Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

опубликованно 10.12.2019 // 498 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, dürli maksatly iri desgalaryň birnäçesinde gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz möhüm düzümleýin taslamalaryň başyny başlap, şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň täze desgalaryň maksadyna, bezeg hem-de ekologiýa meselelerine, ýanaşyk ýerleri toplumlaýyn abadanlaşdyrmaga we bagy-bossanlyga öwürmäge degişli oýlanyşykly maslahatlary taslamalary düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar hem-de bezegçiler üçin uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň täzeçillik strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde, ak mermerli Aşgabat häzirki zaman, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär we sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmündäki derejesine eýe bolýar.

Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze täsin binalar hem-de desgalar bilen ýetirilýär. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň özboluşly «ýüzi», täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanlary bolup durýar.

Irden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze saglygy goraýyş desgasynyň — 130 orunlyk Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu desgany gurmak ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan «Gap Inşaat» türk kompaniýasyna ynanyldy.

Potratçy — kompaniýanyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyza lukmançylyk toplumynda gurluşyk işleriniň barşy we depgini barada hasabat berdi. Bu ýerde näsaglara ýokary hilli kömek etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Milli Liderimiziň garamagyna desganyň binagärlik aýratynlygy, onuň içki meýilleşdirilişi we gurluşy barada doly düşünje almaga mümkinçilik berýän çyzgylar hödürlenildi.

Bekrewe köçesiniň ugrunda gurulýan bäş gatly Ýanyk şikeslerini bejeriş merkezinde näsaglar üçin oňaýly hem-de döwrebap enjamlaşdyrylan iki orunlyk otaglary, degişli bölümler, şol sanda reanimasiýa we tiz kömek bölümleri, saglyk öýi, barlaghana, edara binasy, maslahatlar zaly, naharhana hem-de degişli tehniki otaglar ýerleşer. Ýanaşyk ýerler talabalaýyk abadanlaşdyrylar we bu ýerde awtoulaglar üçin duralga göz öňünde tutuldy.

Bu ýerde şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara estetiki bejeriş merkeziniň taslama çyzgylary hödürlenildi. «Gap Inşaat» kompaniýasy bu desganyň potratçysy bolup durýar. Şol ýerde müşderilere ýokary hilli bejeriş-kosmetologiýa we beýleki degişli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek üçin ähli şertler dörediler.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň garamagyna 240 orunlyk köp gatly awtoduralganyň, 700 orunlyk lukmançylyk kollejiniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Okuw-kliniki merkeziniň, fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň taslamalary hödürlenildi.

Türkiýeli hyzmatdaşlaryň taýýarlan teklipleriniň hatarynda Mary şäherindäki mineral dökün öndürýän täze himiýa toplumynyň gurluşygynyň, Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň birinji nobatdakysyny çekmek, Balkan welaýatynda hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze elektrik stansiýalaryny gurmak baradaky taslamalar bar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkezindäki işleriň ýagdaýy bilen içgin gyzyklanyp, bu hem-de beýleki degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, iň täze, şol sanda sanly tehnologiýalary, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň, dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmegiň esasynda lukmançylygyň ýöriteleşdirilen ulgamlaryny ösdürmäge ýardam etmelidigini belledi.

Halkymyzyň saglygyny goramak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi bolup durýar. Şol maksatnamanyň çäklerinde bu ulgamda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, pudaklaýyn düzümler döwrebaplaşdyrylýar, lukmançylyk ylmyny ösdürmäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, häzirki döwürde türkmenistanlylar halkara ölçegleriň derejesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşlerinden peýdalanýarlar.

Halkara estetiki bejeriş merkezi barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanymyz bu ýerde halkara tejribäni hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Ýokarda aýdylanlary jemläp, hormatly Prezidentimiz bu möhüm desgada ähli işleriň ýokary hilli we öz möhletinde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Bu desga, onuň wezipesine laýyklykda, döwrebap lukmançylyk enjamlary hem-de iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde saglyk üçin zyýanly dürli oýunlaryň giňden ýaýrandygyny belledi. Köp adamlar, şol sanda çagalar ençeme sagatlap kompýuterler, smartfonlar we planşetler bilen güýmenýärler. Munuň özi bolsa hereketsiz durmuş ýagdaýyna, görşüň peselmegine, aşa semremäge we saglyk bilen baglanyşykly beýleki çylşyrymly ýagdaýa getirýär.

Şunuň bilen baglylykda, dürli hroniki keseller güýjeýär, şol sanda endokrin ulgam bozulýar. Şeýle ýagdaý tutuş dünýäde göze ilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny we tejribesini ösdürmek meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine endokrin keselleriň, hususan-da, dünýäde köpçülikleýin ýaýran keselleriň biri bolan süýji keseliniň öňüni almak maksady bilen, düşündiriş-aň-bilim işleriniň derejesini hem-de öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow süýjüli diabet keselleriň öňüni almak we şolary bejermek boýunça ylmy esasda iş alyp barýan ýöriteleşdirilen merkezi gurmagyň maksadalaýykdygyny belledi.

Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň arasynda sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini yzygiderli wagyz etmegiň, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şu ýerde Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabadyň günorta böleginde gurulmagy göz öňünde tutulýan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny we çyzgysyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz taslamanyň tehniki häsiýetnamalary bilen tanşyp, şäheriň durmuş ulgamlarynyň ählisiniň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, onuň ekologiýa abadançylygy üçin bu inženerçilik desgasynyň ähmiýetini belledi.

Sil suwuny sowujy desganyň taslamasy düzülende hem-de bu desga gurlanda, şeýle desgalara bildirilýän talaplar berk berjaý edilmelidir, ylmy esasda ähli ölçegleriň takyk hasaplamalary geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we taslamany işläp taýýarlaýjylara degişli maslahatlary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş saparyny dowam edip, «Garagum» köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasyndaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Paýtagtymyzyň demirgazyk-günbatar böleginde, A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň golaýynda ýerleşýän täze myhmanhana toplumyny «Rönesans Holding» türk kompaniýasy gurýar.

Potratçy kompaniýanyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak desgada alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdyrdy.

Myhmanhana kaşaň otaglaryň 87-sine, şol sanda standart, sýut derejeli, lýuks we super lýuks otaglara niýetlenendir. Mundan başga-da, taslamada dynç almak hem-de sport bilen meşgullanmak üçin degişli düzüm göz öňünde tutulandyr. Restoran, banketler zaly, suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz, dürli trenažýorlar bilen enjamlaşdyrylan fitnes zaly we beýlekiler myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Işewürlik merkezinde işewürler duşuşyklaryny geçirmek üçin zerur şertler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen çyzgylar bilen tanşyp, “Garagum” myhmanhanasynyň ähli ölçegler boýunça, şol sanda enjamlaşdyrylyşy hem-de ýokary derejeli hyzmatyň üpjün edilmegi babatda şeýle desgalara bildirilýän halkara ülňülerine we talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz otaglaryň bezeginde milli bezegiň ýörelgeleriniň hem-de beýleki özboluşly ugurlaryň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Içki bezegleriň usullary işlenip taýýarlanylanda, ähli zatlary göz öňünde tutmak, gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri seçilip alnanda bolsa, şolaryň ulanyş häsiýetnamalaryny hem-de Türkmenistanyň tebigy-howa şertlerini nazara almak zerurdyr.

Milli Liderimiz şeýle hem işewürlik merkezli täze myhmanhana toplumynyň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden mese-mälim görünjekdigini we şoňa görä-de, täsin keşbi bilen tapawutlanmalydygyny belledi. Ol özüniň «Garagum» diýen adyny beýan etmelidir hem-de binagärlik ulgamynda öňdebaryjy ýörelgeleri we milli binagärligiň iň gowy däplerini özünde jemlemelidir.

Häzirki döwürde Aşgabat sebit we halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi. Munuň özi dürli çäreleri, şol sanda işewürlik häsiýetli çäreleri geçirmek we daşary ýurtly myhmanlary hem-de syýahatçylary kabul etmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegini şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar.

Gurluşygyň ýokary hili bilen birlikde, myhmanhananyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak hem-de bagy-bossanlyga öwürmek işine jogapkärli çemeleşmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Bu ýerde täze myhmanhananyň taslama çyzgylary ýerleşdirilen planşetler goýuldy, şolary döwlet Baştutanymyza Fransiýanyň «VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgi hödürledi.

Şunuň bilen baglylykda, ozal hormatly Prezidentimiziň myhmanhana toplumynyň gurluşygynyň taslamasynyň başyny başlandygyny ýatlatmalydyrys. Türkmen topragynda ýerleşýän, bütin dünýäde meşhur bolan taryhy ýadygärlikleri — Nusaýy, belent minaraly Gadymy Köneürgenji, Gyzgalany alamatlandyrýan bezegler bu toplumyň keşbine özboluşly öwüşgin çaýmalydyr.

Myhmanhananyň binagärlik keşbi Parfiýa patyşalygynyň köşkleriniň görnüşinde ýerine ýetirilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Munuň özi meşhur taryhy ýadygärligiň nusgasy boýunça täze Nusaýyň döredilmegini alamatlandyrar. Täze toplumyň bezeginde Garagum sährasynyň altynsow alaňlarynyň keşbi öz beýanyny tapar. Bu toplumy «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň golaýynda gurmak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz taslama bilen içgin tanşyp, ony işläp taýýarlanlara myhmanhananyň bezegi hem-de abadanlaşdyrylyşy boýunça birnäçe maslahatlary we teklipleri berdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem täze myhmanhana toplumynyň ýerli tebigy landşaft bilen sazlaşyp, onuň aýrylmaz bölegine öwrülmegine aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Nusaý» myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň barşyna hem üns berdi. Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda gurulýan täze bäş gatly myhmanhana toplumynda otaglaryň 131-si, şol sanda standart, lýuks we VIP derejeli otaglar ýerleşer.

Bu ýerde myhmanlaryň oňaýly ýaşamagy we boş wagtlaryny göwnejaý geçirmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Bu taslamany durmuşa geçirmek hem «Rönesans Holding» türk kompaniýasyna ynanyldy. Onuň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa desgada alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna myhmanhananyň täze binasynyň daşky görnüşiniň we içki otaglarynyň çyzgylary, myhmanhana toplumynyň desgalarynyň ýerleşişiniň umumy görnüşleri hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanhana işewürlik ulgamyna iň gowy tejribäni we işläp taýýarlamalary çekmegiň zerurdygyny aýdyp, şeýle desgalaryň daşky we içki bezeginde aýratyn, milli öwüşginiň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlara türkmen halkynyň baý we özboluşly däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Şunda milli Liderimiz işleriň ýokary hiliniň hem-de olary ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň, şol sanda estetiki we ekologiýa meselelerini, desgalaryň öz möhletinde ulanmaga berilmeginiň potratçylara hem-de buýrujylara bildirilýän esasy talapdygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Şeýle-de, türk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan şeýle hem täze senagat desgalarynyň taslamalary taýýarlanyldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurulýan belent ýaşaýyş jaýlarynyň bezeginde öz beýanyny tapjak mozaiki pannonyň çyzgylaryny hödürledi.

Milli Liderimiz mozaiki pannonyň çyzgylaryny we ýerleşdiriljek ýerlerini gözden geçirip, şolaryň täze taryhy eýýamyň gazanan üstünliklerini beýan etmelidigini hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň daşky bezeginiň möhüm we köpöwüşginli bölegine öwrülip, Aşgabadyň binagärlik keşbine özboluşly täze öwüşgin çaýmalydygyny nygtady.

Täze binalaryň we desgalaryň gurluşygynda olaryň maksady hem-de ulanylyşy, toplumlaýyn durmuş, inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýa düzümi göz öňünde tutulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam etdi.

Şäher we tebigy landşaftlaryň sazlaşygyna, paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ýaşyl zolaklaryň, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň jemini jemläp, Aşgabatda gurulýan desgalaryň ählisiniň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň ýokary derejesine doly laýyk gelmelidigini nygtady.

Iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy, «VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgini hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter