, türgen-çapyksuwarlaryň, tälimçileriň gatnaşmagynda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilýän halkara sergiler we maslahatlar, şeýle hem ganatly bedewleriň gözellik bäsleşikleri hem şol maksatlara hyzmat edýär.

Hawa, ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlarboýy dowam edip, bu gün parasatly we gadymy halkymyzyň we onuň gahrymanlary hakynda hoş habary dünýä ýüzüne ýaýýar. Çünki şol gymmatlyklarda türkmeniň milli ruhy, kämillige tarap okgunlylygy, gözellik, güýç-gaýrat hakynda düşünjeleri, şeýle hem dostluk, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, asyllylyk, ar-namys, Watana bolan söýgüsi öz beýanyny tapdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň sany ýylsaýyn artýar. Ol geçen 10 ýylyň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan atşynaslaryň özara gatnaşyklary, behişdi bedewleri kämilleşdirmek we onuň tohum aýratynlyklaryny ösdürmek üçin uly açyk meýdança öwrüldi.

Assosiasiýanyň agzalarynyň ylalaşykly işlemegi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça işleriň gerimini giňeltmäge, olara halkara häsiýeti bermäge hem-de dünýä siwilizasiýasynyň özboluşly hadysasy hökmünde bu täsinlige we ahalteke bedewleriniň ähmiýetine ählumumy ünsi çekmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi guramanyň, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän esasy wezipeleriniň biridir.

...Türkmen tebigatynyň özboluşlylygy we ajaýyplygy, aýratyn-da, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözelligi döredýän gyş paslynyň ahyrky pursatlary ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Ahalteke bedewleriniň ýanynda bu has-da ýiti duýulýar, olar tebigatyň sazlaşygyny, onuň gujur beriji güýjüni alamatlandyrýar. Tebigatyň janlanmagyna sanalgyja wagtyň galan pursatlarynda türkmen giňişliginde ynsan janyna ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi türkmen tebigatynyň ýylyň ähli pasyllarynda adamlar üçin ýakymly pursatlara baýdygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tebigat — ynsanyň ömürlik hemrasy. Hut şonuň üçin hem daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini saklamak ynsan üçin mukaddes borç bolup durýar. Ahalteke bedewleri bolsa paýhasly atşynaslaryň yhlasyndan we türkmen tebigatynyň özboluşly täsirinden kemal bolan milli gymmatlykdyr.

...Ynsan bilen behişdi bedewiň özboluşly arabaglanyşygynda ahalteke bedewleriniň tebigy duýgularyny görmek bolýar. Mähir we söýgi bilen garanyňda, buýsançly bedewler eýesiniň gözünden suw içip, olara tälim bermek aňsat bolýar. Şonuň üçin ahalteke bedewleri atçylyk sportunda tapawutlanyp, kinolar üçin surata düşürilýär hem-de sirkde çykyş etdirilýär.

At bilen ynsanyň täsin galdyryjy özara baglanyşygy ylmy-tehniki ösüşiň asyrynda hem öz ähmiýetini ýitirmedi. Durmuşda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň tizligini häsiýetlendirmäge çalyşmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eýýäm däbe öwrülen «bedew bady bilen» diýen ganatly setirleri ýygy-ýygydan ulanýar. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň ruhuny hem-de döwletiň, jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ýokary depginlerini has takyk we aýdyň şöhlelendirýär.

Döwlet Baştutanymyz behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýar, olaryň gylyk-häsiýetlerini oňat bilýär, milli atçylygyň taryhyny we däplerini düýpli öwrenýär. Türkmen bedewleri hormatly Prezidentimiziň edebi döredijiliginde hem aýratyn mowzuk bolup, arhiw hem-de häzirki zaman dokumental maglumatlarynyň öwrenilmegine, ylmy işlere we çeşmelere esaslanan ahalteke bedewleri barada ajaýyp kitaplar milli Liderimiziň galamyndan çykdy.

Ata-babalarymyzyň zehinine we tejribesine uly sarpa goýýan döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň atçylyk ulgamy täze ösüşe eýe boldy we onuň gadymy däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak boýunça geçirilýän işler ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we howandarlygynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini we at çapmagyň milli oýunlaryny wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Şu giň gerimli işleriň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ajaýyp atçylyk sport toplumlary guruldy, ganatly bedewleriň hem-de olary ýetişdirýän ýurdumyzyň atçylarynyň we seýisleriniň, şeýle hem ussat çapyksuwarlaryň tutuş dünýäde abraýy barha artýar.

Häzir Türkmenistanda behişdi bedewleriň tohumynyň täze ugurlaryny döretmek, ähli döwürlerde gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilýän ahalteke bedewleriniň genofonduny goramak hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işi alnyp barylýar.

Pudagyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bolsa degişli ugurdan hünärmenler taýýarlanylýar.

Şeýle hem atşynaslaryň zähmetine mynasyp baha bermek maksadynda «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» hem-de «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar döredildi. Olar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň atşynaslaryna dakylýar.

Bu ulgamda ylmy-barlag işlerini giňeltmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek boýunça ylmy merkezi döretmegi tabşyrdy, şeýle hem ýurdumyzda ahalteke atçylyk akademiýasyny döretmek pikirini beýan etdi.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz bedenterbiýäniň, sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda atçylyk sportunyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, at çapmak adamlaryň işjeňligini artdyryp, olarda ylham-joşgun döredýär. Bu bolsa ynsan saglygyny berkitmek bilen bir hatarda, olaryň döredijilik ukyplarynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Ýurdumyzda bedew sarpasynyň belent tutulýandygy barada aýdyp, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň oturdylýandygyny ýatlaman geçmek bolmaz. Güýçli, buýsançly, erkli ýa-da ýaş, joşgunly bedewleriň köp sanly keşpleriniň çeper beýanynda çuňňur we köptaraply many jemlenýär.

Bular hem nesilleriň dowamatlylygydyr, geçmişiň, häzirki günüň we geljegiň arabaglanyşygydyr, däpleriň hem-de täzelenýän özgertmeleriň, tejribäniň hem-de batyrgaý arzuwlaryň sazlaşygydyr. Munuň özi ahalteke atçylygynda, olaryň gelip çykyşynda tohumynyň iň ajaýyp wekilleriniň baý neslinde iň oňat ugurlaryň dowamydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda belleýşi ýaly, «Antik döwrüň akyldarlary tarapyndan abraý-mertebesi beýige galdyrylan, şeýle-de Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen Günbatar we Gündogar ýurtlarynyň arasynda aýratyn gymmatly haryt hökmünde söwdasy edilen nusaý atlarynyň dowamaty bolsa şu günki gün dünýäde şöhratlanýan ahalteke bedewleridir».

At — munuň özi, ilkinji nobatda, zähmetiň netijesi. Onuň öz gözelligi, okgunly çapyşy bilen hemmeleri haýrana goýmagyndan öňürti, oňa köp güýç we yhlasly zähmeti, bilimiňi, zehiniňi we söýgiňi sarp etmeli. Türkmen halky doly güýjünde zähmet çekmegi başarýar — ahalteke tohumy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup biler. Halkymyz öz üstünliklerini we gazananlaryny şadyýan baýram etmegi hem başarýar.

Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ýurdumyzdaky ähli umumymilli dabaralaryň bezegidir. Tomaşaçylary şalara mynasyp atlaryň gözelligi we okgunlylygy, şeýle hem doly çapuwda çylşyrymly emelleri ýerine ýetirýän türkmen jigitleriniň çalasynlygy hemişe haýrana goýýar. Ahalteke bedewleriniň üstünde çapyksuwarlar özüne çekiji şüweleňde at üstünde hereket etmek sungatynyň hemme tilsimlerine ajaýyp erk edýändiklerini görkezýärler.

Hakyky bedewi terbiýeläp ýetişdirmek — ýeňil bolmadyk we uly yhlasy talap edýän iş. Başarjaň ata-babalarymyzyň şunuň ýaly ylmyny ösdürip gelýän nesillerimiz uly gyzyklanma bilen özleşdirýär. Ilkinji pursatlardan ýaş ýigitlere ata düşünmegi, onuň hakyky dosty bolmagy üçin at bilen umumy dil tapmagy öwredýärler. Diňe şondan soňra at üstünde çapmak bilen meşgullanmaga girişýärler. Ýurdumyzda ýaş çapyksuwarlaryň ýaryşlary hem däbe öwrüldi.

Türkmenistanda şanly senelere bagyşlanan giň gerimli medeni çäreleri geçirmek bilen bir hatarda, çapyşyklary guramak hem asylly däbe öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy netijesinde bu däp has-da ösdürildi hem-de çapyşyklar milli baýramçylyklaryň aýratyn bezegine öwrüldi.

Çapyşyklar ýaly synaglarda ahalteke bedewiniň deňsiz-taýsyz gymmatlygy barha köp ýüze çykýar. Ol bolsa bedewiň estetiki gözelligini açmaga uly güýç berýär — şol güýç haýran galdyryjy çalasynlyk, kuwwat we erk, maksada okgunly we tutanýerli häsiýetdir, ýagny tejribeli seýisler hem-de çapyksuwarlar tarapyndan bedewlerde şeýle uly alada bilen terbiýelenilip ýetişdirilýän hemme häsiýetlerdir.

Şanly seneler hem-de «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň wakalary mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleriň we dabaralaryň maksatnamalarynda hem at çapyşyklaryna mynasyp orun berlendigini aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa halkymyzyň köpasyrlyk däplerine eýerilýändigine hem-de milli däpleriň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Halkymyzyň ata-babalary beýik atşynaslyk medeniýetiniň gözbaşynda bolupdyrlar. Bu baradaky şöhrat bütindünýä ýaýrapdyr. Ata-babalarymyz taýçanaklary saýlap alyp, olary beýleki tohumlar bilen çaknyşdyrmakdan gorap, ajaýyp atyň aýratyn görnüşini döretdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bereketli türkmen topragy ähli döwürleriň we halklaryň iň ajaýyp bedewiniň mekany bolupdy. Şol bedewler dünýäde iň meşhur at tohumlarynyň birnäçesiniň kemala gelmegine örän uly täsirini ýetirdi. Şoňa görä-de, ahalteke bedewleriniň taryhy watany her ýyl bu gözellige aýratyn sarpa goýýanlary örän üýtgeşik dabaralara gatnaşmak üçin bir ýere jemläp, olarda örän uly gyzyklanma döredýär.

...Nalyň çüýde saklanyşy ýaly, bedew hem nalda saklanýar, bedewde bolsa çapyksuwar, çapyksuwarda — gala, galada bolsa döwlet saklanýar. Halkymyzyň bu gadymy aňlatmasy häzir täze mazmunda açylýar. Türkmenistanyň häzirki okgunly ösüşi jemgyýetiň ruhy aňynda milli taryhy tejribä daýanmagyň, ata-babalarymyzyň bize goýan mirasynyň netijesinde mümkin boldy. Şolardan biz bu gün öňe ynamly gitmek üçin akyl-parasady hem-de güýji susup alýarys.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli Liderimiziň uly tagallalary netijesinde atçylyk pudagyny ýokary sport üstünliklerini gazanmagyň kuwwatly güýjüne öwürmek üçin ygtybarly binýat döredildi. Behişdi atlaryň adamlary özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen haýran galdyryp we begendirip, okgunly asmana galan şol beýikligi — biziň milli atşynaslyk mekdebimiziň öz ajaýyp däplerini üstünlikli dowam edýändiginiň iň oňat subutnamasy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow at üstünde gezelenjini tamamlap, Ýyldyrym atly bedewini athana getirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan ugrady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter