Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyna gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyna gynanç bildirdi

опубликованно 11.01.2020 // 338 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Haýsam bin Tarek Al Saida Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Kabus Bin Saidiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.

Gynanç hatynda bellenilişi ýaly, türkmenistanlylar doganlyk halkyň gynanjyny paýlaşýar. Onuň Alyjenaby Kabus Bin Said görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolmak bilen, Oman soltanlygynyň gülläp ösmeginiň hem-de onuň halkynyň abadançylygynyň bähbidine örän uly işleri bitirdi.

«Gudraty Güýçli Allatagala Siziň Alyhezretiňize we Omanyň ähli halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik bersin» diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär. Milli Liderimiz Kabus Bin Saidiň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynanýandygyny belläp, şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Omanyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter