Raýdaşlyk çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň üstünligi | TDH
Sport

Raýdaşlyk çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň üstünligi

опубликованно 12.02.2020 // 172 - просмотров
 

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň sylaglarynyň üsti ýene bir altyn medal bilen ýetirildi.

Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Hojamuhammet Toýçyýew 109 kilogramdan ýokary derejede çykyş edip, umumylykda jemi 411 kilogram agramy göterip, altyn medala mynasyp boldy. Şunda biziň türgenimiz silterläp götermekde hem (180 kg), itekläp götermekde hem (231 kg) hemmelerden rüstem geldi.

Bir gün öň ýanynda türkmenistanly agyr atletikaçylar ýurdumyzyň ýygyndy toparyna üç medal — bir kümüş we iki bürünç medal getirdiler.

Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdürliginiň 5-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Aýsoltan Toýçyýewa 87 kilogram agram derejede çykyş edip, bäsleşigiň iki görnüşinde 203 kilogram agramy galdyryp kümüş medala mynasyp boldy. Şunda türkmenistanly türgen agyrlygy silterläp hem-de itekläp götermekde ikinji netijäni görkezdi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Rüstem Annadurdyýew hem-de şu ýokary okuw mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Pirguly Pirgulyýew agyr atletika boýunça milli ýygyndymyza bürünç medallarynyň ýene-de ikisini getirdiler.

81 kilogram agramlyk derejede çykyş eden R.Annadurdyýew iki görnüş boýunça 224 kilogram netije bilen hormat münberiniň üçünji basgançagyna, P.Pirgulyýew bolsa (89 kg.) iki görnüşde 166 kilogram agramlygy galdyryp çempionatyň bürünç baýragyna mynasyp boldy.

Şeýlelikde, türkmen türgenleri ilkinji medallary 10-njy fewraldan başlap gazandylar, şonda Ýulduz Jumabaýewa 49 kilogram agram derejesinde, Seýtjan Mirzaýew 61 kilogram agram derejesinde, Kristina Şermetowa 55 kilogram agram derejesinde çykyş edip, ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň sylaglar toplumynyň üstüni üç medal (bir kümüş we iki bürünç) bilen ýetirdiler.

Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli derejeli 7 medala, şol sanda bir altyn medala mynasyp boldy. Iň tapawutlanan türgenler dörtýyllygyň esasy sport ýaryşlaryna — şu ýyl Ýaponiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter