«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy | TDH
Jemgyýet

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

опубликованно 21.01.2020 // 240 - просмотров
 

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir «Sanly ykdysadyýetde innowasion ösüş we intellektual eýeçiligiň goragy» atly makala bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýetine üns çekilýär. Halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde onuň orny nygtalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» ähli ulgamlary diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly yzygiderli ösdürmek, sanlaşdyrmak boýunça ösen döwletleriň derejesine çykarmak, elektron senagatyny ösdürmek, intellektual kuwwata, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellenilýär.

Intellektual eýeçiligi dolandyrmagyň netijeli ulgamynyň kemala getirilmegi, täjirçiligiň häzirki zaman gurallarynyň döredilmegi hem-de ony goramagyň usullary bu işlerde barha möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, intellektual eýeçilik bazarynyň döredilmeginiň hem-de milli kanunçylygyň sanly ykdysadyýetiň talaplaryna uýgunlaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýdylýar.

Makalada intellektual eýeçilige her bir döwletiň ösüşiniň strategik serişdeleriniň biri hökmünde garalýandygy nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň intellektual mümkinçilikleriniň aňrybaş derejede herekete getirilmeginiň we bu maksat bilen zerur bolan hukuk binýatlarynyň döredilmeginiň zerurdygy bellenilýär.

Milli konstitusion kadalaryň mazmunynyň seljerilmegi olarda intellektual eýeçilige giňden çemeleşilýändigini görkezýär. Bu kadalar Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň hem-de Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara şertnamasynyň düzgünleri bilen sazlaşýar, emele getirilen düýpli hukuk binýady bolsa halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär.

Hususan-da, halkara kadalary we düzgünleri hasaba alnyp işlenip taýýarlanylan «Haryt nyşanlary hakynda» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Türkmenistanyň täze kanunlary intellektual eýeçiligi goramak babatda döwletiň möhüm ädimine öwrüldi.

Şeýle hem makalada häzirki zaman haryt nyşanlarynyň taryhyna we ähmiýetine içgin seredilýär hem-de maglumat akymlarynyň, ýörelgeleriň we täzeçil usullaryň yzygiderli ýokarlanmagyna üns berilýär. Bu bolsa öz gezeginde, goraglylygy talap edýär.

Türkmenistanyň wekilçilikli halkara düzümler bilen aragatnaşyklaryna bagyşlanan «Türkmenistan — ÝHHG: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk» atly makalany ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy, ilçi Natalýa Drozd taýýarlapdyr.

Onda geçen ýyl ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň, şeýle hem bu guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynyň ähmiýeti, şolaryň dowamynda 20 ýylda alnyp barlan bilelikdäki işlere berlen baha barada gürrüň berilýär.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň döredilmeginiň taryhy, türkmen tarapy bilen ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, şol sanda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny ýerine ýetirmek, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Milli hereketleriň meýilnamasyny amala aşyrmak meseleleri makalada möhüm orun eýeleýär.

Natalýa Drozdyň belleýşi ýaly, merkeziň işläp gelýän ýigrimi ýylynyň dowamynda ÝHHG-niň we Türkmenistanyň arasynda ynsanperwer babatda hyzmatdaşlyk has-da berkedi. Munuň şeýledigine bilelikdäki taslamalaryň sanynyň artmagy, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegi şaýatlyk edýär.

Şeýle hem «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň okyjylara hödürleýän makalalarynyň hatarynda «Türkmenistanyň ynsanperwer daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri we dünýä tejribesine goşandy» atly makala aýratyn orun eýeleýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli başlangyçlarynyň, şeýle hem milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda dürli pudaklarda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň ähmiýeti barada aýdylýar.

Ýurdumyzyň halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen milli ösüş ugurlaryny amala aşyrmak boýunça özara gatnaşyklarynyň üstünliklere beslenýändigi hakynda aýdylýar.

Türkmenistanyň 2019 — 2021-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşine, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň söwda we ösüş boýunça geňeşine, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine, BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça Komissiýasyna, BMG-niň ilat we ösüş boýunça Komissiýasyna hem-de BMG-niň beýleki düzümlerine agzalygynyň netijeli bolandygy aýdylýar.

Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň sazlaşykly we durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolan milletiň ýeten derejesini saklamak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Ynsanperwerlik işi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Hut şu ýörelge arkaly biz halkara durnuklylygyň berkidilmegine bolan raýdaşlygymyzy we goldawymyzy beýan edýäris diýip, makalanyň awtory belleýär.

Ýurdumyzyň Parahatçylyk gaznasynyň işiniň esasy ugurlaryna bagyşlanan makalada Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň orny barada aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, gaznanyň baş maksady milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, netijeli syýasatyna goldaw bermekden, parahatçylyk söýüjilik halkara başlangyçlarynyň, daşary syýasat strategiýasynyň ähmiýetini we maksatlaryny ilatyň arasynda wagyz etmekden, halklaryň arasynda dostlugyň hem-de ylalaşygyň berkidilmegine, tutuş dünýäde parahatçylygyň berkarar bolmagyna işjeň gatnaşmakdan ybaratdyr.

«Kärdeşler arkalaşyklary we raýat jemgyýeti» atly makalada bu düzümiň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde, milli kanunçylygy kämilleşdirmekde, dürli pudaklaryň işgärleriniň zähmete bolan hukuklaryny goramakda we jemgyýetiň durmuşynyň beýleki wajyp wezipelerini çözmekde eýeleýän ornuna baha berilýär.

«Deňhukuklylyk we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan jemgyýetçilik ösüşi» atly makala «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň işinde ilatyň durmuş goraglylygy baradaky meseleler hakynda gürrüň berilýär.

2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütleri barada «Konstitusion ösüş: kämilligiň we rowaçlygyň ýoly» atly makalada gürrüň berilýär. Onda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Baş Kanunyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan tapgyrlaýyn işler barada aýdylýar.
Hususan-da, kanunçylyk edaralarynyň düzümini özgertmek, milli parlamentiň işini döwrüň talabyna laýyk getirmek meseleleri makalanyň özenini düzýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleriň, hukuk resminamalarynyň türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgelerine gabat gelýändigi, olar işlenilip düzülende, pederlerimiziň baý durmuş tejribesine daýanylýandygy, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi nazara alnyp, umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýulýandygy barada giňişleýin gürrüň berilýär.

«Administratiw önümçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ösüşi» we «Zähmet gatnaşyklaryny guramagyň hukuk esaslary» atly makalalarda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine üns berilýär.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnaly «Senenama» sözbaşy astynda berilýän maglumatlar toplumy bilen jemlenýär. Onda Aşgabatda dürli guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäreler beýan edilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter