Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine halkara derejesinde garşy durmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Syýasat habarlary

Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine halkara derejesinde garşy durmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 28.11.2019 // 250 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa toparynyň 31-nji umumy mejlisi boldy. Bu çärä Türkmenistandan, Belarusdan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan — jemi dokuz döwletden wekiller gatnaşdy.

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa topary sebitleýin birleşme hem-de maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylyşyna garşy göreşmek boýunça maliýe çärelerini taýýarlamak baradaky toparyň assosirlenen agzasy bolup durýar. Ýurtlaryň 15-sine we halkara guramalaryň 22-sine synçylyk derejesi berildi.

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa toparynyň baş maksady sebit derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmekden we topara agza döwletleriň jenaýatçylykly ýol bilen bikanun girdejileriň alynmagyna garşy göreşmek boýunça halkara ulgamyna goşulmagyny hem-de maliýe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça maliýe çärelerini taýýarlamak baradaky toparyň tekliplerine we beýleki halkara guramalaryň standartlaryna laýyklykda, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine hem-de jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekden ybaratdyr. Oňa gatnaşyjylar bu topara agza döwletler bolup durýar.

Mejlisiň gün tertibine halkara terrorçylygyň wehimini peseltmekde, döwletleriň maliýe ulgamynyň aýdyňlygyny, ynamlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmekde düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda Ýewraziýa toparyna möhüm ornuň degişlidigi baradaky meseleler girizildi.

Umumy mejlisiň işine Ýewraziýa toparynyň maliýe gözlegleriniň bölümleriniň birnäçe ýokary wezipeli işgärleri, ýolbaşçylary we halkara hem-de sebit guramalarynyň esasy bilermenleri gatnaşdylar.

Oňa türkmen tarapyndan maliýe gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Olaryň işi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş meseleleri bilen bagly bolup durýar.

Forumda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçysy çykyş edip, daşary ýurtly wekillere döwletimiziň bu ugurda alyp barýan syýasaty barada gysgaça gürrüň berdi.

Türkmenistan oňyn bitaraplyk derejesi bilen parahatçylyk we howpsuzlyk syýasatyna işjeň goldaw berýär. Bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk sebitde we tutuş dünýäde yzygiderli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howpsuzlyk boýunça öňe süren birnäçe wajyp başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň bähbidine gabat gelýär.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda: «Ählumumy, ygtybarly hem-de uzak möhletleýin howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bütin äşgärligi we ýitiligi bilen örboýuna galýar, her bir döwletiň üstüne dünýäniň ykbaly üçin jogapkärçiligi ýükleýär. Terrorçylyga garşy göreş sebit gün tertibiniň örän möhüm ugrudyr» diýip belledi.

Döwletimiz maliýe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyny, terrorçylygy ýüze çykarmak, onuň öňüni almak we jenaýatçylygyň, terrorçylygyň meseleleriniň çözgüdine bir bitewi toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak ugrunda ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini esasy ugur edinýär. Munuň özi şu wehimleriň aradan aýrylmagy üçin wajypdyr.

Türkmenistan BMG-niň yglan eden halkara hukuk ýörelgelerini goldaýar. Bu Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidildi. Biz halkara we sebitara howpsuzlyk wehimlerine, guramaçylykly jenaýatçylyga, terrorçylyga we ekstremizme garşy durmak boýunça birnäçe Konwensiýalara, Ylalaşyklara we BMG-niň Maksatnamalaryna goşuldyk. Bu meselede Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyna, aýratyn-da, maliýe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça maliýe çärelerini işläp taýýarlamak baradaky topar, Ýewraziýa topary we beýlekiler bilen hyzmatdaşlyk meselelerine möhüm ähmiýet berýär.

Umumy mejlisiň çäklerinde iş toparlarynyň maslahaty boldy. Şolarda maliýe howpsuzlygyna, parahatçylygyň, durnuklylygyň we sebitde durmuş üpjünçiliginiň bähbidine bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna olaryň gatnaşmagynyň giň meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalar guraldy. Oňa gatnaşyjylara güýçlendirilen gözegçiligiň çäklerindäki düzümleriň alyp barýan işleriniň netijeleri baradaky çykyşlar hödürlenildi.

Çykyş edenler ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşyp, korrupsiýa, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş, ykdysady durnuklylygy berkitmek, şol sanda ählumumy derejede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen strategik ykdysady hyzmatdaşlygyň we 11-nji oktýabrda GDA agza ýurtlaryň Aşgabatda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde kabul edilen Jarnamanyň esasy bölümleriniň biridigini nygtadylar.

«Terrorçylygyň we ekstremizmiň ýüze çykmalaryna garşy aýgytly çykyş etmek bilen, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň bu wehime garşy durmakda we ony aradan aýyrmakda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna goldaw berýär» diýip, milli Liderimiz birnäçe gezek belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy bolan Türkmenistan sebit we ählumumy derejede häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşýar. Şu ýyllaryň dowamynda toplanylan tejribä we halkara giňişlikdäki ikitaraplaýyn gatnaşyklara daýanmak bilen soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň üsti täze hil we mazmun bilen ýetirildi.

Şeýle hem jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa toparynyň işgärler we maliýe meseleleri boýunça resminamalara üýtgetmeleri girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Köptaraplaýyn görnüşde geçirilýän mejlis 29-njy noýabrda öz işini tamamlar. Oňa gatnaşyjylar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine, Ýewraziýa toparyna agza ýurtlarda we umuman, sebitde köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagyna garşy durmak ulgamynyň netijeli hereketini üpjün etmek üçin zerur çäreleri kämilleşdirmek boýunça degişli çözgütleri kabul ederler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter