Balkan welaýatynda täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli uly baýramçylyk | TDH
Jemgyýet

Balkan welaýatynda täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli uly baýramçylyk

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow Serdar etrabynyň «Arkaç» geňeşliginiň çäginde gurlan täze, döwrebap Rowaç atly obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze obanyň gurulmagy «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir ähmiýetli ädim boldy.

Mälim bolşy ýaly, şu maksatnamanyň çäklerinde sebitlerde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi kemala getirmäge iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Şol düzüm bolsa türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy, döredijilikli zähmeti üçin has amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Watanymyzyň dürli künjeklerinde peýda bolan täze obalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça mähriban Diýarymyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň ajaýyp miwesidir. Ine, şu gün hem nobatdaky desgalaryň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

...Ir säherden bu ýerde ruhubelentlik hem-de ählumumy baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Meýdançalar we binalar, baýdaklar, şygarlar, dürli reňkli howa şarlary bilen bezelipdir. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, sazandalaryň, folklor toparlarynyň çykyşlary, joşgunly tanslar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Dabara sebitiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köp sanly ýerli ýaşaýjylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, bagt, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze, uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — täze, döwrebap obanyň açylmagyny alamatlandyrýan toýbagy dabaraly ýagdaýda kesilýär. Bu oba döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň misilsiz subutnamasydyr. Şol syýasatyň many-mazmuny bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda jemlenendir.

Soňra dabara gatnaşyjylar giň köçeleriň ugrunda peýda bolan köp sanly ýaşaýyş jaýlaryna tarap ugradylar. Täze obada üç we dört otagly kaşaň jaýlaryň jemi 268-si guruldy. Şol ýerde uly türkmen toýy ýaýbaňlandyryldy. Milli däpleri hem-de halkymyzyň dessurlaryny özünde jemlän täsin sahna çykyşlary, şol sanda jaý toýy, pişme toýy bilen baglanyşykly dabaralar bu toýa özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ençeme asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, häzirki döwürde hem özboluşly we köp öwüşginli däp-dessurlar özüniň ruhy-medeni köklerine hem-de gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şol däpleri geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga uly üns berýär.

Täze jaýlara göçüp baran bagtyýar maşgalalar myhmanlary duz-çörek bilen garşylap, olary öz öýlerine çagyrýarlar. Jaýlaryň gurluşygynda oba durmuşynyň aýratynlyklary hem-de türkmen maşgalasynyň ýaşaýyş-durmuşynyň özboluşly däpleri göz öňünde tutuldy. Bu ýerde mellek ýerleri, mal saklamak üçin ýataklar, bassyrma hem bar.

Bir söz bilen aýdylanda, ýaşamak üçin ähli şertler döredildi. Eýwan, giň we ýagty otaglar, enjamlaşdyrylan aşhana, garaž hem-de beýleki zerur inžener-tehniki ulgamlar göz öňünde tutuldy.

Bu ajaýyp öýleriň eýeleri dabara gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolup, milli Liderimize halkymyz barada edýän ýadawsyz aladasy, oba ýaşaýjylaryna ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi babatda döredilýän ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanlylary has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir.

Döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilmegi netijesinde, şäherlerde, etraplarda we oba ýerlerinde ýaşaýyş jaý gurluşygy giň gerime eýe boldy. Şol ýerlerde has oňaýly ýaşaýyş jaýlary toplumlaýyn gurulýar. Bu gün islendik oba ýaşaýjysy gozgalmaýan emläk üçin karz almak we paýly gurluşyk şertlerinde özüne jaý gurnup biler.

Bu ýerde gurlan, iň täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik berýär. Şol hyzmatlar bolsa hil babatda şäherdäki saglygy goraýyş edaralarynyň derejesinden birjik-de pes däldir.

Täze açylan çagalar bagy obanyň iň körpe ýaşaýjylary üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan ajaýyp sowgat boldy. Şol çagalar bagy körpeleriň 160-syna niýetlenendir. Bu ýerde ýaş toparlarynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, çagalaryň sazlaşykly ösmegi hem-de wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Binada giň we ýagty otaglar, şol sanda çagalar üçin oňaýly ýatakhanalar, sapaklary geçirmek üçin niýetlenen otaglar, aýdym-saz otagy hem-de sport zaly ýerleşýär.

Bu döwrebap desganyň ýanaşyk ýerlerinde ähli enjamlar göz öňünde tutulan oýun meýdançalary bar. Şol ýerde çagalar daşarda, arassa howada wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirerler. Şeýle hem zerur enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk otagy bar.

Bu ýerde beýleki degişli desgalar — zerur tehnika bilen enjamlaşdyrylan aşhana we kir ýuwulýan otag hem göz öňünde tutuldy. Özbaşdak energiýa, suw we ýylylyk üpjünçilik ulgamlary çagalar bagynyň üstünlikli işlemegine ýardam eder.

Gapylaryny giňden açan, 320 okuwça niýetlenen mekdep binasy oba ilatynyň buýsanjyna öwrüldi. Bu binada hem ösüp gelýän nesliň döwrüň talabyna laýyk ýokary hilli döwrebap bilim almagy, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredildi.

Başlangyç synplar hem-de dürli dersleri — matematikany, fizikany, biologiýany, himiýany we beýlekileri öwrenmek üçin niýetlenen otaglar ýörite enjamlar hem-de mowzuklaýyn görkezme esbaplary bilen üpjün edildi.

Elbetde, degişli enjamlar bilen doly enjamlaşdyrylan sport zaly hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin niýetlenen meýdançalar hem çagalaryň ygtyýaryndadyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesliň saglygyny berkitmek üçin olaryň okuw mekdeplerinde bolmagyna uly ähmiýet berýär.

Mundan başga-da, täze obanyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp Medeniýet öýi guruldy. Şol ýerde höwesjeňler döredijiligini ösdürmek, ilaty, şol sanda ýaşlary sungat älemine çekmek, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek üçin amatly şertler göz öňünde tutuldy.

Medeniýet öýünde tomaşaçylar zaly we dürli dabaralary hem-de baýramçylyklary geçirmek, kitap okamak hem-de döwürleýin metbugat bilen tanyşmak, aýdym-saz we tans bilen meşgullanmak üçin niýetlenen we ýörite enjamlar bilen üpjün edilen otaglar, dürli gurnaklara niýetlenen otaglar ýerleşýär.

Täze obada gurlan Söwda merkezinde alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Şolaryň hatarynda köp dürli azyk harytlary — süýt we çörek önümleri, unaşlaryň dürli görnüşleri, süýji-köke, gök-bakja önümleri we miweler, alkogolsyz içgiler we beýlekiler bar. Körpe ýaşaýjylara bolsa çaga iýmitiniň köp görnüşleri niýetlenendir.

Azyk önümleriniň esasy böleginiň ýurdumyzda öndürilendigi bellärliklidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ähli welaýatlarda özüne maldarçylyk, guşçulyk hem-de ýyladyşhana toplumlaryny birleşdirýän obasenagat desgalary döredilýär. Şolarda öňdebaryjy tejribe giňden ulanylýar hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Et, süýt we çörek önümlerini hem-de beýleki azyk harytlaryny öndürýän kärhanalar yzygiderli işe girizilýär. Bu giň möçberli işe ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri işjeň gatnaşýar. Olar bu pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýarlar.

Obadaky Hyzmatlar öýi hem şäherdäki şeýle desgalardan birjik-de pes durmaýar. Mundan başga-da, Geňeşligiň binasy, 360 belgä niýetlenen awtomat-telefon stansiýaly aragatnaşyk bölümi, azyk harytlary dükany, güýjenmesi 35 KWt bolan elektrik podstansiýasy, kuwwaty gije-gündizde 1000 kub metr suwa barabar bolan suw arassalaýjy desga guruldy. Şeýle hem obada metjit bina edildi.

Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde bilim, saglygy goraýyş, ilatyň iş bilen meşgullanmagy, boş wagtyny medeniýetli geçirmegi, aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerine elýeterliligiň üpjün edilmegi babatda adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin hemme şertler döredildi.

«Balkangurluşyk» önümçilik birleşiginiň ýerli bölümleri bu desgalaryň gurluşygynyň potratçylary bolup çykyş etdiler. Bu möhüm durmuş ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge «Balkannebitgazgurluşyk» kärhanasy we «Bagtyýar ýaşlar», şeýle-de «Sarydaş» hususy gurluşyk kärhanalary hem gatnaşdy.

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şäherleriň we obalaryň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegi, sebitlerde köp sanly medeni-durmuş, senagat, ulag-aragatnaşyk maksatly desgalaryň we beýleki binalaryň gurulmagy hem-de şolaryň gurluşygynyň giň gerimde dowam etmegi munuň aýdyň netijesidir. Ata Watanymyzyň iň alysdaky künjeklerine hem täze durmuş gelýär. Şolaryň keşbi gözümiziň alnynda özgerýär.

Oba hojalygyndaky köpugurly özgertmeler rowaçlyk hem-de azyk bolçulygyny döredýän oba zähmetkeşleriniň, daýhanlaryň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga, obanyň ýaşlar we ähli ýaşaýjylar üçin özüne çekiji bolmagyny üpjün etmäge, olaryň telekeçilik işi bilen meşgullanmagy üçin hemme şertleriň döredilmegine, bu ýerde köp çagaly maşgalalaryň kemala gelmegine hem-de ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak, ekerançylygy, guşçulygy, maldarçylygy hem-de tohumçylyk işini yzygiderli ösdürmek maksady bilen görülýän netijeli çäreler bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Obasenagat toplumynyň inžener-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine gabat gelýän döwrebap oba hojalyk tehnikalary satyn alynýar. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine aýratyn üns berilýär.

Halk Maslahatynyň çözgütlerine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, welaýatlarda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi. Paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere bugdaý, pagta hem-de gök-bakja, üzüm we miwe önümlerini öndürmek, şol gaznalardan uzak möhletli peýdalanmak üçin ýer bölekleri bölünip berilýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol Konsepsiýa laýyklykda, oba hojalygyna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar we iri senagat taslamalary durmuşa geçirilýär. Şol taslamalar ähli sebitlerde amala aşyrylyp, olaryň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam berýär.

Munuň özi, ilkinji nobatda, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge degişlidir. Şonuň çäklerinde täze türkmen obasynyň hem-de agrar-senagat etrabynyň köpugurly nusgasy döredildi.

Bu maksatnama möhüm wezipeleriň toplumyny çözmäge gönükdirilendir. Ekin hem-de öri meýdanlarynyň giňeldilmegi netijesinde, ekerançylyk we maldarçylyk okgunly ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, dokma, azyk senagatynyň we beýleki senagat pudaklarynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar.

Munuň özi bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksport kuwwatyny artdyrmak, azyk bolçulygyny döretmek bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ýörelgeler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde çykyş edýär.

Welaýatlarda täze zawodlary we fabrikleri, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikleri gurmaga iri maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň mukdarynyň artdyrylmagynyň hasabyna Diýarymyzyň gurluşyk, dag-magdan senagaty uly goldawa eýe boldy.

Sebitleri ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge dürli ugurly döwlet we hususy kärhanalary işjeň gatnaşýar. Obalaryň zerurlygy üçin döwrebap oba hojalyk tehnikalary, awtobuslar, ýük awtomobilleri hem-de beýleki ulag serişdeleri satyn alynýar. Goşmaça maliýeleşdirmekden başga-da, munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň iş bilen meşgullanmagynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

Ýaşaýyş-durmuşyň hili ekologiýa abadançylygy, adamlaryň netijeli işlemegi hem-de boş wagtyny göwnejaý geçirmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen hem baglanyşykylydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bag ekmek, şäherleriň we obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy, serişdeleri hem-de energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, medeni-dynç alyş we sport merkezleriniň işi höweslendirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, halkymyzyň ruhy-medeni mirasyny aýawly saklamaga aýratyn üns berilýär, oba ilatyna däp bolan senetleri, özboluşly halk döredijiligini ösdürmek babatda ýakyndan kömek berilýär.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — Gökdepe etrabynyň çäginde ýokary depginde gurulýan täze şäheriň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze nusgadaky durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi bellärliklidir. Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç hem-de Kerki etraplarynda, Mary welaýatynyň Türkmengala, Sakarçäge we Wekilbazar etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleriň düýbi tutuldy. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalaryň iri toplumy gurlar.

Şolaryň ählisi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, obada ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şäherdäki ýaly, ähli durmuş amatlyklaryny döretmek işinde esasy görkezijileriň aýdyň mysaly bolmalydyr. Tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan hem-de raýatlarymyzyň abadançylygyny ileri tutýan işler giň gerime eýe boldy.

Umuman, bularyň ählisi Türkmenistanyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamynda ýetilen belent sepgitleriň aýdyň subutnamasydyr. Şol üstünlikler bolsa, ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerindäki raýatlarymyzyň hem abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.

Mahlasy, şu gün täze obada köp sanly desgalaryň açylmagy mynasybetli geçirilen dabaralar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk, döredijilik we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter