«Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

«Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

опубликованно 18.02.2020 // 371 - просмотров
 

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi «Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän 2020-nji ýyl döwletimiziň şöhratly taryhyna aýratyn sahypa bolup girer. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy we oňa bagyşlanan dabaraly çäreler mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň dabaralanmagynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüler.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky ýörite Kararnamasyny biragyzdan kabul etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Milletler Bileleşigi ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy baradaky Kararnamany ýene-de bir gezek tassyklady. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi esasynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan mynasyp goşandynyň ählumumy derejede ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly döwründe bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti has-da artýar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi halkara gatnaşyklaryň häzirki şertlerinde bitaraplyk syýasatynyň örän uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Sebäbi bitaraplyk ýörelgeleri sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda, dünýä ýurtlarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmekde toplumlaýyn häsiýetli syýasy-diplomatik gurala öwrüldi.

Biziň ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalara özüniň saldamly goşandyny goşmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seretmek üçin birnäçe teklipleri hem öňe sürdi. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça kadalaryň toplumyny taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Biz parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparyny döretmek babatda bilelikdäki işleriň hem ähmiýetli boljakdygyna ynanýarys. Bu häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde hem-de olaryň öňüni almakda bar bolan syýasy-diplomatik serişdeleri özara baglanyşykly we toplumlaýyn esasda ulanmagyň ýollaryny kesgitlemek üçin uly mümkinçilikleri döreder diýip hasaplaýarys.

Şoňa görä-de, onuň netijeli görnüşlerini maslahatlaşmak we ulanmak üçin Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan gepleşikler üçin ähli zerur şertleriň dörediljekdigini aýratyn nygtamak isleýärin.

Mälim bolşy ýaly, berkarar döwletimiz hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýermek arkaly, sebit we dünýä ýurtlary bilen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde energetika, ulag-aragatnaşyk, suw-ekologiýa, ýokary tehnologiýalar, «ýaşyl ykdysadyýet» we medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde amatly ýagdaýlary döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara-hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli usullaryny ulanmakda ýurdumyzyň diplomatik gullugyna ýokary talaplar bildirilýär. Men Garaşsyz Watanymyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýynyň artmagyny mundan beýläk-de doly üpjün etmek bilen, döwletimiziň diplomatik gullugynyň öňde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine berk ynanýaryn!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biz Türkmenistanda halkara gatnaşyklar ulgamynda netijeli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatynyň ylmy we tejribe taýdan düýpli öwrenilmegine, bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine uly üns berýäris. Şu günki wekilçilikli maslahatyň dowamynda hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygaryna laýyklykda, häzirki zaman şertlerinde parahatçylykly daşary syýasaty durmuşa geçirmekde diplomatiýanyň möhüm orny barada pikir alyşmak, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň Bitarap ýurt hökmünde çärýek asyryň dowamynda geçen ýoluna ser salmak, onuň netijelerini jemlemek hem-de häzirki ösüşine baha bermek üçin uly mümkinçilik bolar diýip hasap edýärin.

Sizi ýene bir gezek «Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan möhüm ähmiýetli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter