Kuwwatly ykdysadyýet — gülläp ösýän ýurt | TDH
Ykdysadyýet

Kuwwatly ykdysadyýet — gülläp ösýän ýurt

опубликованно 25.12.2019 // 308 - просмотров
 

Türkmenistanyň ösüşiniň esasy meýillerini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan milli toplumlaýyn we pudaklaýyn maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny beýan edýän «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň şu ýyldaky jemleýji sany geçip barýan ýylyň deslapky netijelerini jemledi.

Şeýle hem žurnal ýurdumyzyň ykdysady wezipelerini çözmäge ýardam etmek maksady bilen, maliýe, salgyt-býujet, pul-karz syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça ylmy syn makalalaryny, dünýäde bar bolan öňdebaryjy maliýe iş tejribeleri boýunça seljeriş maglumatlaryny çap edýär.

Neşiriň awtorlar topary — ykdysadyýetiň, bank işiniň, maýa goýumlaryň, ätiýaçlandyrmanyň, buhgalter hasaby we auditiň dürli ugurlarynda alymlary, mugallymlary, kanun çykaryjylary we beýleki hünärmenleri birleşdirýän bilermenler bileleşigi bolup durýar.

Žurnalyň täze sanynyň tematikasy Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny, ýurdumyzyň býujet ulgamyny we onuň 2020-nji ýyl üçin maksatlaýyn ugurlaryny döwlet Baştutanymyzyň innowasion ösüşiň esasy ugry hökmünde kesgitlän sanlylaşdyrma işi bilen bagly meseleler gurşap alýar.

Žurnalyň sahypalarynda halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda geçirilýän işlerde beýan edilip, onuň dürli ugurlaryna uly üns berildi. Şol işler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi, işewür toparlarynyň has işjeň we giňden gatnaşmagy üçin şertleri döretmek, iri taslamalary amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk hem-de kongres-sergi ugurlaryny öz içine alýar.

BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerinde söwda we ulag gatnaşyklarynyň ösüşine aýratynlykda garaldy. Şol maksatnamada 2019-njy ýylda Türkmenistan başlyklyk etdi. Bir aý mundan ozal Aşgabatda SPEKA günleri geçirildi, onuň çäklerinde söwda we üstaşyr amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine, sebitde serhetüsti önümçilik — ýerleýiş halkasyny kemala getirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm çäreler geçirildi.

SPEKA ýurtlary bilen Türkmenistanyň haryt dolanyşygynyň mukdarynyň ýyl-ýyldan ep-esli artýandygy bellenilýär. Ine, bu 2016-njy ýylda ABŞ-nyň 886 million dollaryna deň bolan bolsa, ol 2017-nji ýylda 982 million dollara barabar bolup, 11 göterim artdy. 2018-nji ýylda ösüş 13,3 göterime ýetip, ABŞ-nyň 1 milliard 113 million dollary görkezijisine barabar boldy.

Şu ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça bu möçber eýýäm 1 milliard dollardan geçdi. Söwdanyň has köp bölegi Owganystana, Özbegistana, Azerbaýjana we Gazagystana düşýär.

Žurnalyň sahypalarynda şeýle hem makroykdysady nusgalaşdyrmak ulgamynda onuň Türkmenistanyň ýerlerine uýgunlaşmagyndan ugur alyp, ABŞ, Şweýsariýa, Niderlandlar, Singapur ýaly ösen ýurtlaryň tejribesi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen iri möçberli meýilnamalary amala aşyrmak maksadynda iş ýüzünde peýdalanylmagy seljerilýär.

Ykdysady ösüşi kesgitleýän bäş ýagdaý bar: tebigy gorlar, adam maýasy, pul serişdeleri, tehnologik ösüş we syýasy gurşaw. Ýöne bilermenleriň nygtaýşy ýaly, diňe bir adaty serişdeleriň bolmagy, onuň neneňsi möhüm bolmagyna garamazdan, ýeterlik däldir. Mysal üçin, Indoneziýa ýa-da Braziliýa ýaly ýurtlar tebigy serişdelere has baý bolsa-da, Niderlandlaryň ykdysadyýeti häzirki günde olara garanyňda, ösüşiň has ýokary derejesi bilen häsiýetlenýär.

Başgaça aýdylanda, ykdysady ýagdaýlar agdyklyk edýän ýurtlar bäsleşip bilmek artykmaçlyklaryna eýedir hem-de öz mümkinçiligini has netijeli amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň düýpli özgertmeleri hem ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň şunuň ýaly nusgasyna gönükdirilendir.

Şu özgertmeleriň üstünligi oýlanyşykly, köptaraply çemeleşme bilen şertlenip, döwlet işiniň ähli ugurlarynyň has-da kämilleşdirilmegini, ýurdumyzda bazar serişdeleriniň hem-de daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini üpjün edýär. Bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylýar.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde halkara ykdysady gatnaşyklar bölümi işläp başlady. Hökümetara iş toparlaryny utgaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalarynyň ykdysady, maliýe we tehniki seljermelerini geçirmek boýunça strategik wezipeler onuň ygtyýaryna degişli edildi.

Şeýlelikde, milli Liderimiziň ykdysady strategiýasy diplomatik derejeden başlap, önümçilik derejesine çenli ähli derejelerde durmuşa geçirilýär hem-de Türkmenistanyň innowasion kuwwatyna hemmetaraplaýyn baha berilmeginiň we uzak möhletli ylmy-tehnologik çaklamalaryň netijelerine daýanýar.

Ol durmuş ulgamyndaky özgertmelere, halkymyzyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň onuň senagat taýdan ösüşi, biziň ägirt uly çig-mal serişdelerimizi ulanmak hem-de eksporty ösdürmek, ähli ulgamlarda täze tehnologiýalary öňe ilerletmek arkaly abadançylygyň derejesini ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmäge ünsi jemleýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, ýokary bilimde barlag işlerini we innowasion ösüşleri höweslendirmäge uly tagallalar gönükdirilýär. Aýratyn ykdysady zolaklary, tehnoparklary, işewürlik toplumlaryny özünde jemleýän innowasiýalary goldamagyň düzümi ösdürilýär, sebitleri we uzakdaky obalary sanly ulgama geçirmek ýaýbaňlandyrylýar, «akylly» şäherleri hem-de ýaşaýyş toplumlaryny döretmäge başlanyldy.

Makalalary ýazanlar, bir tarapdan, iş öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagynyň we ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda önümçiligiň netijeli bolmagynyň, bazarlaryň giňeldilmeginiň we önümleriň bäsleşige ukyplylygynyň artmagynyň, täze pudaklaryň döredilmeginiň, maýa goýum işjeňliginiň ösmeginiň, ilatyň girdejileriniň hem-de sarp ediliş mukdarynyň ýokarlanmagynyň netijesinde innowasion ösüşiň ykdysady taýdan ýokarlanmagynyň esasy çeşmesine öwrülýändigi barada netijä gelýärler.

Beýleki tarapdan, ykdysady ösüş täze önümleriň hem-de tehnologiýalaryň peýda bolmagy üçin mümkinçilikleri giňelder, döwletiň ynsan maýasynyň (ilkinji nobatda, bilime we ylma) ösmegine, şeýle hem innowasiýalary goldamaga gönükdirilen maýa goýumlary artdyrmaga mümkinçilik berer. Şu özara baglanyşyga žurnalda Türkmenistanyň obasenagat ulgamyny sanlylaşdyrmagyň hem-de takyk ekerançylygy ösdürmegiň mysalynda garalýar.

Sanly ykdysadyýeti döretmezden ýurdumyzyň ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däldir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, pudaklary ösdürmegiň täze maksatnamasyny işläp taýýarlap, onda Türkmenistanyň maglumat-tehnologiýalar merkezini döretmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygy bellenildi.

Ykdysady hünär ugurly dürli okuwlaryň talyplaryna we diňleýjilerine, şeýle hem dürli derejedäki ýolbaşçylara zähmet öndürijiligi ýaly ykdysady ösüşiň möhüm görkezijisine bagyşlanan makala gyzykly we peýdaly bolup biler.

Ol önümiň has köp mukdarda öndürilmeginde yhlasly çekilýän zähmete has az sarp etmeleriň hem-de wagtyň tygşytlanmagynyň gatnaşygy bilen ölçenilýär. Şu hasaplamalaryň ulanylmagy kärhanalary we pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň netijeliligine baha bermek, olaryň işine innowasion tehnologiýalary we intellektual ulgamlary ornaşdyrmak üçin zerurlyga öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly kitabynda 2021 — 2030-njy ýyllardaky döwürde ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ilatyň jan başyna düşýän möçberiniň, zähmet öndürijiliginiň we raýatlaryň hakyky girdejileriniň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesinde boljakdygyny çaklaýar.

Bellenen sepgitlere tarap hereketleri, bu ugurdaky ýolda geçilen tapgyrlary we amala aşyrylan işleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan neşir edilýän žurnal beýan edýär. Bu ulgamdaky nazary we amaly meseleleri gozgap hem-de olary çuňňur işläp bu neşir, şeýle hem okyjylara häzirki döwürde başlanan giň gerimli özgertmelerden garaşylýan durmuş ýagdaýlarynyň täsirleri arkaly, türkmen ykdysadyýetiniň geljegine garaýşy emele getirýär.

«Maliýe we ykdysadyýet» žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilip, onuň sahypalarynda daşary ýurtly hünärmenleri, işewürleri we seljerijileri bilermenlik nukdaýnazaryndan gatnaşmaga çekip, pikir alyşmaga mümkinçilik bar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter