Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli bitaraplygyna bagyşlanan ylmy maslahat | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli bitaraplygyna bagyşlanan ylmy maslahat

опубликованно 11.12.2019 // 194 - просмотров
 

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahat geçirildi.

Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan foruma Mejlisiň hem-de diplomatik düzümiň wekilleri, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik düzümleriniň hem-de iri halkara guramalarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler, onda Bitaraplyk syýasatynyň dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýändigi nygtalýar.

Şeýle hem milli Liderimiziň Gutlagynda halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça, aýratyn-da, syýasy-diplomatik, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, sport, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň ähmiýeti bellenilýär.

Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar. Dürli döwletler, hususan-da, sebitiň ýurtlary hem-de goňşy döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň häzirki taryhynda möhüm seneleriň biridir. Ýigrimi dört ýyl mundan öň BMG-niň agza ýurtlarynyň 185-siniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi tutuş dünýäniň syýasy durmuşyna oňyn täsirini ýetiren döwrüň wakasyna öwrüldi.

Şol Kararnamanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda gaýtadan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döredijilikli daşary syýasy ugry amala aşyrýan döwletimiziň dünýäde uly abraýynyň bardygyny tassyklady. 2017-nji ýylyň fewralynda bolsa, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip, resmi taýdan yglan eden Kararnamanyň kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň daşary syýasy ugry hem-de onuň esasy ýörelgeleri — parahatçylyk söýüjilik, harby dawalara, bileleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, olaryň özygyýarlylygyny hem-de çäk bitewüligini hormatlamak — özüniň milli bähbitlerine, Milletler Bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, BMG-niň Tertipnamasyna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge sazlaşykly çemeleşmä kybap gelýändigini tassyklaýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda işleýän diplomatik hem-de halkara düzümleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary uly gyzyklanma döretdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozdyň, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Diýego Uigaronyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarowyň çykyşlarynda dünýäde özygtyýarly Watanymyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berildi.

Daşary ýurtly diplomatlaryň belleýşi ýaly, dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de giňeltmegi ugur edinýän halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan öz Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine doly ulanýar.

Ýurdumyzyň halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň ýolbaşçy edaralaryna ençeme gezek saýlanylmagy onuň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Çykyş edenler milli Liderimiziň öňe sürýän döredijilikli teklipleriniň zerurdygyny belläp, olaryň esasynda häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça BMG-niň Kararnamalarynyň 13-siniň kabul edilmeginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi aýratyn bellenildi.

Daşary ýurtly diplomatlar dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň taýsyz tagallalaryny goldamak bilen, ýola goýlan özara gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyryljakdygyna we hemmetaraplaýyn giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine bagyşlanan çykyşlarda onuň türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilikli däpleriniň ýüze çykmasydygy hem-de halkara hukuk ulgamynda täsinlik hasaplanýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyga geosyýasy bähbitleri utgaşdyrmagyň guraly, sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de netijeli esasda ösen gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde garaýar.

Umuman, köpugurly daşary syýasat hem-de milli diplomatiýa deňhukuklylyk, ynanyşmak we birek-biregi hormatlamak däplerine esaslanýan oňyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň işjeň ugry ylalaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermek, tutuş dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, sebitde we onuň çäklerinden alyslarda bar bolan meseleleri çözmek üçin syýasy giňişligi hödürlemek arkaly ählumumy işlere doly gatnaşmagynda öz beýanyny tapýar.

Biziň ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk eýermek bilen, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine örän jogapkärli çemeleşýär we Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň agentlikleri bilen özara gatnaşyklaryny ileri tutýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden çykyş etmek bilen, bu abraýly düzüm bilen özara gatnaşyklaryň milli daşary syýasatyň kesgitleýji ugrydygyny ençeme gezek belledi.

Bu gün Türkmenistanyň Bitaraplyk ugry içeri we daşary ýagdaýlary öz içine alýan köp derejeli ulgam bolup, üýtgäp durýan ählumumy syýasy, ykdysady şertlere, döwrüň talabyna netijeli täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň daşary döwletler hem-de halkara guramalary bilen gatnaşyklary ýokary depgine we netijelilige eýe bolup, onuň abraýynyň has-da belende galandygy bellenildi.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ylmy işlerinde XXI asyryň şertlerinde türkmen bitaraplygynyň düýbünden täze häsiýetnamasyny esaslandyrandygyna ünsi çekdiler. Şol ugurlarda yzygiderli çözülmegini hem-de gatnaşýan taraplaryň bähbitleriniň sazlaşmagyny talap edýän möhüm meseleler utgaşýar.

Maslahata gatnaşyjylar häzir Türkmen döwletiniň dünýäniň gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri görkezýändigini belläp, energetika we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-aragatnaşyk düzümini we beýleki ugurlary ösdürmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça geljekde hem netijeli işlemegiň zerurdygy barada bir pikire geldiler.

Forumyň çäklerinde geçirilen baý mazmunly pikir alyşmalar Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasatyna umumy hem-de hemmetaraplaýyn baha berilmegine, onuň ählumumy goşulyşmak işlerine täsir etmegine ýardam etdi.

Baýramçylygyň hormatyna institutyň eýwanynda guralan hem-de türkmen halkynyň gadymy taryhy, baý medeni we ruhy mirasy, Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan sergi ylmy maslahata ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty, häzirki döwrüň möhüm meseleleri we howplary babatda ýurdumyzyň garaýşy hakynda gürrüň berýän metbugat, fotowideo maglumatlary bilen giňden tanyşdyryldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de geljekde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter