Türkmenistanda BMG-niň maksatnamasynyň “SPEKA günleri” geçirilýär | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanda BMG-niň maksatnamasynyň “SPEKA günleri” geçirilýär

опубликованно 19.11.2019 // 137 - просмотров
 

Şu gün «SPEKA günleriniň» çäreleriniň çäklerinde SPEKA-nyň Söwda boýunça iş toparynyň 14-nji sessiýasy geçirildi. Ol BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň häzirki başlygy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) hem-de BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde guraldy.

SPEKA-nyň Ykdysady forumynyň hem-de SPEKA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň sessiýasynyň öňüsyrasynda geçirilen duşuşygyň esasy maksady söwda çärelerini ýeňilleşdirmek we söwda bilen baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça çäreleri ornaşdyrmak üçin maksatnama gatnaşýan ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmakdan we özara ýardam bermekden, şeýle hem şu mesele we hususyýetçiligiň wekilleriniň ulgamynyň döredilmegini höweslendirmek boýunça sebit strategiýasyna syn bermekden ybaratdyr.

Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýany işjeň durmuşa geçirmek bilen, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi hem-de esasy halkara düzümler, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Biziň Bitarap döwletimiz häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar.Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýar.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de beýleki abraýly halkara we sebit düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan ählumumy strategiýalary, konsepsiýalary, maksatnamalary hem-de taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen esasy guramalara, ilkinji nobatda bolsa, BMG-ä agzalygyndan has netijeli peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň BMG-niň Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynda işjeň ornuna uly ähmiýet berilýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde durnukly we okgunly ösüşi üpjün etmekde söwdanyň eýeläp biljek ornuna aýratyn ähmiýet berilýär. SPEKA gatnaşyjylaryň ählisi öz öňlerinde ählumumy derejede ulanylýan täze maksatlary goýmak bilen, tagallalaryny dünýä syýasatyň wajyp meselelerini, şol sanda deňsizlige garşy göreşmek, azyk bolçulygyny gazanmak, howanyň üýtgemegi we beýleki meseleleri çözmäge gönükdirýärler.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenbaşy şäherinde geçirilen, 2019-njy ýylyň iri wakalarynyň biri bolan birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine üns berdiler. Mälim bolşy ýaly, dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetlerini jemlän bu forum söwda we durnukly ösüş ulgamynda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli çärä öwrüldi.

Çykyş edenler bu çärä BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaýerowanyň gatnaşandygyny, şonuň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyň geçirilendigini belläp, milli Liderimiziň SPEKA-nyň Gaznasyny döretmek baradaky pikiri goldandygyny hem-de ýurdumyzyň bu düzüme maliýe goýumlaryny goýmaga taýýardygynyň tassyklanylandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bu başlangyç maksatnama gatnaşyjy döwletleriň hem goldawyna mynasyp boldy.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Hökümetiniň Bütindünýä söwda guramasyna girmek meselelerindäki tagallalaryna-da oňyn baha berdiler. Munuň özi uzak möhletli milli bähbitlere hem-de ykdysadyýetiň globallaşmagy babatda dünýä ýörelgelerine laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýän hem-de döwrebaplaşdyrýan, iri möçberli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistanyň bu maksatlara ýetmegi üçin esasy delilleriň biri-de onuň häzirki zaman tehnologiýalaryna elýeterlilige eýe bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Çünki şolaryň standartlary Bütindünýä söwda guramasy tarapyndan öňe sürülýär we şeýlelikde, diňe bir söwdany däl, eýsem, ylmy-tehniki ösüşi hem höweslendirýär.

Pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar SPEKA ýurtlarynyň ählisiniň Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde açyk we deňhukukly köptaraply söwda ulgamyna goşulyşmagynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň wezipelerini üstünlikli çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda onuň Bütindünýä sammitinde kabul edileninden soňra, ýurdumyzyň ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryny milli meýilnamalara we maksatnamalara uýgunlaşdyrmaga girişendigini hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly ylmy işleriniň birini bu meselä bagyşlandygyny bellemek gerek.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda çärelerini dolandyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda bu çäräniň ýurtlaryň arasynda şol ulgamdaky işi standartlaşdyrmak, ylalaşmak we döwrebaplaşdyrmak meselelerini kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini, şeýlelikde, halkara söwdanyň möçberlerini artdyrjakdygyny, ony çaltlandyrjakdygyny we arzanlatjakdygyny hem-de ownuk we orta gatnaşyjylar üçin elýeterli etjekdigini bellediler. Bu ulgamda ornaşdyrmak üçin teklip edilýän gurallaryň netijeliligi bilermenler tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijeleri bilen tassyklanyldy.

Bütindünýä söwda guramasynyň 2017-nji ýylyň fewralynda güýje giren degişli Ylalaşygynda ösýän ýurtlaryň köpüsi, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin uly ähmiýete eýe bolan üstaşyr geçirmek hakyndaky düzgünleriň öz beýanyny tapandygy hemmelere mälimdir. Söwda çärelerini ýeňilleşdirmek ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy bu ýurtlar üçin Durnukly ösüş maksatlaryna, hususan-da, 16-njy we 17-nji maksatlara ýetmek babatda wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, UNCTAD-nyň ornuna aýratyn üns berildi.

Şu günki duşuşykda SPEKA-nyň söwda çärelerini ýeňilleşdirmek boýunça strategiýany kabul etmek we ornaşdyrmak, ony durmuşa geçirmek üçin ýol kartasyny işläp taýýarlamak, Merkezi Aziýa sebitinde söwdada bökdençlikleri azaltmak boýunça seljermeleri geçirmek hem-de maslahatlary işläp taýýarlamak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu meseleler boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde şu ýylyň iýul aýynda Ženewa şäherinde geçirilen «Durnukly ulag we söwda ýardam etmek arkaly Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy» atly 3-nji ýokary derejeli maslahatda hem-de SPEKA-nyň söwda boýunça iş toparynyň 13-nji mejlisinde beýan edilen bu başlangyçlary goldamak barada ýurtlaryň çözgütleriniň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Gün tertibiniň çäklerinde SPEKA ýurtlarynyň söwda çärelerini durnukly ýeňilleşdirmek we ösdürmek babatdaky milli hem-de sebit meýilnamalary-da ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi maksatnama gatnaşyjy döwletlerde ugurdaş meseleler bilen meşgullanýan diplomatik işgärleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

Duşuşygyň ahyrynda ýygnananlar sebitde hem-de tutuş dünýäde umumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary giňeltmek işinde bu duşuşygyň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň köpüsini umumy tagallalar arkaly çözmek maksadalaýykdyr, çünki diňe şeýle çemeleşme esasynda görülýän çäreleriň netijeliligi, döwletleriň ykdysady ösüş gazanmaga gönükdirilen maliýe serişdeleriniň rejeli ulanylmagy üpjün edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, şu çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň sebit derejesinde durnukly ösüşe we ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine uly üns bermek bilen, halkara hyzmatdaşlygyň söwda we ulag ýaly ugurlaryna işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter