Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 17.02.2020 // 324 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine döwlet durmuşynyň we paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy baradaky meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, gün tertibindäki meselelere geçip, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowy çagyrdy. Häkim işleriň ýagdaýy, alnyp barylýan möwsümleýin işler, agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça görülýän çäreler, gowaçanyň, gök-miwe ekinleriniň hem-de ýeralmanyň ýazky ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hasabatda maldarçylyk ulgamynda alnyp barylýan işler, pile öndürmek hem-de köpçülikleýin bag ekmek boýunça geçiriljek çäreler barada habar berildi. Welaýatyň häkimi şanly senä — döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görlüşi barada-da aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bellenen kadalara laýyklykda, agrotehniki çäreleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ak ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini güýçlendirmek barada görkezme berdi.

Pile öndürmek hem-de bu ugurda bar bolan ähli meseleleri dessine çözmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmelidigine aýratyn üns berildi. Milli Liderimiz welaýatyň maldarçylyk toplumyny ösdürmek baradaky meselä geçip, dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsüminiň guralyşyny, bu ulgamyň işgärleri üçin hemme şertleriň döredilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň ähmiýetini belläp, bu çäräniň toplumlaýyn ylmy esasda hem-de ýerli toprak-howa aýratynlyklary nazara alnyp geçirilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlerde durmuş düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň wajypdygy barada aýdyp, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny baýram etmäge hem-de bu senä bagyşlanylan çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hem anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi sanly wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim günbatar sebitde obasenagat toplumynda amala aşyrylýan işler, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ýetişdirilýän meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, ýazky ekişe taýýarlyk görmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, güýçli depginler bilen alnyp barylýar.

Soňra welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak boýunça öňde boljak möwsümiň guralyşy, ony ýokary derejede geçirmek üçin döredilýän şertler barada hem hasabat berildi.

Mundan başga-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi. Welaýatyň häkimi ýazky bag ekmek çäresini hem-de ajaýyp sene — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda dürli ugurlarda geçirilýän işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmalydygyna ünsi çekdi. Ilkinji nobatda, munuň özi oba hojalygyna degişlidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Pudakda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ekerançylygyň baý milli tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyryp, işjeň peýdalanmak arkaly güýzlük bugdaýa degişli idegi hem-de ýazky ekişe hemmetaraplaýyn ýokary hilli taýýarlyk görmegi üpjün etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak, mineral dökünler bilen gurplandyrmak bilen birlikde, agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletde geçirilmegine aýratyn üns berilmelidir. Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, pile öndürmek boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmegiň meselelerini üns merkezinde saklamagyň zerurdygy barada häkime görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk toplumlarynda işleriň ýagdaýy baradaky meseläniň üstünde durup geçip, owlak-guzy we köşek almak möwsüminiň zerur derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek babatda köpçülikleýin çäreleriň geçiriljekdigini belläp, welaýat häkimine degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz sebitiň gurluşyk meýdançalarynda, ilkinji nobatda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýyndaky desgalarda işleriň ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çärelere taýýarlyk görmek boýunça hem anyk tabşyryklar berildi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim obasenagat toplumynda, gurluşyk meýdançalarynda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy we depginleri, welaýatyň ýaşaýyş-durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmek hem-de güýzlük bugdaýa bellenen agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Şeýle hem pile öndürmek boýunça meýilleşdirilen işler, owlak-guzy we köşek almak ugrunda geçiriljek möwsümiň guralyşy barada habar berildi. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz köpçülikleýin bag ekmäge hem-de şanly senä — mähriban Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça anyk çäreler bilen tanyşdyryldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleri geçirilende agrotehniki kadalary gyşarnyksyz berjaý etmegiň we hökmany ýagdaýda welaýatyň toprak-howa aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. Ekerançylar diňe bir tehnikalaryň öndürijiligine däl, eýsem, bu ulgamda innowasiýalara hem daýanyp, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda synagdan geçen tejribesini döwrebap serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullary bilen utgaşdyrmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümi ýokary derejede guralmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de ýaş mallaryň saklanylmagyny we mundan beýläk ösdürilmegini üpjün etmek maksady bilen maldarlar üçin hemme şertleri döretmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz pile öndürmek baradaky meseleleriň üstünde durup geçip, şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin eýýäm häzirden bar bolan hemme meseleleri, ilkinji nobatda, hojalyk birleşmelerini ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmäge degişli meseläniň üstünde işlemegiň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem häkime Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşyklarynyň depginini güýçlendirmek, welaýatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklar berildi. Mähriban topragymyzyň bagy-bossanlygyny has-da baýlaşdyrmaga gönükdirilen ýazky bag ekmek çäresini ýokary derejede guramaga degişli hem käbir görkezmeler berildi.

Soňra göni sanly wideoaragatnaşyk arkaly Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk ýerlerine degişli ideg etmek boýunça görülýän çäreler, gowaça ekmäge niýetlenen meýdanlary sürmek we tekizlemek bilen birlikde, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häkim tohumlaryň, oba hojalyk tehnikalaryň we enjamlaryň nobatdaky ekiş möwsümine taýýarlanylyşy barada habar berdi.

Hasabatda welaýatyň maldarçylyk toplumyny ösdürmek hem-de pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany ýerine ýetirmek üçin döredilýän şertlere aýratyn üns berildi.

Şeýle hem ýazky bagy-bossanlyga büremek çäresine hem-de döwletimiziň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde durýan, ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi jemläp, agrotehnikanyň bellenen kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeli meýdan işleriniň guralyşyna jogapkärli çemeleşilmelidigini nygtady. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, munuň aýratyn-da, güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg edilmegine, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişiniň has oňaýly möhletlerde geçirilmegine degişlidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyryp, häkime anyk görkezmeleri berdi. Pile öndürmek hem-de owlak-guzy we köşek almak möwsümi boýunça geçiriljek işler babatda hem degişli görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz bag ekmek boýunça geçiriljek köpçülikleýin çäre baradaky meselä degip geçip, ýer böleklerini hem-de nahallary ýazky bagy-bossanlyga büremek çäresine öňünden we düýpli taýýarlanmalydygyny hem-de onuň guramaçylykly geçirilmelidigini belledi. Bu işe welaýatyň hemme kärhanalary we edaralary işjeň gatnaşmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bina edilýän desgalarda, ilkinji nobatda, şu ýyl ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleri bellenen möhletde tamamlamagy tabşyrdy. Diýarymyzyň şanly senesi — Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň baýram edilmeginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli aýratyn tabşyryk berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň sebitde işleriň ýagdaýy, oba hojalyk we beýleki pudaklarda geçirilýän işler baradaky hasabaty diňlenildi. Hususan-da, meýdanlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek, ýerleri, degişli tehnikalary we enjamlary ýazky ekişe taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler barada habar berildi.

Şunuň bilen bir hatarda, häkim pile öndürmek hem-de welaýatyň maldarçylyk toplumyny ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de köpçülikleýin bag ekmäge hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, möwsümleýin işleri öz wagtynda geçirmegiň, ekerançylary höweslendirmegiň we goldamagyň bereketli hasyl almagyň özenidigini nygtady.

Şunda güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg edilmegi, gowaça, gök-bakja ekinlerine we ýeralma ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleriň degişli derejede taýýarlanylmagy, bu çäreleriň agrotehniki kadalara laýyk gelmegi möhüm ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler, owlak-guzy, köşek almak boýunça geçiriljek möwsüm barada aýdyp, bu ugurlarda şertnamalaýyn borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin hemme şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz häkime bagy-bossanlyga büremek babatdaky ýazky ählihalk çäresiniň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň dowamynda göni sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, oba hojalyk möwsümleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, oba hojalygynda agrotehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak boýunça döwrebap usullary ulanmak babatda görkezme berildi.

Soňra göni sanly wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy. Häkim ata Watanymyzyň baş şäherinde işleriň ýagdaýy barada, paýtagtymyzy ösdürmäge degişli maksatnamadaky wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň
25 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan çäreler barada hasabat berdi.

Dürli maksatly iri täze gurluşyklaryň alnyp barlyşy, bag ekmek boýunça geçiriljek ählihalk çäresine görülýän taýýarlyk, paýtagtymyzda hem-de onuň töwereklerinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabatda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň baş maksadynyň geljegi nazarda tutup, onuň ösdürilmegine toplumlaýyn häsiýet bermekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şäher hojalygynyň we jemagat gulluklarynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz şu maksatlar bilen ýurdumyzyň baş şäherini has-da abadanlaşdyrmagyň meýilnamalary işlenilip taýýarlanylanda, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we oňyn tejribäni peýdalanmagyň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýazky bag ekmek möwsüminiň ähmiýetini nygtap, bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, nahallary hem-de olary ekmek üçin toprak şertlerini nazarda tutup, ekiljek ýerleri oýlanyşykly saýlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bildirilýän talaplardan ugur alyp, ekilen bag nahallaryna agrotehnikanyň görkezmelerine laýyk ideg edilmelidigini, şol sanda öz wagtynda suwarylmalydygyny belläp, köpçülikleýin bag ekmek çäresine ähli edaralaryň we kärhanalaryň işjeň gatnaşmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny baýram etmek baradaky meselä ünsi çekip, göz öňünde tutulan dabaralara ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görülmeginiň üpjün edilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda bu baýram mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamak hem-de işleriň öz wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi babatda häkime anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter