Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine

опубликованно 17.02.2020 // 180 - просмотров
 

BMG-niň Baş Assambleýasy 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň BMG-niň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesini özüniň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul etdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 25 ýyllygyna bagyşlanan forumyň wekilleriniň iberen Ýüzlenmesi Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde çap edildi.

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar ýurtlaryň we halklaryň arasynda häzirki zaman gatnaşyklarynda, aýratyn-da, dünýäniň dürli künjeklerinde dartgynlylygyň we gapma-garşylyklaryň ýüze çykýan çylşyrymly döwründe parahatçylyk medeniýetiniň hem-de parahatçylyk gurluşynyň kemala gelmeginde bitaraplyk ýörelgesiniň ornunyň barha artýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy.

«Bu gün türkmen bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol maslahatda eden çykyşynda aýtdy.

Maslahatyň jemleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşe iberilen Ýüzlenmede BMG-niň Tertipnamasynda beýan edilen maksatlary we ýörelgeleri durmuşa geçirmegiň bähbidine has ýakyn köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, ykdysady, ekologiýa, durmuş we ynsanperwer ösüşiň üpjün edilmegine çagyrylýar.

2020-nji ýylyň — Türkmenistanyň özüniň daşary syýasatynyň bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny halkara derejede, BMG bolsa esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygyny belleýän ýylynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda ähli ýurtlaryň bu maksatlara ýetmegine gönükdirilen aýgytly hereketleriniň onýyllygynyň başlangyjy bolup durýandygy buýsançly ýagdaýdyr.

Çärýek asyryň dowamynda toplanylan oňyn Bitaraplygyň türkmen tejribesi döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda bu nusganyň ýokary netijeliligini görkezdi hem-de hyzmatdaşlygyň üstünlikli görnüşi hökmünde ählumumy derejede ýaýradylyp bilner. Öňüni alyş diplomatiýasyna daýanmak onuň örän möhüm ugry bolup durýar hem-de şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Aşgabatda ýerleşýän sebit merkeziniň netijeli işini bellemek gerek.

BMG ýokarda agzalan maslahata gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesini özüniň resminamasy hökmünde ykrar etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparyny döretmek hem-de Halkara meseleleri kadalaşdyrmakda bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça düzgünleriň toplumyny taýýarlamak hakyndaky başlangyjyny hem goldady.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, «şeýle resminamanyň mümkin bolan gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň ösüşine ýol bermezlik we güýç ulanmaga çenli bolan ösüşini togtatmak, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly gepleşikleri geçirmek ýagdaýyna getirmek üçin netijeli gural hökmünde halkara bileleşik tarapyndan ulanylyp bilinjekdigine ynanýarys».

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek hakyndaky teklibini 2021-nji ýylyň durnukly parahatçylyga, raýdaşlyga we sazlaşyga ýetmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň usuly hökmünde şol şygar astynda geçirmegini yglan eden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem makullandygyny ýatladýarys.

Şu ýylda bolsa ýurdumyz 12-nji dekabrda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahaty geçirýär, ol Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna bagyşlanýar.

Bu wekilçilikli forum deňhukuklylyk we oňyn hyzmatdaşlyk esasynda özara hormat goýmak gatnaşyklaryny ýola goýmakda döwletleri birleşdirýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berer.

BMG-niň Baş sekretaryna iberilen Ýüzlenmede şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyna girýän degişli edaralary dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek maslahata taýýarlyk görmek işlerine işjeň çekmäge ýardam bermäge, şeýle hem bu gurama agza ýurtlary öňde boljak foruma has işjeň gatnaşmaga çagyryş beýan edilýär.

Taýýarlyk işleri gün-günden ýokary depginlere eýe bolýar: Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň ýubileý toýuny köp sanly dostlary, hyzmatdaşlary hem-de tarapdarlary bilen döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýagdaýynda garşylaýar.

«Biz geljekki ösüşlerimizi aýdyň görýäris, döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň meýilnamalaryny ynamly düzýäris. Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär» diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň umumy döredijilikli maksatlara ýetmegiň bähbidine halkara guramalar bilen giň we işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny belleýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter