Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 13.12.2019 // 347 - просмотров
 

«Haryt nyşanlary hakyndaky» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, intellektual eýeçiligiň meselelerini düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

— Haryt nyşanlary bilen bagly paçlary tölemegiň tertibi;

— Haryt nyşanlary bilen bagly paçlaryň möçberleri;

— Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly paçlary tölemegiň tertibi;

— Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly paçlaryň möçberleri tassyklanyldy.

***

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz känindäki guýulary burawlamakda we ulanyşa girizmekde zerur bolan dürli turbalary we enjamlary satyn almak barada Beýik Britaniýanyň «Sumitomo Corporation Europe Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlarynyň harytlyk önümlerini birža söwdalary arkaly daşary ýurtlara ýerlemegiň tertibini has-da kämilleşdirmek, harytlaryň eksportyny artdyrmak we gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

— Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi;

— Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi;

— Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi tassyklanyldy.
Şeýle hem resminama bilen:

— Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça gözegçilik geňeşi we onuň düzümi;

— Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça gözegçilik geňeşi we onuň düzümi;

— Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça gözegçilik geňeşi we onuň düzümi döredildi we tassyklanyldy.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlaryna degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Döwlet haryt-çig mal biržasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter