Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

опубликованно 08.01.2020 // 284 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze, 2020-nji ýylyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollamak bilen, ähli halklar we adamzat üçin gülläp ösüş hem-de öňe gidişlik ýyly bolmagyny arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, şeýle hem doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem ösjekdigine umyt baglaýaryn.

Meniň iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Size täze ýyl gutlaglarymy ýollaýaryn hem-de Täze ýylda berk jan saglygyny we şatlyk duýgularyny arzuw edýärin. Goý, 2020-nji ýyl biziň hemmämize parahatçylyk we abadançylyk getirsin!

Angela Merkel,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal kansleri.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter