Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki» ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki» ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 11.12.2019 // 235 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasuýa Watanabeni kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, alyp barýan köptaraply işlerinde üstünlikler, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Jenap Tasuýa Watanabe ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň işewürligi ösdürmäge örän amatly şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny ýokary derejede pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, şol sanda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri çykarýan iri senagat desgalaryny gurmak ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Iň oňat dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berilýän milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uzak möhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň iri kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, häzir däp bolan bu işewür gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarmak arkaly, giň gerimli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda häzirki zaman senagat düzümini kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamalary nazara alnyp, mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ahal welaýatynda «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň gatnaşmagynda bina edilen tebigy gazdan sintetiki awtomobil benzinini öndürýän topluma aýratyn üns berildi. Çig maly düýpli arassalamak boýunça ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde bu kärhana dünýä tejribesinde iň innowasion häsiýetli önümçilikleriň biri bolup durýar. Zawodyň çykarýan önümleri hil we ekologiýa talaplary boýunça halkara ölçeglere kybap gelýär.

Şulardan ugur alnyp, şunuň ýaly toplumyň ýene-de biriniň gurluşygyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» we «Sojitz Corporation» kompaniýalar toparynyň arasynda degişli ähtnama gol çekildi.

Işewüriň aýdyşy ýaly, Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de gerimini giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýän «Kawasaki» kompaniýasy öz ähli tejribesini we iň täze tehnologiýa işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman anyk netijelere gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter