Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 02.12.2019 // 552 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meseleleri girizildi. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz, ilki bilen, wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy, ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyşy, şeýle hem ýetip gelýän baýramçylyklara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde degişli gulluklar bilen bilelikde, şäheriň ilatynyň durmuş düzümini pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barlyşy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şäher hojalygynyň işiniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyny belledi we Aşgabatda arassaçylygy, abadançylygy üpjün edýän ähli gulluklaryň işini guramakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň we täzeçil usullaryň netijeli ulanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleri hem-de dabaralary guramaçylykly geçirmek, paýtagtymyzy, onuň ýollaryny, meýdançalaryny, seýilgählerini we beýleki köpçülikleýin ýerlerini, binalary degişli derejede bezemek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Taýýarlyk işlerine köp sanly düzümleri hem-de dürli edaralaryň bölümlerini çekmek, şolaryň işiniň degişli derejede guralmagyny üpjün etmek we oňa yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak möhüm talap bolup durýar. Şunlukda, baýramçylyk dabaralary köpöwüşginli, ýatda galyjy bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen birlikde, Aşgabadyň çäginde gurulýan binalaryň öz wagtynda tabşyrylmagy we şolarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi zerurdyr.

Milli Liderimiz öňde boljak dabaralaryň döwrebap derejede we türkmen halkynyň asylly däplerine laýyklykda geçirilmelidigini aýdyp, bu işleriň üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň häkimligi boýunça guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, A.Aramowy Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak we A.Saparowy paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Resminama şol bada elektron dolanyşyk ulgamy arkaly Aşgabat şäheriniň häkimine iberildi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanlarynda galan hasyly doly ýygnap almak, ak ekinlere edilýän idegiň depginini we hilini ýokarlandyrmak, hasyldan boşan ýerlerde şüdügär sürümini geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim ýaz ekişine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görmek, oba hojalyk tehnikalaryny bellenilen möhletde abatlamak, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, welaýatda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaraly çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň ylym taýdan esaslandyrylan talaplaryna we ekerançylygyň medeniýetine doly gabat gelmelidigini belledi.

Pagta ýygymynyň üstünlikli tamamlanmagy, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri, şeýle hem ýazky ekişe görülýän taýýarlyk meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Öňde boljak baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk düzümlerinde güýzlük bugdaýa ideg etmekde edilýän işler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ekin meýdanlaryny we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak, hasyldan boşan ýerlerde şüdügär sürümini guramaçylykly geçirmek işleri dowam edýär.

Mundan başga-da, häkim welaýatda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, sebitiň ilatynyň durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklary mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň ähli etraplarynda dabaralar, jemgyýetçilik we medeni çäreleri göz öňünde tutulan, halkymyzyň milli däplerine laýyklykda medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, häkimiň ünsüni oba hojalygynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň we pudagy ösdürmegiň esasy wezipelerine çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz meýdanlarda galan pagtany ýygnap almak, güýzlük bugdaýa alym-agronomlaryň teklipleri esasynda ideg işlerini, şüdügär sürümini guramaçylykly geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli guraljak çäreler netijeli häsiýete eýe bolmalydyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowy çagyrdy. Ol welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagtaçylyk we däneçilik düzümlerinde ýaýbaňlandyrylan çäreler, şol sanda ýaz ekişine ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary taýýarlamak işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim ekin meýdanlarynda galan pagtany ýygnap almak, şüdügär sürümini ýokary hilli geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Oba milli maksatnamasyny yzygiderli ýerine ýetirmegiň çäklerinde, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleri, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak hem-de hiline gözegçiligi ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk hem-de baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak, güýzlük bugdaýa ideg etmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak meseleleriniň zerurdygyny belläp, bu işleriň netijeli alnyp barylmagynyň bol hasylyň girewidigini nygtady.

Milli Liderimiz sebitde gurluşygy alnyp barylýan durmuş we senagat maksatly desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, gurluşykçylaryň binalary öz wagtynda gurup, ulanmaga bermeklerini üpjün etmeginiň möhüm talapdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitiň oba hojalygynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler, ak ekinlere edilýän agrotehniki idegler, pagta ýygymynyň jemleýji tapgyryny tamamlamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde, hasyldan boşan ýerlerde şüdügär sürümini geçirmek we ýaz ekişine taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň ýagdaýy we olary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen birlikde, welaýatda Halkara Bitaraplyk gününi we Täze ýyl baýramyny bezegli baýramçylyk çäreleriniň tapgyry bilen mynasyp garşylamak üçin işjeň taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda alnyp barylýan ähli işleriň häzirki zaman ylmyna we döwrebap ylmy çemeleşmelere esaslanmalydygyny, obasenagat toplumyna täze tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ýerlerde dolandyryş ulgamynyň ýokary derejesini, degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek zerurdyr.

Şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynda, bugdaý ekilen ýerlerde we hasyldan boşan meýdanlarda alnyp barylýan işler ýokary agrotehniki talaplara doly gabat gelmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekde bol hasyl ösdürip ýetişdirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu işlere örän jogapkärli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan dürli desgalarda işleriň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada habar berdi.

Hasabatda gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak, ak ekinleri zyýankeşlerden goramak we netijeli ideg etmek, şüdügär sürümini geçirmek, ýaz möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Şeýle hem welaýatyň durmuş-ýaşaýyş düzümini giňeltmegi göz öňünde tutýan Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, häzirki zaman kärhanalarynda täze iş orunlaryny döretmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada habar berildi.

Mundan başga-da, häkim jemgyýetçilik-syýasy we medeni dynç alyş çärelerini öz maksatnamasyna alýan, öňde boljak baýramçylyk çärelerini guramak barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny ýaýbaňlandyrmak, pudaga ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere çynlakaý garamagy talap etdi.

Şunuň bilen birlikde, her bir anyk meýdanda topragyň häsiýetini nazara alyp, häzirki zaman awtomatlaşdyrylan usullary ulanmak, ýazky ekişe taýýarlyk görmek talabalaýyk derejede ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz ýer we suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmagyň ähmiýetine, medeni ekinleriň we meýdanlaryň hasyllylygyny artdyrmagy, ekin dolanyşygyny kämilleşdirmegiň, oba hojalyk toplumyna suwarmagyň innowasion ulgamyny we sanly tehnologiýany ornaşdyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu toplumlaýyn meseleler bilen bir hatarda, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamalydygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýylyň welaýatyň durmuşynda aýdyň waka bolmalydygyna ünsi çekip, häkime baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň jemlerini jemläp, şu aýyň ahyryna çenli meýilnamalaşdyrylan ähli işleriň doly derejede ýerine ýetirilmelidigini, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny ajaýyp netijeler bilen tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Munuň özi her bir pudagyň Täze ýyl baýramyna mynasyp zähmet sowgadyna öwrülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitleriniň ýolbaşçylaryna Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirilen jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter