Aşgabatda halkara teatr festiwaly tamamlandy | TDH
Medeniýet

Aşgabatda halkara teatr festiwaly tamamlandy

опубликованно 23.11.2019 // 350 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy.

Bu iri forum myhmansöýer türkmen topragynda dünýäniň 12 döwletinden gelen döredijilik ulgamynyň wekillerini birleşdirip, festiwaly geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, ýagşylyk we döredijilik maksatlarynyň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Teatr sungatynyň festiwaly asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däpleri we häzirki zaman gazananlary bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň belent ynsanperwerlik wezipesini nobatdaky gezek tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alyp barýan syýasatynda giň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin medeni diplomatiýanyň mümkinçilikleri üstünlikli peýdalanylýar.

Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ählumumy oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy hökmünde ykrar edilmegi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar, ol ýurdumyzyň halkara abraýyny berkitmäge ýardam edip, onuň okgunly innowasion ösüşiniň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Hepdäniň dowamynda döredijilik täzeliklerine we ýatdan çykmajak duşuşyklara baý bolan baýramçylyk ak mermerli paýtagtymyzda dowam etdi. Festiwalyň maksatnamasy daşary ýurtlaryň teatr toparlarynyň 14-siniň çykyşlaryny öz içine aldy. Türkmen sungatyna ýurdumyzyň esasy teatrlary wekilçilik etdiler. Artistleriň çykyşlary Aşgabadyň ajaýyp sahna meýdançalarynda tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen geçdi.

Türkmenistanlylar we myhmanlarymyz özboluşly aktýorlyk, režissýorlyk we sahna işleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Bu wakanyň çäklerinde ussatlyk sapaklary we döredijilik duşuşyklary geçirildi. Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolsa teatra bagyşlanan sergi guraldy.

Festiwalyň jemleýji güni geçirilen iş maslahatynyň barşynda kärdeşler teatryň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny, geljekki gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, tomaşaçyny çekmek üçin häzir täze keşpler, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary ulanylýar. Sahnada geçmiş we häzirki döwür, däp-dessurlar we täzelikler, folklor hem-de täze pikirler sazlaşykly utgaşýar.

Sahna sungatynyň mümkinçilikleri giň gerimli çäreleri, şol sanda medeni we sport çärelerini geçirmekde hem giňden ulanylýar. Şunda durmuşy berkarar edýän ruhy baýlyk üýtgewsiz bolup, ol teatry, onuň adamlary, aýratyn-da, ýaşlary gözellik we ahlak taýdan terbiýelemekde eýeleýän ornuny özünde jemleýär. Sungatyň müdimiligi we juwanlygy teatryň hemişe baýramçylyk hem-de duýgular, taryh we durmuşyň özi, döredijilik we zehin bolmagynda jemlenýär.

Munuň şeýledigini festiwala gatnaşyjylar nobatdaky gezek tassykladylar, olaryň işlerini mähirlilik, özboluşlylyk, keşpleriň täsirliligi tapawutlandyrdy. Tomaşaçylara milli we dünýä nusgawy eserleriniň genji-hazynasyndan sahnalar, häzirki zaman dramaturgiýasy, aýdym-sazly we gurjak oýunlary, pantomima dilindäki hem-de «bir aktýoryň teatry» žanrynda sahnalar görkezildi.

Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň artistleriniň tanymal sahnasynyň täze görnüşi — «Gorkut ata» eposynyň esasynda döredilen «Domrul» spektakly sungat baýramçylygynyň özboluşly jemleýji pursadyna öwrüldi. Onuň many-mazmuny ynsan durmuşynyň gymmatlygynda jemlenip, islendik dilde düşnükli bolan — abraý hem-de borç, ahlak tämizligi we mertebe, durmuşyň manysyny gözlemek ýaly mowzuklary özünde jemledi.

Türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerine bolan söýgi we hormat duýgularyna beslenen oýun köp sanly teatr muşdaklarynyň hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen kärdeşleriniň kalplarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Adamyň inçe duýgularynyň çeper beýany, milli öwüşginleriň köpdürlüligi oýunda öz beýanyny tapdy.

Agşam Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy. Sahna sungatynyň festiwalyna gatnaşyjylara diplomlar, baýraklar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Myhmanlaryň giň gerimli festiwaly geçirmek başlangyjynyň eýesi türkmen Liderine, festiwalyň guramaçylaryna, aşgabatlylara hoşallyk duýgusy bu agşamda döredijilik görnüşinde beýan edildi. Şu dabaraly pursada bagyşlanyp ýörite döredilen, festiwala, halklaryň dostlugyna, parahatçylyga we agzybirlige bagyşlanan aýdym ajaýyp zalyň sahnasynda belent we joşgunly ýaňlandy.

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwala gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda milli medeniýetimizi ösdürmek barada edýän ýadawsyz aladasy, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn döredijilik işleri üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň sungaty bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter