Resmi habarlar 10-nji Awgust | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 10-nji Awgust

опубликованно 10.08.2015 // 929 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda 2015-nji ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününi dabaraly bellemek hem-de bu çäräniň çäklerinde ylmy-amaly maslahaty, sport we medeni çäreleri, fotosuratçylaryň bäsleşigini, şeýle hem çagalaryň arasynda amaly-haşam sungaty boýunça bäsleşigi geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasyna we Balkan welaýatynyň häkimligine Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çäreleri talabalaýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary Şöhrat Muradowiç Jepbarowyň üstüne ýüklenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Batyr Sapargulyýewiç Ibragimow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwran Ärnepesowiç Mämmedow Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Myratdurdyýewiç Amandurdyýew Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter