Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim | TDH
Jemgyýet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim

опубликованно 16.01.2020 // 306 - просмотров
 

Watanymyzyň ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan ylym we bilim ulgamynda 2019-njy ýylda bolup geçen aýratyn ähmiýetli wakalara syn berlende olaryň turuwbaşdan beýan edilişiniň yzygiderlilik ýörelgesinden çykmak zerurlygy döreýär. Çünki Watanymyzyň ylmyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek işinde 12-nji iýun ähmiýetli sene boldy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri we ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi bilen bolan duşuşygy ylmy-tehniki ulgamda özgertmeleriň amala aşyrylmagynda täze tapgyry aňlatdy. Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň kabul eden çözgütleri ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň öz maksatnamalaýyn sözünde belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin köp işleri amala aşyrýarys.

Her ýyl ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw giňeldilýär, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi gowulandyrylýar. Ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini işe ornaşdyrmak üçin hemme şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internediň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlaryň dünýä gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar.

Elbetde, milli ylym özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek kanunçylyk derejesinde berkidilmegini talap edýär. Ylmy ulgamyň hukuk taýdan üpjünçiligini ýokarda agzalan duşuşykda hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hakyndaky», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasyny döretmek hakyndaky», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» Kararlary öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen alnyp barylýan ylmy gözlegleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak, ylmy-barlaglaryň netijelerini üpjün etmek üçin Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topar döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Watanymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy-barlag institutlarynyň, edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamagy döwlet tarapyndan giňden goldamak maksady bilen, Ylymlar akademiýasyna 35 000 000 (otuz bäş million) manat möçberde pul serişdesini bölüp bermek hakynda çözgüt kabul etdi.
Häzirki wagtda alymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylmy-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler düýpli giňeldi. Munuň şeýledigine, hususan-da, Aşgabatda we welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde yzygiderli geçirilýän maslahatlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylmy işgärleriň duşuşyklary hem şaýatlyk edýär. Olara dürli ýurtlardan köp sanly myhmanlar işjeň gatnaşýarlar.

12-nji iýunda Türkmenistanda giňden bellenilýän baýrama — Ylymlar gününe gabatlanyp geçirilen «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara sergi we ylmy maslahat hem ylym ulgamdaky esasy çäreleriň biri boldy. Bu forum ylym ulgamyndaky giň gerimli özgertmeleriň, tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjynda we howandarlygynda geçirildi.

Däbe öwrülen forum ýurdumyzyň ylmynyň nähili okgunly ösýändigine, onuň gazananlarynyň dürli ulgamlarda näderejede peýdalanylýandygyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär, çünki her bir täze gözden geçirilişiň özüne mahsus aýratynlygy bardyr. Bu ýerde Türkmenistanyň ýokary tehnologiýalary ösdürmek we olary önümçilige ornaşdyrmak, ýokary okuw mekdeplerindäki ylym we bilim ulgamyny özgertmek ulgamyndaky üstünlikleri bilen tanyşmak bolýar.

Sergide esasy daşary ýurt kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň işewürliginiň kärhanalarynyň önümleri we hyzmatlary görkezildi. Serginiň çägi geljekki hyzmatdaşlar bilen göni gepleşikleri guramaga mümkinçilikleri berdi. Sergide 20 ýurtdan — Germaniýadan, Ispaniýadan, Bolgariýadan, Çehiýadan, Belarusdan, Russiýa Federasiýasyndan, Polşadan, Ukrainadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Müsürden we beýleki ýurtlardan gelen esasy daşary ýurt kompaniýalary, şeýle hem ýurdumyzyň işewürliginiň kärhanalary öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezdiler.

Forumyň gün tertibine ýokary tehnologiýalar we kompýuter tehnikasy, mikroelektronika, biotehnologiýa, himiýa, aerokosmos önümçiligi, interaktiw enjamlar, gazy, mineral we gidromineral serişdelerini gaýtadan işlemek, gün, ýel, termal suw energiýasyny peýdalanmak ulgamlarynda, şeýle hem ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk, daşky gurşawy goramak, bilim maksatnamalary ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin işläp taýýarlamalaryny görkezdiler. Milli ylym ulgamyna her ýyl täze ýaş hünärmenler gelip goşulýar. Munuň şeýledigine her ýylda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige gatnaşyjylaryň sanynyň barha artýandygy hem şaýatlyk edýär.

Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen Ýaş alymlaryň merkezi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlar geňeşi görnüşinde hereket edýär. Bu ylym-bilim düzümleri ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň bähbitlerini hem-de başlangyçlaryny höweslendirmäge, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam bermäge, halkara forumlara hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmaga we ýaş alymlary bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga giňden çekmäge gönükdirilendir.
2019-njy ýylda ýaş alymlaryň bäş ýüzden gowragy ýurdumyzyň ylmynyň nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdeleri önümçiligi tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ulgamlarda özleriniň taslamalaryny we ylmy barlaglaryny hödürlediler.
Emin agzalary hödürlenen ylmy işleriň wajyplygy, ylmy taýdan täzeçilligi, iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak zerurlygy nukdaýnazaryndan bäsleşigiň ýeňijileriniň 36-syny kesgitlediler.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan taýýarlanan «Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylmy gadamlary» atly ýygyndynyň nobatdaky sanynda intellektual bäsleşikde baýrak alan ýaş alymlaryň işleri bilen tanyşmak bolýar. Bu neşir her ýyl öz gujurlary we ruhubelentligi bilen dünýä giňişliginde Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak işine goşant goşýan zehinli ýaşlaryň ylmy gözlegleriniň we amaly işläp taýýarlamalarynyň giň toplumyny okyjylara hödürleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat hem geçen ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Forum ministrlikleriň, esasy bilim, sport edaralarynyň, guramalaryň, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 120-ä golaý wekilini, ylymlaryň doktorlaryny, professorlaryny jemledi.

Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklarynda iň täze enjamlar, döwrebap usulyýet we okuw esbaplary görkezildi. Ýokary okuw mekdepleri okuwa girjekler üçin özleriniň maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar, talyplar özleriniň işläp taýýarlamalaryny hödürlediler, mugallymlar bolsa hünärleriň giň görnüşleri, okatmagyň häzirki zaman usullary hem-de uçurymlaryň geljekki işleri barada maslahatlary berdiler.

2019-njy ýylda iň täze tehnologiýalary ulanmaga hem-de bilim babatda sanly ulgama geçmek ýörelgesini amala aşyrmaga aýratyn üns berildi. Bu ýerde ýerleşdirilen sergi bölümleri myhmanlary ylmyň geljegi bilen tanyşdyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden satyn alnan döwrebap enjamlar bilim almak işini ýeňilleşdirmäge we çaltlaşdyrmaga, onuň interaktiw we okgunly häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär.

Ýokary tehnologiýaly enjamlaryň hatarynda «Microsoft», «Lenovo» «Huawei», «Sony», «ACER», «DELL», «Samsung», «Apple» ýaly meşhur kompaniýalaryň önümleri bar. Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlary, beýleki ylmy edaralar hem özleriniň işläp taýýarlamalaryny görkezdi.

Garalan meseleleriň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym-bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, bilim, okatmak işinde sanly tehnologiýalaryň orny, bilim ulgamynda özgertmeler, innowasiýalar we beýleki meseleler bar. Halkara maslahatyň çäklerinde resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «ELХOLDING» ygtyýarlygy çäklendirilen ylmy-önümçilik birleşiginiň arasynda bilim tehnologiýalary babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Kluž — Napoka şäherindäki Tehniki uniwersitetiniň arasynda ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Buharest şäherindäki Politehniki uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Buharestiň milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.

Mundan başga-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Wolgograd döwlet durmuş-mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň «Şýolkowo Agrohim» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllarda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Inha uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Inha uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Bu resminamalar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, tejribe alyşmak ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ynandyryjy subutnamalary boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy önümçilige işjeň ornaşdyrmak barada öňde goýýan wezipeleri alymlaryň ylmy barlaglarynyň netijelerinde öz beýanyny tapýar. Ylymlar akademiýasynyň ylmy barlag institutlarynda we Tehnologiýalar merkezinde ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, energiýa serişdelerini tygşytlamak meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen işler işjeň alnyp barylýar. Alymlar energiýanyň alternatiw çeşmelerini öwrenmek bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň, çaklamagyň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny barlamak, işläp taýýarlamak, gazyp almak we peýdalanmak boýunça täze tehnologiýalary döredýärler, ýangyjy elektrik we ýylylyk energiýasyna öwürmek ugrunda ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Mundan başga-da, ylmy işgärler oba hojalygy, lukmançylyk, derman we azyk senagaty, molekulýar biologiýa, genetika, bioinženerçilik, biolukmançylyk ulgamlarynda ylmy gözlegler bilen meşgullanýarlar.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň intellektual-tehnologiýa kuwwatyny ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik gaznasyny döretmek zerurlygyna, ekologiýa meselelerini öwrenmäge, milli kosmos hemrasynyň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna, ulag-logistik merkezlerini, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň syýasy we ylmy ähmiýetiniň ylmy esaslaryny kemala getirmäge gönükdirýär.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ýurdumyzyň ylmynyň täze ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş we ynsanperwer ulgamyny sanlaşdyrmaga ugur alyndy, ähli ýerde häzirki zaman kompýuter ulgamy we aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar.

Şeýlelikde, türkmen alymlarynyň ylmy taslamalarynyň anyk netijeleri bermegi üçin ähli şertler we giň mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, teklipleri, ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakda gazanylanlary seljermek, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy gözlegleriň netijeleri hödürlenen kärhanalarda ýerine ýetirilen taslamalary synagdan geçirmek zerurdyr.

Mundan öň ylmyň, bilimiň we önümçiligiň utgaşyklylygyny güýçlendirmek üçin birnäçe anyk çäreleriň, şol sanda birnäçe institutlary degişli ýokary okuw mekdepleriniň garamagyna berlen Ylymlar akademiýasyny täzeden guramak boýunça çäreleriň görlendigini belläp geçeliň. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen Ylymlary ösdürmegiň pudaklaýyn gaznasyna uly orun degişlidir.

Türkmen akademiki ylmynda köp sanly möhüm işläp taýýarlamalar bar. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulgamynyň lagym-zeý suwlarynyň gidrohimiki barlagy şolaryň biridir. Olaryň esasynda ekologiýa kartalary düzüldi, bu kartalar ekerançylygyň gurak zolagynda maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçin mümkinçilik döretdi. Maý aýynda kölüň töwereklerinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda täze nusgaly durmuş önümçilik toplumynyň düýbi tutuldy.

Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmek maksatnamasyna laýyklykda, Hazar deňziniň daşky gurşawyny we biologik dürlüligini goramak, deňziň tektoniki seýsmik işjeňligini öwrenmek boýunça ylmy barlaglar alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň günbatar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, uglewodorod we beýleki tebigy baýlyklaryny özleşdirmegiň, üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň, iri himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bejeriş-şypahana desgalaryny gurmagyň meýilnamalaryny nazara alanyňda möhüm ylmy-amaly ähmiýete eýedir.

Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde yzygiderli işleri alyp barýarlar. Bu ugurda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we beýleki abraýly guramalar bilen bilelikde ýene-de birnäçe taslamalar amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Garabogaz aýlagynyň mineral baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmegiň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarladylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça ýerine ýetirilen taslamada «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň binýadynda ýene-de üç bölümi – suwsuz sulfat natrini, magniý sulfatyny (epsomit) we magniý hloridini (bişofit) öndürmek boýunça bölümleri gurmak göz öňünde tutulýar. Türkmenabadyň himiýa zawodynyň buýurmasy boýunça Magdanly Köýtendag dag-magdan käninde «Durnaly» fosforit meýdançasyny özleşdirmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň alymlarynyň «intellektual önümleriniň» – patent alnan ylmy barlaglarynyň, ylmy oýlap tapyşlarynyň sanawy örän giňdir.

Olara ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň düzümini işläp taýýarlamak, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan orta we inçe süýümli gowaçanyň täze görnüşleri, Garagumuň çägelerini berkitmegiň usullary degişlidir. Bu işläp taýýarlamalar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ensiklopedik işiniň esasynda döredilen derman serişdeleri we beýlekiler dürli ugurlarda iş ýüzünde ulanylýar.

Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini, şol sanda dil bilimini, etnografiýany, arheologiýany, halkyň baý ruhy mirasyny we ýurdumyzyň ajaýyp tebigy künjeklerini goramak boýunça ulgamlary öwrenmekde uly işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz tarapyndan döredilen başlangyçlar üçin amatly şertleri ýurdumyzyň telekeçileri hem netijeli peýdalanýarlar. Olar önümçiligiň we marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen halkara derejelere çykýarlar. Türkmen önüm öndürijileri döwlet Baştutanymyzyň öňe gitmek üçin bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak, munuň üçin bolsa işewürlige innowasiýany ornaşdyrmagyň zerurdygy barada aýdan sözlerini öz işlerinde gollanma hökmünde kabul edýärler.

Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi häzirki wagtda geljegi uly ylmy taglymlary durmuşa geçirmek üçin badalga alyş meýdançasy bolup hyzmat edýär, bu ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen göni aragatnaşyk ýola goýuldy.

Şeýlelikde, 2019-njy ýylyň martynda Aşgabatda ýurdumyzda ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghanasy açyldy. Bu barlaghana azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara ölçegleri boýunça sertifikatlaşdyrmak üçin garaşsyz barlag geçirýär. Ol Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy esasynda bäsdeşlik, söwda we Merkezi Aziýada iş orunlaryny döretmek boýunça USAID Taslamasynyň ýardam bermeginde «Hil-Standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan döredildi.

Bu taslama köp ugurlar boýunça ähmiýetlidir. Ol döwlet we jemgyýet üçin peýdaly bolan hususy başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmekde, telekeçileriň milli standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ulgamyny ösdürmek boýunça wezipeleriň çözgüdine gatnaşmagynda, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksporta ugradylyşyny artdyrmakda, goşmaça maýa goýumlaryny çekmekde, häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmakda nusga bolup hyzmat edip biler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň artdyrylmagynyň, Watanymyzyň ylmyny dünýä derejesine çykarmaga ýardam berýändigini belleýär. Türkmenistan ösüş maksatlarynda ylym we tehnika boýunça BMG-niň Komissiýasyna iki gezek – 2014 — 2016-njy ýyllarda, soňra bolsa 2017 — 2020-nji ýyllarda saýlanyldy. Munuň özi ýurdumyzyň bu ulgamdaky halkara abraýynyň barha artýandygynyň subutnamasydyr.

26-njy fewralda Ýewropa Bileleşiginiň Baş edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Belgiýanyň paýtagtynda Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan Bilelikdäki Komitetiniň 18-nji duşuşygy geçirildi. Gün tertibine söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça işlenilip taýýarlanylýan täze strategiýasy babatda garalan Türkmenistanyň ykdysady syýasaty ulgamynda özgertmeleri mundan beýläk-de öňe ilerletmek baradaky meseleler girizildi.

Ylym-bilim ulgamy Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň has möhüm ugrudyr. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda TEMPUS, ERAZMUS, MUNDUS, ERAZMUS+, KAREN ýaly bilim maksatnamalarynyň çäklerinde ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli pudaklary üçin işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini, hünärmenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça onlarça taslamalar durmuşa geçirildi.

Häzirki günde ERAZMUS+ maksatnamasynyň çäklerinde 3 taslama, şol sanda oba hojalygynda innowasiýalar, täze tehnologiýalar arkaly Merkezi Aziýada ýokary bilimi kämilleşdirmek, ulag pudagyny dolandyrmak boýunça taslamalar amala aşyrylýar.

Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan täze wezipelerini nazara alyp, milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň iri möçberli meýilnamalary hem-de durmuşyň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda, türkmen tarapy Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin täze strategiýasynyň çäklerinde ähli derejeleri – başlangyç, orta, ýokary hünär bilim derejelerini öz içine alýan bu ugry güýçlendirmegi teklip etdi. Şeýle hem Ýewropada we Merkezi Aziýa döwletlerinde uniwersitetleriň arasyndaky özara alyşmalary, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamalaryny işjeňleşdirmek maksada laýyk bolar.

Ýurdumyz bilim ulgamyna dünýä ölçeglerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda BMG bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistanda işleýän abraýly guramalar: ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESCO bilen bilelikde iş alnyp barylýar.

Bu mesele 2019-njy ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz deputatlary bu ugurda bilim bermegiň täze standartlary, dünýäde gazanylan öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak arkaly okuwyň hilini ýokarlandyrmak, ähli ugurdaş edaralar üçin internet ulgamynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça işleri geçirmäge çagyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan, ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumaty bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy bu pudagy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz 14-nji fewralda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda çykyş edip, täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmezden dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmek, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary netijeleri gazanmak mümkin däl. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek meselesi öňdäki hatara çykýar diýip belledi. Eger jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirip, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlap bilmesek, onda bäsdeşlige ukyply döwletiň derejesine çykmak bize aňsat düşmez diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şeýle hem ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ähli pudaklary we olaryň döwlet dolandyrylyşyny tehnologik transformasiýa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgamda — IT ulgamynda erkin işlemegi başarýan hünärmenleri taýýarlamak boýunça mesele goýdy. Bu ýerde önümçiligiň nusgalaryny işiň mazmunyny düýpgöter üýtgetmegi başarýan, işleri täze ulgamlary we tehnologiýalary ornaşdyrmagyň kömegi bilen diňe bir ýönekeýleşdirmän, eýsem, olara işe innowasion häsiýet bermäge ukyply işgärleriň topary barada gürrüň gidýär.

Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hakyky ojagy bolan ýokary mekdebiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu örän möhüm ähmiýetli mesele döwletiň ol ýa-da beýleki hünärmenlere isleglerini nazara almak bilen çözülýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda soňky ýyllarda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň sany düýpli artdy, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň birnäçesi girizildi, bu iş häzir dowam edýär.

12-nji iýunda bolan maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat-tehnologiýalar babatda gazanylanlardan baş çykarmaga ukyply ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen birnäçe resminamalara, şol sanda «Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakyndaky» Permana gol çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdi kabul etdi. Bu ýokary okuw mekdebi täze hil derejeli hünärmenleri, ulag ulgamy üçin, okgunly ösmegini dowam edýän şäherleriň we obalaryň hojalyk toplumlaryna hyzmat edýän hünärmenleri taýýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlanylyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýip atlandyrmak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Munuň özi ýokary okuw mekdebine öz işini diňe sport maksatlaryna gönükdirmäge, syýahatçylyk pudagy üçin işgärleri taýýarlamagy bolsa medeniýete jogap berýän ulgam bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berer, bu bolsa dünýäniň syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynyň ösüş ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmen döwlet medeniýet institutynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. Onda döwrüň talaplaryny nazara almak bilen özgertmeleri geçirmek, ýurdumyzda milli hünärmenleri dünýä ölçegleriniň derejesinde taýýarlamagy kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler kesgitlendi.

Ýyl-ýyldan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany artýar. 5-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklap, Buýruga gol çekdi. Şeýlelikde, 12 müň 242 oglan we gyz ilkinji ýyl talyplary boldy. 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, kabul edişlik 3 müň 392 talyp orunlyk artdy. Munuň özi ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde täze okuw hünärleriniň döredilmegi netijesinde mümkin boldy.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamak boýunça täze ugurlaryň 33-si döredildi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna talyplar ilkinji gezek kabul edildi.

Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hünärli işgärlere bolan islegini nazara almak bilen, orta hünär okuw mekdeplerinde hünärleriň sany artdy. Şu okuw ýylynda hünär mekdepleriniň 42-si 9 müň 63 okuwçyny kabul etdi.

Ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin 8 müň 54 orun bölünip berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda halkara gatnaşyklary düýpli işjeňleşdirmek boýunça başlangyjy bilimiň hilini ýokarlandyrmakda uly ähmiýetli boldy. Munuň özi dürli ýurtlaryň hem-de halklaryň bilim we ylym ulgamlaryny baglanyşdyrýan özboluşly «intellektual diplomatiýadyr», ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň şu gününe we geljegine tarap kalplaryň arasynda gurlan berk «köprüsidir».

Her ýylda türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda bilim alýan okuw mekdepleriniň çägi barha giňelýär. Ýurdumyzyň iberýän talyplaryny okatmak işi gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýollanmasy boýunça amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda çykaran Buýrugyna laýyklykda, «Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Buharestiň raýat gurluşygy tehniki uniwersitetiniň arasynda, şeýle hem «Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda bilim we ylmy-barlag hyzmatdaşlygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna» türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

Bu Ähtnamalar 2018-nji ýylyň oktýabrynda düzümine Bilim ministrliginiň wekilleri we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary giren türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş saparynyň barşynda baglaşyldy.

Şonuň yzysüre – 20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalara gol çekdi, olara laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary Koreýa Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Rumyniýadan we Awstriýa Respublikasyndan bolan kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin sapara ugradyldy.

Bilim ulgamynyň hünärmenleri oba hojalyk pudagynyň häzirki zaman ösüşiniň, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň, jemagat hojalygynyň inžener üpjünçilik ulgamlaryny ulanmagyň dünýä tejribesini öwrenmek, ýurdumyzda dizaýnerçilik sungatyny ösdürmek, şäher hojalygyny meýilnamalaşdyrmakda binagärlik gurşawynyň dizaýnyny kämilleşdirmek maksady bilen daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldy.

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary boldy. Şonuň çäginde birnäçe resminamalara, şol sanda iki ýurduň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda resminamalaryň üçüsine gol çekildi. Munuň özi türkmen-russiýa gatnaşyklarynda ylym we bilim hyzmatdaşlygynyň möhüm orun eýeleýändigini ýene bir gezek tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz talyplar we mugallymlar, professorlar bilen ylmy gatnaşyklary, tejribe alyşmalary, bilelikdäki ylmy gözlegleri geçirmek işini işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň köpüsiniň dürli taýýarlyk ugurlary boýunça okaýandygyny hem-de şu gol çekilen resminamalaryň bu gatnaşyklara täze itergi berjekdigini belledi.

Ýurdumyzyň ençeme bilim edaralary daşary ýurtlardaky onlarça okuw mekdepleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdular. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Ýaponiýa bolan iş saparynyň barşynda giň halkara ylym we bilim hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, Günüň dogýan ýurdy bilen gatnaşyklara aýratyn orun berilýändigini nygtady. Türkmenistan bu gatnaşyklara ylmy-tehnologiýa ulgamyndaky möhüm we geljegi uly hyzmatdaşlyk hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýa serişdelerini döretmekde, nou-haulary ulanmakda, dürli ulgamlarda häzirki zaman dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda ýapon tejribesini öwrenmäge isleg tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Sukuba şäheriniň uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy hem-de Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda 2013-nji we 2015-nji ýyllarda gol çekilen akademiki alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy ýatlamak ýerliklidir.

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky özara gatnaşyk üstünlikli pugtalanýan netijlei hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup biler. Bu ýerde ýaponiýaly mugallymlar hem zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça 2016-njy ýyldan başlap, ýapon dili ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-sinde hem-de ýokary okuw mekdepleriniň 5-sinde okadylýar.

Birnäçe ýyllardan bäri türkmen ýaşlary talyplar üçin dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak baradaky «MIRAI» ýapon maksatnamasyna işjeň gatnaşýarlar. Ol dünýäniň ähli künjeginiň ýaş nesilleriniň wekillerini birleşdirmek bilen, olara ylmy gözlegleriň dürli amaly görnüşlerinde gymmatly tejribeleri alyşmaga mümkinçilik berýär.

Geçen okuw ýylynda oglanlarymyz we gyzlarymyz Belarusuň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyp şahadatnamalarynyň eýeleri boldular. Türkmenistanyň halkara ýokary okuw mekdepleri hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen talyplary okuwa kabul etdiler.

Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, orta umumybilim berýän mekdepleriň 12 ýyllyk okuwa geçirilmegini nobatdaky möhüm we düýpli işleriň hatarynda kesgitledi.

Bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini, şol sanda döwrebap okuw gollanmalaryny neşir etmegi gowulandyrmak boýunça uly işler alnyp baryldy. Bu işleri taýýarlamaga mekdep mugallymlary, Bilim ministrliginiň esasy hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň işgärleri işjeň gatnaşdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmak işi mekdepleriň okuw dersleriniň meýilnamasyna hem möhüm täzelikleri girizdi. Şolaryň hataryna esasy hünärler bilen birlikde, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirlemek we grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýa hünärleri goşuldy.

Sanlaşdyrmak maksatnamasyna laýyklykda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi ýurdumyzda himiýany, biologiýany we beýleki sapaklary öwrenmegi çuňlaşdyrmaga gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi.

Bu ugurda mekdep okuwçylarynyň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň sanynyň artmagy baradaky çözgüt möhüm ädim boldy. Bu çözgüt köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň çäginiň we okgunly ösüşiniň işjeň giňeldilmegini nazara almak bilen kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon we beýleki dilleri çuňlaşdyryp öwredýän okuw mekdepleri üstünlikli işleýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýokary okuw we beýleki okuw mekdepleriniň binalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, sebitlerde orta mekdepleriň 5-si we paýtagtymyzda çagalar bagy ulanylmaga berildi.

Hususan-da, Aşgabadyň iri ýaşaýyş toplumlarynyň biri bolan «Parahat — 7/1» toplumynda nusgalyk mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy ulanylmaga berildi. Ahal welaýatynda Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherçesinde we Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesinde iki orta okuw mekdebiň, Mary welaýatynda Mary etrabynyň «Diýar» geňeşliginiň Kelteler obasynda we Türkmengala etrabynyň «Täze dünýä» geňeşliginiň Ýagty obasynda, Lebap welaýatynda Köýtendag etrabynyň «Garnas» geňeşliginiň Garabagşyly obasynda orta mekdepleriň açylyş dabaralary boldy.

Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde täze okuw ýyly mynasybetli guralan baýramçylyk nyzamlarynda döwlet Baştutanymyzyň adyndan netbuk sowgat berlen körpeler — alty ýaşly birinji synp okuwçylary aýratyn mübäreklenildi. Çagalaryň terbiýesi we sazlaşykly ösüş baradaky aladanyň ýene bir ýüze çykmasy bolan bu däp milli Liderimiz tarapyndan 2011-nji ýylda ýola goýuldy.

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebinde ýene bir möhüm waka bolup geçdi. Bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep bilen teleköpri guraldy.

Bilim meselesi Russiýa we Türkmenistan üçin döwletlerimiziň geljegini kesgitleýän birinji derejeli meseledir. Munuň şeýledigine Astrahan welaýatynda türkmen dilini öwredýän täze mekdebiň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan sowgat berlen mekdebiň gurulmagy hem aýdyň subutnamadyr. Bu waka biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüş taryhynda ähmiýetli ädim boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň bilim syýasaty we sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, gujurly ýaş nesli terbiýelemek boýunça geçirilýän giň gerimli işler öz saldamly netijesini berýär. Milli we abraýly halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlary alýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

2019-njy ýylda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde medallaryň 142-sine eýe boldy. Şonuň 37-si altyn, 32-si kümüş we 73-si bürünç medallardyr. Ýaş türkmenistanlylar internet bäsleşiklerinde hem köp sanly baýraklary almagy başardylar.

Halkara intellektual bäsleşiklerinde türkmen talyplary 37 medala, şol sanda 9 altyn, 12 kümüş we 16 bürünç hem-de dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Ýurdumyzda «Ýylyň mugallymy» we «Ýylyň terbiýeçisi» atly döwlet bäsleşikleri hemişelik esasda geçirilýär. Olar mugallymlaryň öz ukyplaryny ýüze çykaryp we döredijilik mümkinçiliklerini açyp bilmegi, hünärleriniň abraýyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribäni wagyz etmek maksady bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldamagynda Bilim ministrligi tarapyndan guralýar.

Şeýlelikde, 2019-njy ýylyň jemini jemläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleriniň netijelerini göz öňünde tutmak bilen, bu ulgamda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de ähli taraplaýyn ösmegine we türkmen halkynyň gülläp ösmegine ýardam berýän täze belentliklere ýetilendigini aýtmak bolar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter