Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi | TDH
Medeniýet

Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

опубликованно 16.12.2019 // 1071 - просмотров
 

Şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.

Bu hoş habar sanly wideoaragatnaşyk arkaly şu gün geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu çözgüt 9 — 14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde kabul edildi.

Haly muzeýinde geçirilen baýramçylyk çäresine Medeniýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri, sungaty öwrenijiler, belli artistler, ýazyjylar, alymlar we žurnalistler hem-de ussat halyçylar gatnaşdylar.

Meşhur aýdymçylar, döredijilik toparlary halyçylyk sungatynyň waspyny ýetirýän tans eserleri bilen şu günki dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.

Dabaraly maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, el halyçylygynyň ajaýyp sungatynyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbiniň gaýtadan dikeldilmeginde we mundan beýläk-de ösdürilmeginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandy ägirt uludyr.

ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň türkmen el halyçylyk däplerini tutuş dünýäniň beýik medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar etmeginiň bu milli gymmatlygymyzyň daşary ýurtlardaky abraýyny has belende galdyrjakdygy, has giň gerimli meşhurlyga eýe etjekdigi şübhesizdir.

Şu ýerde hut döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz başlangyjy bilen müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda haly, ahalteke bedewi, alabaý ýaly gymmatlyklary döreden türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň ençeme görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine badalga berendigini nygtamak ýerliklidir.

Göräýmäge, ylmy barlagçylar, ýagny taryhçylar, etnograflar we sungaty öwrenijiler tarapyndan ählitaraplaýyn öwrenilen bu ajaýyp halk sungaty barada häzirki wagtda üýtgeşik täzelik aýtmak çetindir. Türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň dür dökülýän ellerinden çykýan gözel eserlere haýran galmajak adamy hem tapmak kyndyr. Milli medeniýetiň däpleri hakynda söhbet edilende, öz ähmiýeti boýunça ägirtlige barabar bolan bu sungat babatda — türkmen halkynyň tutuş ýaşaýyş pelsepesiniň içinden eriş-argaç geçýän bu sungat hakynda gürrüň açmazlyk mümkin däldir.

Ýöne, muňa garamazdan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylda türkmen halysy babatda neşir edilen «Janly rowaýat» atly kitaby, şeýle hem milli Liderimiziň 2016-njy ýylda neşir edilen «Arşyň nepisligi» atly ýene bir kitaby daşary ýurtly okyjylara beýik sungat hem-de ruhy we maddy medeniýetiň baý gory hökmünde türkmen el halyçylygyna bolan düýpgöter täze garaýşy açdy. Bu kitaplardan getirilen jümleler şu gün muzeýde geçirilen maslahatda hem aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň dokmaçylygyň täsin däplerini, türkmen halylarynyň gözel nagyşlaryny we nyşanlaryny beýan edýän, geçen ýyllaryň içinde dünýäniň ençeme halklarynyň diline terjime edilen bu ylmy-barlag işleri örän köp ýurtlarda halylarymyza sarpa goýýanlaryň we halyçy ussatlarymyzyň zehinini ykrar edýänleriň sanyny artdyrdy. “Janly rowaýat” kitaby halk arasynda hem-de ýurdumyzyň medeniýeti görkezilýän ähli halkara sergilerde uly gyzyklanma döretdi.

Haly gölleri ösüşiň uzak ýoluny geçmek, halkyň ruhy özboluşlylygynyň we beýik baý taryhy-medeni mirasynyň çeper beýany bolmak bilen, häzirki zaman türkmen döwletinde milli taýdan jebisleşdiriji nyşanlaryň birine öwrüldi. Haly gölleri ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny bezeýär, binagärçilik bezeginiň aýrylmaz düzümi bolup durýar.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler türkmen el halysynyň şöhratynyň täzeden dikeltmek işine döwlet Baştutanymyzyň goşan şahsy goşandyny aýratyn nygtadylar. Türkmen halylaryna belent sarpa goýýan, olaryň meşhurlygyny dünýäde işjeň wagyz ediji hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çäksiz aladasy we hemmetaraplaýyn goldawy bilen bu gadymdan gelýän senediň täzeden galkynmagy we gülläp ösmegi üçin iň oňat şertleri döretdi.

Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň döwletimiziň ýene-de bir genji-hazynasy taýsyz çeper eserler bilen deňleşdirilen ajaýyp halylarymyzdyr» diýen dürdäne sözleri türkmen halyçylygynyň taryhynda öňden belli maglumatlardan başlap, entek doly öwrenilmedik sahypalara çenli ähli maglumatlary täze röwüşde beýan edýän bu düýpgöter täze many-mazmunly «Janly rowaýat» kitabynyň özboluşly şygary boldy.

Munuň özi türkmen halylaryna we çeper halyçy ussatlarymyzyň şanyna hakyky senadyr. Halynyň şekilleriniň we nyşanlarynyň, onuň tükeniksiz nagyş gözelliginiň we şahyranalygynyň çäksiz dünýäsi hakynda oýlanma kitabydyr. Ol haýran galmagyň we nepislige çagyrmagyň eseridir. Munuň özi goja taryhyň ýollarynda türkmen halkynyň geçen uzak ýoluny nagyşlarda möhürläp gelen döredijilik älemine açylan gapydyr.

Haly ýüplügini kesmäge niýetlenen gural bolan bürünç keserler Türkmenistanyň günorta-günbatar tarapynda Sumbar jülgesinde tapyldy hem-de olar biziň eýýamymyzdan ozal II müňýyllyga degişlidir. Şeýle hem bäş müň ýyl mundan ozal dokalan haly türkmen halyçylygyna mahsus görnüşdedir we Altaý daglarynyň Pazyryk belentliginde baky doňaklykda saklanyp galypdyr — bularyň ählisi şol bir ugra degişlidir hem-de halkymyzyň taryhyny öwrenmek üçin örän gymmatly çeşmedir.

Döwlet Baştutanymyz halyny aýratyn sungat, täsin özboluşlylyk hökmünde okyjylara ýetirmek bilen, hala siňdirilen sungat çeşmelerini, onuň owadan «sözlügini» açyp görkezýär. Ol halkyň bitewi aň-paýhas beýikliginiň miwesi bolan döredijilik dünýäsini, ýagny özünde ähli milli medeniýeti — sazy, şygry, binagärligi, amaly-haşam işini, şekillendiriş sungatyny özünde jemlän döredijilik älemini dünýä äşgär edýär.

Kitapdaky ençeme ajaýyp suratlar jadyly haly uçarynda wagtyň we giňişligiň içinden hyýaly syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Haly hakyndaky söhbet iň ýokary «şekillendiriş» ýörelgesi arkaly alnyp barylýar — bir görseň, okyjylaryň ünsi ol ýa-da beýleki nagşa we çitime gönükdirilýär, bir görseňem, tebigy görnüşler we sazlaşyk bilen hususy keşplere we deňeşdirmelere hyýaly uçuşyny we göz öňüne getirmäni oýarýar. Hakykatdan-da, awtor bilen doly ylalaşýarsyň. Çünki dünýäde sungatyň hiç bir görnüşi hem halyçylyk sungaty ýaly tebigat bilen şeýle içgin baglanyşykly däldir.

Bu syýahat okyja mähirli Garaguma we gül-gunçaly ýaz sähralaryna, Köpetdagyň etegindäki goýry kölegeli jülgelere, Amyderýanyň ýakalaryna, goja Hazaryň kenarlaryna we türkmen topragynyň beýleki haýran galdyryjy gözel ýerlerine ruhy seýran etmäge mümkinçilik berýär.

Bu keşpleriň ählisi türkmen halylarynyň nagyşlarynda öz mynasyp ornuny tapandyr. Olara içgin syn edip, deňiz tolkunlarynyň sesini, ekinzarlyklardaky ýapraklaryň ygşyldysyny, sähra ýeliniň owazyny ýa-da ak alaňlaryň pessaý aýdymyny eşitmek mümkindir. Çünki hut Diýarymyzyň tebigaty däp bolan türkmen haly nagyşlarynyň özboluşly öwüşginlerini emele getirendir. Olarda mähriban topragymyzyň gözelligi öz ähli köp görnüşli we gaýtalanmajak keşplerinde beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda türkmenleriň däp bolan ýaşaýyş ýörelgesinde halynyň eýeleýän ornuna, haly we haly önümleriniň taýýarlanyş tehnikasyna, olaryň bezeg ýörelgelerine we usullaryna, dürli milli sungatlar-edebiýat bilen arabaglanyşygyna aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem arheologiýa we etnografiýa barlaglarynyň maglumatlary, geçen asyrlaryň taryhy senenamalaryndan we ýazuw çeşmelerinden özüne çekiji maglumatlar getirilýär, türkmen halysynyň dünýä sungatyna eden oňyn täsiri yzarlanylýar.

«Janly rowaýat» kitabynda türkmen halyçylarynyň döreden täsin ägirt halylaryna we ikitaraplaýyn halylara aýratyn orun berilýär. Mysal üçin, meýdany 301 inedördül metre deň bolan «Altyn asyr» halysy dünýäde el bilen dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu halynyň her inedördül metrinde 304 müň çitim bardyr.

Şeýlelikde, türkmen halyçylyk sungatynyň örän giň dünýäsini beýan edýän bu neşir şol bir wagtyň özünde halyçylyk filosofiýasynyň ensiklopediýasy hem bolup durýar.

2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halylar baradaky ikinji kitaby — «Arşyň nepisligi» eseri hem neşir edildi. Ol türkmen halkynyň medeni durmuşynda halyçylyk sungatynyň orny we ähmiýeti baradaky oýlanmalaryň özboluşly dowamy boldy. Awtor öz kitabynda okyja baş düşünjäni, ýagny tehnologiýalaryň ösen we ylmyň kämilleşen döwründe milli mirasyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ajaýyp geljeginiň iň mizemez binýadydygy baradaky aň-paýhasy berýär.

«Ösen eýýamyň esasy wezipesi adamzadyň medeniýetinde orun alan ylym-bilimleriň, däp-dessurlaryň, gymmatly milli ýörelgeleriň, taryhy medeni-milli ýadygärlikleriň, halk döredijiliginiň asyl özeninden Zeminiň ähli halklarynyň geljege gönügen umumy maksatlaryny durmuşa geçirmekde ruhy goldaw berjek daýanç sütünini ýüze çykarmakdadyr. Meseläniň möhümdigi ol ýa-da beýleki bir gymmatlygyň haýsy etnosa degişlidigindenem ötri, onuň umumadamzat beýikligindäki ornuny aýdyňlaşdyrmakdadyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi ruhy we maddy medeniýetiň ojagy, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasy bolup durýar. Bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen çeperçilik gymmaty we tehniki taýdan taýýarlanyşy boýunça örän seýrek tapylýan baý gymmatlyklar toplumy ýygnalandyr. Alymlaryň, hünärmenleriň we halyçylaryň gözleglerde we tutanýerli zähmet çeken ýyllarynyň dowamynda gadymy nagyşlaryň ýüzlerçesi dikeldildi, ajaýyp sungatyň irki nusgalary rejelendi.

Bu täsin gymmatlyklaryň hazynasy daşary ýurtly myhmanlary tüýs ýürekden haýran galdyrýar. Ol haly eserleri bu ýere gelýänlere şan-şöhraty dünýäde dabaralanýan türkmen halylarynyň gözelligini we gaýtalanmajak kämilligini barha täzeden açýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki taryhy waka bilen watandaşlarymyzy, halyçylarymyzy we halyşynaslarymyzy gutlap aýdan sözlerinde aýratyn nygtady: «Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr».

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter