Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna, işgärlerine, harby talyplaryna we esgerlerine | TDH
Syýasat habarlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna, işgärlerine, harby talyplaryna we esgerlerine

опубликованно 27.01.2020 // 360 - просмотров
 

Hormatly Watan goragçylary!

Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bu baýram Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň goranmak ukybyny, howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakynda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletimiziň Watan goragçylary!

Biziň döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. 2020-nji ýylda bolsa bu abraýly halkara guramasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýasyny kabul edenine 25 ýyl dolýar. Hut şonuň üçin hem biz eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň we taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2020-nji ýyla «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip at berdik.

Ata Watanymyzyň edermen goragçylary!

Siz eziz Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini gündelik wezipe borçlaryňyzy ýerine ýetireniňizde doly berjaý etmelisiňiz. Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň, türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz.

Siziň eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň häzirki hem-de geljekki ykbaly üçin Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamak, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek ýaly belent hem-de jogapkärli borja hemişe wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Merdana ýurt goragçylary!

Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem biz döwletleri we halklary sport arkaly birleşdirmäge, dost-doganlygy has-da berkitmäge çalyşýarys. Ýurdumyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny hem-de 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirdik. Bu ýyl bolsa Futzal boýunça Aziýa çempionatyny, Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyryny, şeýle hem Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçireris.

Siziň halkara derejesindäki bu ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine mynasyp goşandyňyzy goşjakdygyňyza, ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterjekdigiňize berk ynanýaryn.

Watanymyzyň wepaly ogullary!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrýarys. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümini häzirki zamanyň iň kämil söweşjeň ýaraglary, harby tehnikalary, kompýuter tehnologiýalary we sanly ulgamlary bilen üpjün edýäris. Ýörite maksatly toparlara «Türkmen edermen» diýen ady dakmak bilen, türkmen ojagynyň goragçysy, wepaly ýoldaşy hasaplanýan türkmen alabaýynyň şekili ýerleşdirilen «Türkmen edermen» atly täze medaly döretdik.

Döwletimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, berkarar Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi, ýaşamagy we dynç almagy üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge aýratyn üns berer.

Hormatly Watan goragçylary!

Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter