Ahal welaýaty — sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň öňdebaryjysy | TDH
Ykdysadyýet

Ahal welaýaty — sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň öňdebaryjysy

опубликованно 16.12.2019 // 415 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýaty döwlet dolandyryşy tejribesine, şol sanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyna sanly maglumat tehnologiýa ornaşdyrylan ýurdumyzyň ilkinji sebiti boldy. Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda bu barada welaýatyň häkimi Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Şol konsepsiýa halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, olara innowasion häsiýet bermäge gönükdirilendir.

Welaýatlaryň işini sanly tehnologiýa ulgamy arkaly ýola goýmak milli Liderimiziň tabşyrygy esasynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň çäklerinde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri zerur enjamlary hem-de programma üpjünçiligini gurnap, Ahal welaýatynyň häkimliginiň özünde elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrdylar.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň häkimliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynda hem elektron resminama dolanyşygyna birikdirmek maksady bilen şonuň ýaly işler dowam etdirilýär.

Taslamanyň ilkinji tapgyrynyň barşynda welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň we şolaryň bölümleriniň — düýpli gurluşyk düzümleriniň arasynda bu ulgamy gurnamak hem-de işe girizmek işleri geçirildi.

Hususan-da, welaýatlarda we etraplarda elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy pudaklaryň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Şeýle hem täze usul etraplaryň derejesinde çözgütleri dessine kabul etmäge, döwlet, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Munuň özi kabul edilýän çözgütleriň we resminama dolanyşygynyň wagt ýitirmezden degişli düzümlere ýetirilmegini, wagtyň tygşytlanylmagyny, şol bir wagtyň özünde ýangyç harçlap, ýörite ulaglary ugratmak meselesini aradan aýyrýar. Bu usul ykdysady bähbitler bilen bir hatarda, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna-da gönüden-göni täsirini ýetirýär.

Sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmekde hem elektron resminama dolanyşygyna möhüm ornuň degişlidigini aýratyn bellemeli. Häzirki döwürde welaýat häkimliginiň hünärmenleri netijeli işlemek üçin döredilen mümkinçiliklerden işjeň peýdalanyp, bu ugurda täze tehnologiýalaryň artykmaçlyklaryny doly peýdalanýarlar.

Bu, ilkinji nobatda, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişine degişlidir. Şol maksatnamanyň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýä ölçeglerine kybap gelýän derejede enjamlaşdyrylan täze mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň, lukmançylyk we medeni merkezleriň, oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik aragatnaşyk hem-de kommunikasiýa ulgamlarynyň, dürli maksatly beýleki desgalaryň gurluşyklary alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, Ahal welaýat häkimliginde işe girizilen elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň birnäçe aýratynlyklardan ybaratdygyny bellemeli. Welaýatyň häkimi ekerançylyk meýdanlarynda bolýan mahaly hem sanly tehnologiýanyň mümkinçiliginden peýdalanyp bilýär. Häkim degişli enjamyň üsti bilen etraplaryň häkimlerini aragatnaşyga çagyryp, oba hojalygynda bar bolan meseleler boýunça dessin pikir alyşmalary guramak mümkinçiliginden peýdalanýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter