Dubaýda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy | TDH
Syýasat habarlary

Dubaýda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy

опубликованно 23.11.2019 // 352 - просмотров
 

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Birleşen Arab Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy.

Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, şeýle hem BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň, Dubaý şäherinde akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň Birleşen Arab Emirliklerindäki Baş konsuly Y.Amanow Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň açylyşynyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryna uly goşant goşjakdygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhum orny eýelejekdigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabarasyndan soň bu çärä gatnaşan myhmanlar BAE-de Türkmenistanyň Baş konsullygynyň açylyşyna bagyşlanan resmi kabul edilşige gatnaşdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter