Gökderede çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümi başlandy | TDH
Jemgyýet

Gökderede çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümi başlandy

опубликованно 02.01.2020 // 462 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gyşky dynç alşa ugratmak dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary öz gyşky dynç alyş günlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda her ýyl guralýan baýramçylyk çykyşlaryna gatnaşmakdan başlaýarlar.

Köşgüň studiýalarynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymdyr sazlaryň, tanslaryň owazy astynda ene-atalar, mugallymlar, Täze ýyl çykyşlaryny ýerine ýetiren aýdym-saz toparlary, şeýle hem ertekileriň gahrymanlary — Aýazbabadyr Garpamyk we 2020-nji ýylyň nyşany bolan syçanjyk bilelikde oglan-gyzlary ugratdylar.

Bu ýere ýygnananlar ösüp gelýän nesliň sazlaşykly kemala gelmegi, ähli ýerlerde döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurulmagy barada edýän yzygiderli aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bu, öz nobatynda, berkarar Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň hem-de isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gökderäniň dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç almak hem-de boş wagty peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri dürli maksatnamany işläp taýýarladylar. Şonda sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri, sungat ussatlary bilen duşuşyklar hem-de muzeýlere we teatrlara gezelençler, sahna çykyşlaryny hem-de şygryýet agşamlaryny guramak göz öňünde tutuldy.

Okuwçylar üçin dürli ugurlar boýunça gurnaklary, kompýuter progammalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça okuwlary, işjeň we öwreniş dynç alyşlary guralar. Şunda olara ýokary okuw mekdeplerinde terbiýeçilik hünärleri boýunça bilim alýan talyplar hem ýardam eder. Mahlasy, Gökdere olar üçin hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda oňat tejribe bolar.

Şeýle hem çagalar üçin paýtagtymyza — Döwlet muzeýine, «Älem» medeni-dynç alyş merkezine, «Aşgabat» seýilgähine we beýleki ýerlere gezelençler guralar.

Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň geljekki nesliniň saglygyna we ösüşine yzygiderli üns berilmegi netijesinde mümkin boldy.

...Ine-de, çagalary gyşky dynç alyş dünýäsine ugratmak pursady gelip ýetdi. Ene-atalaryň we dostlaryň ak ýol arzuw etmegi bilen owadan bezelen awtobuslar kerweni Gökderä — Köpetdagyň etegindäki gözel künjege tarap ugur alýar, şol ýerde çagalara tanymal artistleriň we çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda mähirli kabul edişlik we baýramçylyk çäreleri garaşýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter