Şeýle hem okaň
09.12.2019 | «Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy» atly neşiriň nobatdaky sany çapdan çykdy
29.11.2019 | Teatr afişasy: premýeralar we iň gowy spektakllar
26.11.2019 | «Nurly Margiana» ilkinji gezek Russiýada görkezildi
23.11.2019 | Aşgabatda halkara teatr festiwaly tamamlandy
19.11.2019 | Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy
05.11.2019 | Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri
Türkmenistanyň Baş drama teatrynda 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby esasynda döredilen «Dutaryň owazy» atly täze spektakl görkeziler. 1-nji dekabrda tomaşaçylara «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» atly oýun teklip ediler. Spektakllar sagat 19-da başlanýar.
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry 30-njy noýabrda «Sawçy we sallahlar», 1-nji dekabrda bolsa, «Etme oglan sen oýun» spektakllaryna çagyrýar. Spektakllar sagat 19-da başlanýar.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda 30-njy noýabrda «Amanat giýew», 1-nji dekabrda bolsa, «Toý» oýunlary görkeziler. Spektakllar sagat 19-da başlanýar.
Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatry ýaşajyk tomaşaçylary 30-njy noýabrda «Şadyýan sazandalar» (12:00) we «Söýgi bizi halas eder» (19:00), 1-nji dekabrda bolsa, döwlet Baştutanynyň «Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym – mukaddesilge tagzym» we «Türkmen alabaýy» eserleri esasynda döredilen «Baky rowaýatlar» oýnuna çagyrýar. Spektakl sagat 12-de başlanýar. Sagat 19-da bolsa «Arşyn mal alan» oýny görkeziler.
Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda 30-njy noýabrda«Ýediň enesi», 1-nji dekabrda bolsa, «Çynymy aýtsam» spektakllary görkeziler. Oýunlar sagat 19-da başlanýar.
Wideoşekilli afişanyň salgysy: wideo
Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün