Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

опубликованно 01.12.2019 // 626 - просмотров
 

1-nji madda
Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler boýunça 84 391,7 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 84 291,7 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 23 382,0 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 23 282,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.

2-nji madda
Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler boýunça 76 443,2 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 76 343,2 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 15 433,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 15 333,5 mln. manat möçberde tassyklamaly.

3-nji madda
Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2020-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

goşulan salgytdan salgytdan ýerasty baýlyklardan
baha üçinpeýdadan alynýanpeýdalanmak üçin salgytdan
Aşgabat şäheri 2,8% 2,8% 2,8%
Ahal welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Balkan welaýaty 23,0% 23,3% 23,0%
Daşoguz welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Lebap welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Mary welaýaty 83,0% 81,2% 83,0%

4-nji madda
2020-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 1 945,5 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

Ahal welaýaty 88,3 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 362,0 mln. manat
Lebap welaýaty 495,2 mln. manat

5-nji madda
Ýerli býujetleri 9 894,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

Aşgabat şäheri 1 790,7 mln. manat
Ahal welaýaty 1 310,0 mln. manat
Balkan welaýaty 1 208,8 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 823,2 mln. manat
Lebap welaýaty 1 975,1 mln. manat
Mary welaýaty 1 786,2 mln. manat

6-njy madda
Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

7-nji madda
Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary we bank karzlary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow


Aşgabat şäheri.
2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter