Gurluşyk senagatynyň ösdürilmegi — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy | TDH
Jemgyýet

Gurluşyk senagatynyň ösdürilmegi — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy

опубликованно 23.12.2019 // 410 - просмотров
 

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy žurnalynyň nobatdaky sanynda okyjylara belli türkmen alymlarynyň, şeýle hem ýaş hünärmenleriň ylmy, syn-seljerme hem-de maglumat, aň-bilim häsiýetli makalalary hödürlenilýär, olar binagärlik-şähergurluşyk işleriniň möhüm meselelerine bagyşlanýar.

Žurnalyň bu sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Permany bilen açylýar, oňa milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen nobatdaky mejlisinde gol çekdi.

Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň dabaraly açylyşyna bagyşlanan makala žurnalyň şu gezekki sanynyň esasy temalarynyň biri boldy. Makalada şunuň ýaly senagat kärhanasynyň dünýäde ilkinjidigi nygtalýar. Ekologiýa taýdan arassa sintetiki ýangyjyň öndürilmegi ýurdumyzyň innowasiýa ösüş ýoluna düşendiginiň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup hyzmat edýär, şeýle tehnologiýalar geljekde dünýä nebitgaz bazarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirer.

«Sergi» bölüminde «Türkmengurluşyk — 2019» halkara sergä hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata bagyşlanan makala çap edilýär.

Awtoryň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça her ýyl geçirilýän bu çäreleriň esasy wezipeleri gurluşyk ulgamynda gazanylýan üstünlikleri, häzirki zaman tehnologiýalary, geljegi uly taslamalary görkezmekden, şeýle hem özara tejribe alyşmakdan, türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň arasynda täze işewürlik gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek hem-de iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasiýa ösüşini ugur edinmek bu pudaklaýyn gözden geçirilişiň baş ugry boldy. Köpugurly sergi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini, şähergurluşygyň we binagärligiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mümkinçiliklerini, emele gelýän häzirki zaman şäher we ulag düzümleriniň kuwwatyny aýdyň beýan etdi.

Şeýle hem, bu bölümde «Bauhauzyň ýüz ýyllygy mynasybetli Germaniýanyň we Türkmenistanyň arasynda gurluşyk medeniýeti ulgamynda tejribe alyşmak» atly birinji bilelikdäki binagärlik sergisi hakynda makala ýerleşdirilýär.

Bauhauz dünýäde belli nemes binagärlik we dizaýn mekdebidir. Onuň wekilleriniň aglaba bölegi özüni «ak moderne» degişli diýip hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, makalada bellenilişi ýaly, türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gözegçiliginde saklanylýan şäher gurşawynyň bezeginiň aýratynlyklary olarda uly gyzyklanma döredýär.

Bu baradaky gürrüň nemes binagäri Filipp Moýzeriň Germaniýanyň binagärlik ýörelgelerine bagyşlanan makalada dowam etdirildi. Žurnalyň sahypalarynda okyjy bular barada giňişleýin maglumatlary tapyp biler, fotosuratlar bolsa olaryň bezeg aýratynlyklaryny duýmaga mümkinçilik berýär.

«Akylly şäher» ulgamyny döretmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan makala hem okyjylarda gyzyklanma döreder. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan dünýä meýilleri we talaplary ugrunda öňe sürülýän başlangyçlarda gurluşyk senagatyna ornaşdyrylýan ekologiýa taýdan arassa hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara «akyl-paýhasly» düzümleýin taslamalara we ýaşaýşyň amatly gurşawyny saklamaga hem-de tebigaty goramak işine goşant goşmaga ýardam edýän «akylly» enjamlara aýratyn üns berilýär.

«Ylym» bölüminde ýerleşdirilen «Gurluşykda gidrogeologiýa we seýsmiki şertleriň özara baglanyşygy» atly makalada seýsmiki işjeňlik derejesiniň geologiýa-tektoniki gurluşyň, inžener-geologiýa şertleriň aýratynlyklaryna, tehnogen hadysalaryň işjeňligine, şeýle hem ýerasty suwlaryň derejesine baglydygyna seljerme berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanyň seýsmiki howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmagyň» Maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda bu ugurda, şol sanda binalaryň we desgalaryň durnuklylygyny kesgitlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, seýsmiki zolaklarda gurluşyk işlerine monitoring amala aşyrylýar.

Makalalaryň birnäçesi ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň iş aýratynlyklaryna, hususan-da, Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda bitum serişdeleriniň peýdalanylyşyna bagyşlanypdyr.

«Döredijilik» bölüminde çeper binagärlik keşbi döretmegiň sungatyna bagyşlanan makala ýerleşdirilýär. Makala häzirki zaman türkmen binagärleriniň ussahanalarynda işlenip taýýarlanylan jemgyýetçilik binalarynyň we desgalaryň dizaýn-taslamalary bilen bezelipdir.

Bu ýerde ýurdumyzyň dürli şäherlerinde gurlan eýýäm tanyş desgalary hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň estetiki durmuş gurşawyny döretmäge çagyryşyna laýyk gelýän awtorlaryň aýdyň döredijilik garaýyşlaryny beýan edýän taslamalary görmek bolýar.

Umuman, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen žurnalda çap edilen makalalar giň okyjylar köpçüligi üçin hem, bilermenler üçin hem, gurluşyk pudagynda iş tejribeliklerini geçýän ýaş hünärmenler, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, sosiologlar we sungaty öwrenijiler üçin hem gyzyklydyr.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter