Türkmenistanyň Prezidenti «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 23.12.2019 // 627 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň belli «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Býorn Stefan Klauzeni kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny ýakynda bellenilip geçilen Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän Täze, 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady. Jenap Býorn Stefan Klauzeniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda uly üstünlikler gazanyldy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy nebitgaz ulgamynda geçirilýän oňyn özgertmelere ýokary baha berip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän, ägirt uly tebigy gorlara eýe bolan türkmen döwletiniň häzir dünýäde energiýa serişdelerini öndürýän döwlet hökmünde uly abraýa eýedigini belledi.

Jenap Býorn Stefan Klauzen ýurdumyzyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Prezidentine hyzmatdaşlygy berkitmek işinde berilýän goldaw hem-de türkmen ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Myhman Ahal welaýatynda işe girizilen döwrebap senagat toplumynyň — dünýäde ilkinji zawodyň täsin aýratynlyklaryny belläp, bu desganyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmekde aýgytly we ajaýyp çözgüt bolandygyny aýtdy. Onda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik awtomobil ýangyjy senagat möçberinde öndürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Býorn Stefan Klauzen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şol zawodda önümçiligiň innowasion häsiýetini tassyklaýan halkara güwänamalary gowşurdy.

Şeýlelikde, Daniýa Patyşalygynyň Energetika senagaty federasiýasy kärhanada ornaşdyrylan ekologiýa ölçegleriniň ýokary derejesini belledi, ol daşky gurşawa kömürturşy gazynyň täsiriniň has azdygyny, çykarylýan önümiň kükürtsiz bolmagyny, zyýanly metallaryň bolmazlygyny we aromatiki hem-de olefin uglewodorodlarynyň mukdarynyň bildirilýän berk talaplara gabat gelýändigi üçin ekologiýa taýdan arassa bolup durýandygyny aňladýar, Beýik Britaniýanyň Himiýa inženerleriniň akademiýasy (IChemE) bolsa, TIGAS (tebigy gazdan sintetiki benziniň alynmagy) tehnologiýasynyň kämilleşdirilendigi üçin ýokary baha berdi.

1922-nji ýylda inžener-himiýaçylar we tehnologlar üçin hünär edarasy hökmünde esaslandyrylan IChemE iri guramanyň güwänamasy «Nebit we gaz 2019» ählumumy nominasiýasynyň ýeňijisine gowşuryldy.

TIGAS tehnologiýasy Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod üçin «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Ol ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşdyrylyp, energiýa harajatlarynyň hem-de daşky gurşawa täsiriniň azlygy bilen birlikde, ýokary hilli benzini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiz hoş habar hem-de ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanyň geçirýän giň gerimli işleriniň halkara derejede ykrar edilmegine şaýatlyk edýän resminamalaryň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň nebitgaz pudagyny ösdürmegi, täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümini giňeltmegi ugur edinýändigini belledi.

Şu nukdaýnazardan, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de ekologiýa taýdan arassa önümleri çykarmak biziň üçin ileri tutulýan ugur bolup, bu babatda anyk işler amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmenistan howanyň üýtgemegi hem-de adamyň işjeň hojalyk işlerini geçirmegi bilen baglylykda, daşky gurşawyň goralmagyna uly ähmiýet berýär. Şunda tebigy serişdeleri aýawly saklamak we netijeli ulanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu babatda ýurdumyz degişli ugurda umumylykda kabul edilen halkara şertnamalarynyň we konsepsiýalarynyň kadalaryny nazara almak bilen, maksada gönükdirilen işleri yzygiderli geçirýär.

Häzir Türkmenistanda dünýäde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagyny alamatlandyrýan dördünji senagat öwrülişiginiň geçirilmegi bilen baglylykda, uly işler alnyp barylýar.

Bu ugurda görülýän anyk çäreler eýýäm Diýarymyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamyna öz täsirini ýetirip başlady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamak ileri tutulýan wezipe bolup durýar.

Dünýäniň iň gowy tejribesini nazara almak bilen, biziň ykdysady nusgamyz döwlet we milli bähbitler üçin hem-de sebitiň we dünýäniň durnukly ösüşi boýunça wezipeleriň çäklerinde amala aşyrylýar. Şonuň üçin Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezip, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna takyk eýerýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu gün ýurdumyz täze tehnologik ösüşe — dördünji senagat öwrülişigine tarap ilerlemek bilen, ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döredip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy ulgamlary ornaşdyrýar hem-de şolary sanly ulgama geçirýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şunda daşary ýurt maýalarynyň çekilmegine, ýokary tehnologiýalaryň we dolandyryş çözgütleriniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ykdysady ösüşi gazanmak üçin şertleri döretmäge, öz güýjüňi we çig mal serişdelerini giňden peýdalanmaga kömek edýär.

Sanly ykdysadyýete geçmek bu gün döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda kesgitlenen meýilnamalary iş ýüzünde amala aşyrmak bilen, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, bazar we düzüm özgertmelerini geçirmegiň, gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmegiň täze tapgyry başlanýar. Munuň özi dokma önümlerinden başlap, gazhimiýa önümlerine çenli dürli harytlary eksport edýän iri döwlet hökmünde Türkmenistanyň dünýäde eýeleýän ornuny artdyrmaga ýardam etmelidir.

Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy mynasyp hyzmatdaş hökmünde onuň abraýyny pugtalandyrýar, halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň diplomatik abraýyny artdyrýar.

Türkmenistanyň maksadalaýyk geçirýän syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary we pikirleri ählumumy ykdysady işleriň seljermesi esasynda guralyp, ylmy taýdan esaslandyrylandyr hem-de geljegi uly iri taslamalarda we maksatnamalarda anyk beýanyny tapmaga gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek işleri amala aşyrylýar, dünýä bazarynda uly islege eýe bolan nebitgaz önümlerini öndürýän döwrebap önümçilik toplumlary gurulýar we ulanylmaga berilýär. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr.

Bu iri kärhanalar ýurdumyzyň sebitlerini giň gerimde senagatlaşdyrmaga, eksport ugurly harytlary çykarmagyň hasabyna türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär. Deňi-taýy bolmadyk taslamalary amala aşyrmak bilen, biz ýurdumyzy tutuş dünýäniň geljegini nazarlaýan «ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm merkezleriniň birine öwürmek üçin zerur şertleri döredýäris.

...Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod öz ölçegleri boýunça ýeke-täk bolup durýar. Bu kärhanada tebigy gaz senagat möçberinde suwuk ýangyja öwrülýär. Bu uly çözgüt, GTG taslamasy — gas to gasoline — senagat derejesinde dünýäde ilkinji gezek Türkmenistanda amala aşyrylýar.

Biziň ýurdumyz «Gün tertibi — 2030-a» girýän ugurlaryň — energiýanyň gymmat däl, ygtybarly we häzirki zaman çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek, ykdysady ösüşe, senagatlaşdyrmaga we innowasiýalara ýardam etmek, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine we onuň täsirlerine garşy durmak, biologik köpdürlüligi goramak ýaly ugurlarda oňyn tejribe toplady.

Türkmenistan iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyranda, onuň ekologiýa bölegine aýratyn üns berýär. Täze önümçilik toplumlarynda halkara ölçeglere laýyk gelýän önümleri öndürmek boýunça innowasion tehnologiýalar ulanylýar. Kärhanalarda önümçilik işi ekologiýa taýdan howpsuz we netijeli usullaryň ulanylmagy bilen tapawutlanýar, bu bolsa zyýanly galyndylaryň howa zyňylmagyny aradan aýyrýar.

Soňky ýyllarda işe girizilen iri senagat toplumlarynyň her biriniň daşky gurşawy goramagyň umumylykda kabul edilen kadalaryna kybap gelýändigini tassyklaýan halkara güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» diýen bölümde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilip, ekologiýa babatda üstünlikli taslamalaryň biri hökmünde bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan bu döwrebap önümçilik toplumy ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Gollandiýadan, Şwesiýadan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Hindistandan hem-de beýleki döwletlerden dünýä belli önüm öndürijileriň täze tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edildi.

Kärhanada her ýyl «mawy ýangyjyň» 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işlenilip, şondan EURO-5 ölçegine kybap gelýän ECO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy hem-de suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy öndürilýär.

Galyndylary gaýtadan işlemek boýunça täsin tehnologiýalaryň ulanylmagy bu senagat desgasyny dünýäde ekologiýa taýdan arassa önümçilik hökmünde tapawutlandyrýar, bu bolsa beýleki ýurtlar üçin nusga bolup hyzmat edýär. Hususan-da, toplum «Ekologiýa taýdan arassa» diýen güwänama hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň degişli nyşany bilen sylaglanyldy.

Deňi-taýy bolmadyk bu taslamanyň amala aşyrylmagy, bir tarapdan, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde möhüm waka öwrüldi, beýleki tarapdan bolsa, tutuş Ýewraziýa sebitiniň düzümine uly maýa goýumy bolup hyzmat etdi. Bu Şweýsariýanyň Federal tehnologiki institutynyň Energetika departamentiniň «Innowasion tehnologiýalar» güwänamasynyň zawoda berilmegi bilen tassyklanyldy...

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy.

Onuň çäklerinde, pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýäde we sebitde durnukly ykdysady ösüşiň maksatlary bilen berk baglydygyny belledi. Bu, öz nobatynda, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly nebit we gaz ýataklarynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edýär.

«Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem özara gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça teklipler beýan edildi. Hususan-da, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmagy öwrenmek hem-de bilelikdäki ylmy işleri geçirmek we hünärmenleri alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman biri-birine hoşniýetli arzuwlary aýdyp, uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter