Hormatly Prezidentimiz täze desgalarynyň açylyş dabarasyna we serhetçileriň okuw türgenleşigine gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz täze desgalarynyň açylyş dabarasyna we serhetçileriň okuw türgenleşigine gatnaşdy

опубликованно 11.08.2015 // 996 - просмотров
 

Tagtabazar, 11-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Tagtabazar serhet birikmesiniň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly polkunyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdur. Häzirki täze taryhy eýýamda bu ýörelgeler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Ählumumy howpsuzlyk binýadynyň kemala getirilmeginde, sebitde we tutuş dünýäde durmuş-ykdysady abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlagyçlary dünýäniň ähli döwletleri bilen giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, hoşniýetli gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürýän şeýle ýörelgeleri halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa we ykrarnama eýe bolýar.

Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan parahatçylyk söýüjilikli Harby doktrinasy ýurtda howpsuzlygyň üpjün edilmegine, türkmen halkynyň parahatçylykly we abadan durmuşynyň kepili bolup durýan Milli Goşunyň goranyş kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan harby özgertmeler Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, şol sanda Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň döwrebap enjamlar, täze tehnikalar bilen üpjün edilmegine, harby gullukçylaryň göwnejaý gullugy we ýokary derejeli ýaşaýşy üçin degişli şertleriň döredilmegine, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň Ýaragly güýçleriniň möhüm bölegi bolup durýan serhet goşunlaryna milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan mähriban Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda sak durmak ýaly asylly we jogapkärçilikli wezipe ynanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary baýramçylyk lybasynda bezelen serhet birikmesiniň ýanyndaky meýdançada gonýar. Bu ýerden serhet birikmesiniň täze toplumyna çenli bolan aralykda ýaş serhetçi esgerler hatara düzülipdir. Olaryň elindäki Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary säher şemalyna adaja pasyrdaýar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz serhet birikmesiniň we ýörite maksatly polkuň şahsy düzümi hem-de “Serhet owazlary” aýdym-saz toparynyň agzalary bilen mähirli salamlaşyp, olary serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmagy, Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 23 ýyllygy we Türkmenistanyň Serhetçiler güni bilen gutlady.

Öz gezeginde serhetçiler hormatly Prezidentimizi bu şanly wakalar bilen gutladylar. Harby gullukçylaryň “Ura!” diýen sesleri alyslara ýaň saldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalar toplumyna tarap ugrady.

Şu pursatda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň “Serhet owazlary” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde belent ruha beslenen “Arkadaga şöhrat” aýdymy ýaňlandy. Ol türkmen halkyna bagtly, abadan we asuda durmuşy peşgeş eden milli Liderimize çuňňur hoşallygyň nyşany bolup eşidildi.

Hormatly Prezidentimiz merkezi girelgä barýar we dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda toplumyň toý bagyny kesip, serhet birikmesiniň we ýöirte maksatly polkuň täze binalarynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.

Soňra milli Liderimiz toplumyň birinji bölümine bardy. Bu ýerde degişli derejedäki gullugy alyp barmak, dynç almak üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň serhetçileriniň söweşjeň okuw we türgenleşik geçýän otaglary bilen tanyşdy. Olarda hem türkmen halkynyň mähriban topragynyň, bagtyýarlygynyň, parahatçylygynyň goragynda durýan serhetçiler üçin ähli zerur şertler bar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa nobatçy esger otagyň ýagdaýy, gullugyň barşy barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklanyp, döwletiň harby gullukçylaryň durmuş we ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak hakynda yzygiderli alada etjekdigini belläp, olara gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz otaglary gözden geçirip, ýaş esgerler üçin doly derejeli gulluk we dynç alyş şertleriniň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Serhetçiler boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmelidirler.

Serhet birikmesiniň we ýörite maksatly polkuň täze binalar toplumy Döwlet serhet gullugynyň beýleki täze binalary ýaly milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň, şol sanda harby ulgamdaky başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli Ýaragly Güýçleriň tutuş kuwwatynyň diňe parahatçylygyň bähbidine gönükdirilendigini hemişe belleýär. Goşuny kämilleşdirmek arkaly biziň ýurdumyz diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarlydyr we şeýle bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we goranyş hem-de parahatçylyk söýüjilik häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy hut şu ugra gönükdirilendir. Döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek, agzybir, bitewi türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny goramak onuň esasy ugry bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gulluk-durmuş maksatly beýleki desgalara tarap ugrady we esgerleriň naharhanasyna, aşhanasyna hem-de çörek bişirilýän ýerine baryp gördi. Bu ýerde ýaňyja bişirilen çöregiň ýakymly ysy gelýärdi. Bu tagamly çörek esgerler üçin niýetlenen çörek bişirilýän ýeriň önümidi.

Milli Liderimiz bu ýerde gulluk edýän aşpezleriň zähmet şertleri, aşhananyň enjamlaşdyrylyşy, şeýle hem harby gullukçylar üçin niýetlenen tagamlaryň görnüşleri bilen gyzyklandy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz serhetçileriň gullugy we boş wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin şertleri döretmek bilen birlikde, bişirilýän naharlaryň ähli kadalara laýyk gelmegi hem-de tagamly we peýdaly bolmagy üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Saçak başynda ýaş esgerler bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy serhetçileriň gullugy we durmuşy, olaryň geljekki maksatlary bilen gyzyklandy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gulluk etmäge gelen serhetçi esgerler döwlet Baştutanymyza göwnejaý gulluk etmek babatda ähli şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we milli Liderimiziň sargytlaryna yzygiderli eýerip, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramakda şöhratly ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirjekdiklerine, özleriniň harby borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň iň täze tehnologiýalar we ýörite tehnikalar bilen üpjün edilen maglumat merkezine geldi. Bu ýerde oturdylan monitorda enjamyň işleýiş tertibi görkezilýär. Onuň kömegi bilen Döwlet serhediniň serhet birikmesiniň çägine degişli ýerlerine gije-gündizleýin gözegçilik amala aşyrylýar. Bu enjam serhediň ähli çägine wideogözegçiligi amala aşyrmaga we elektron maglumat almaga mümkinçilik berýär. Serhetçileriň ygtyýarynda bar bolan aragatnaşyk serişdeleri we dolandyryş ulgamy Döwlet serhet gullugynyň gözegçilik edýän çäklerinde ýüze çykýan islendik ýagdaýlara gyssagly garşy durmaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde oturdylan enjamyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanyp, döwlet Baştutanymyz serhetçileriň döwrebap tehniki serişdeleri dolandyrmagy ussatlyk bilen ele alyşlaryna syn etdi. Serhet gullugynyň ähli bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň we şahsy düzümiň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini belläp, milli Liderimiz döwletimiziň şu meselelere mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet berjekdigini aýtdy. Serhetçiler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna degişli derejede gulluk etmek ugrunda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirip, öz öňlerinde durýan mukaddes wezipeleri hormat bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz dürli derejedäki dabaralary, jemgyýetçilik-syýasy çäreleri, şeýle hem aýdym-sazly çykyşlary, bäsleşikleri guramak üçin niýetlenen birikmäniň Medeniýet öýüne bardy.

Bu medeniýet ojagynyň serhet gullukçylarynyň wagtlaryny şadyýan geçirmekde, gyzykly dynç alyşy guramakda, gözýetimini giňeltmekde we döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygy bellärliklidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe harby gullukçylaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Medeniýet öýüne aýratyn orun degişlidir.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz serhet birikmesiniň we ýörite maksatly polkuň täze binalar toplumynyň ulanmaga tabşyrylmagy mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sowgat hökmünde serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan ýöriteleşdirilen harby tehnikanyň açarlaryny gowşuryp, döwletimiziň mundan beýläk-de serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitjekdigini hem-de harby gullukçylaryň we serhetçileriň gulluk we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada etjekdigini nygtady.

Serhet birikmesiniň we ýöite maksatly polkuň täze binalar toplumy bir bitewi binagärlik keşbi emele getirmek bilen, häzirki zamanyň şertlerine laýyk derejede gurlupdyr. Onuň aýratyn durmuş üpjünçilik ulgamy, giň eýwanlary, serhetçileriň maşgalalaryna niýetlenen we häzirki zaman mebelleri, durmuş tehnikalary bilen üpjün edilen, otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary, hemra aragatnaşyk ulgamlary bu ýerde gulluk edýän serhetçileriň döwrebap gullugyna gönükdirilendir. Binalar toplumynyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr.

Serhet gullugynyň serkerdeleriniň birnäçesiniň maşgalalary täze öýe göçüp gelmek bagtyna eýe boldular.

Taslamany düzüjileriň hem-de gurluşykçylaryň şäherçäniň körpe ýaşaýjylary barada hem alada edendigini aýratyn bellemelidiris. Olar üçin hiňňillikleri, oýun depejiklerini we wagtyňy şadyýan geçirmäge niýetlenen beýleki serişdeleri özünde jemleýän oýun meýdançalarynyň ikisi guruldy.

Serhet birikmesiniň çäklerinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglaryndan başga-da ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezi hereket edýär. Lukmançylyk merkeziniň otaglary iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Onda işleýän ýokary hünärli lukmanlar serhetçilere ýokary derejedäki hyzmatlary hödürleýärler.

Mundan başga-da, serhet birikmesiniň we ýörite maksatly polkuň täze binalar toplumynda we onuň çäginde sport zallary we meýdançalary bar. Bu ýerde serhetçi esgerleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz ediji hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň, ilkinji nobatda bolsa ýaşlaryň sporta işjeň çekilmegi ugrunda yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz ähli beýleki düzümlerde bolşy ýaly, Milli Goşunymyzda hem sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilmelidigini nygtady.

Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz onda terbiýeçilik we watansöýüjilik işleriniň ýaş esgerleriň söweşjeň ukybyny ýokarlandyrmaga, olaryň paýhas derejesini ösdürmäge ýardam bermelidigini nygtady. Watan goragçylarynyň öňünde diňe bir çylşyrymly häzirki zaman tehnikalaryna ussatlyk bilen erk etmek däl, eýsem, taktiki guramaçylyk işlerini çözmek meselesiniň durandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutanymyz serhet goşunlarynda halypaçylyk ussatlygynyň we serkerdelik düzüminiň taýýarlyk derejesiniň ýokarlandyrylmalydygyny aýratyn belledi.

Şeýlelikde, Tagtabazar serhet birikmesiniň we ýörite maksatly polkuň täze binalar toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragynyň parahatçylygynyň we durnuklylygynyň goragynda durýan harby gullukçylar üçin edýän ägirt uly aladasynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Dabara gatnaşyjylary şanly waka bilen ýene-de bir ýola gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde uly üstünlik arzuw etdi we dikuçarda harby-taktiki okuwyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Harby-taktiki okuwyň baş maksady harby gullukçylaryň hünär derejesini, parahatçylykly maksatlara gulluk edýän milli goşunyň goranyş kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiziň dikuçary harby-taktiki okuw geçirilýän künjegiň golaýyndaky ýörite taýýarlanan meýdança gondy.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa harby-taktiki görkezme okuwyň geçirilmegine taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ýörite taýýarlanan meýdançada Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan ýöriteleşdirilen harby tehnika, şol sanda 122 mm ölçegli reaktiw ot açyş ulgamy bilen tanyşdyryldy.

Döwlet Baştutanymyz harby tehnikany içgin gözden geçirip, döwletiň serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyny hem-de döwletiň harby gullukçylaryň we serhetçileriň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak hakynda yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.

Soňra milli Liderimiz okuw türgenleşigini dolandyryş merkezine barýar.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana Watan goragçylary şu günki tälim okuw türgenleşiginde ýurdumyzyň asudalygyny, mukaddes dost-doganlyk serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmäge ýokary derejede taýýardyklaryny, söweşjeň taýýarlyklarynyň has-da ýokarydygyny görkezmegi maksat edindiler.

Tälim türgenleşik meýdanyndan söweş nobatçylygynda duran ýörite uçarmansyz aňtaw uçary asmana galýar. Bu kämil ýörite uçar aňtawçylyk uçuşlaryny geçirmek üçin niýetlenilip, onuň kömegi bilen gije-gündiziň dowamynda ýazgy etmek hem-de 3D görnüşde surata düşürmek mümkinçiligine eýedir.

Geçirilen aňtawçylyk uçuşyň netijesinde serhet birikmesiniň serhet galasyndan uzak bolmadyk ýerde, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň golaýynda goňşy döwletiň ýerinde birnäçe topardan ybarat bolan näbelli raýatlaryň ýaragly, dürli ýeňil awtoulaglarda ýygnanyşandyklary ýüze çykarylýar. Bu barada serhet galasyna we serhet birikmesine habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, howadan garaşsyz Watanymyzyň dost-doganlyk serhedinde asudalygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän uçarmansyz uçýan enjam ýurdumyzda öndürilýär. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 4-nji awgustda paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda açylan uçarmansyz uçýan enjamlar merkezinde taýýarlanyldy. Uçarmansyz uçýan enjam dürli belentliklerde uçmaga ukyplydyr. Onuň kömegi bilen zerur bolan maglumatlary we şekilleri alyp bolýar. Iň esasy ýeri-de, onuň paraşýut ulgamy bilen üpjün edilmegi netijesinde uçary islendik ýerde gonduryp bolýar.

Uçarmansyz uçaryň operatory tarapyndan geçirilen aňtawçylyk uçuşyň netijesinde döwlet serhedine tarap hereket edýän elleri ýaragly dürli tehnikalardaky näbelli ýaragly toparyň öz maksatlaryna ýetmek üçin döwlet serhedini öňdebaryjy toparlary bilen böwsüp, söweş hereketlerine başlandygy anyklanýar. Döwlet serhedini bozyp, ýurdumyzyň çägine geçen ýaragly toparyň hereketleri barada uçarmansyz uçaryň operatory tarapyndan ştaba habar berilýär hem-de döwlet serhedini bozujylaryň hereketlerine howadan gözegçilik etmek arkaly, uçuş hereketleri dowam etdirilýär.

“Tebile” yşaraty boýunça serhet galasynyň şahsy düzümi toparlar boýunça bölünip, sowutly ýeňil awtoulaglarynda we üstünde ZU-23 kysymly zenit toplumy enjamlaşdyrylan sowutly tehnikada, şeýle hem “LRAD” kysymly ýiti ses beriji enjamly ulaglarda wakanyň ýüze çykarylan ýerine tarap hereket edip başlaýarlar.

Şeýle hem berlen habar esasynda serhet birikmesiniň söweş nobatçylygynda duran söweşjeň dikuçarynda ýörite maksatly polkuň tiz hereket edýän mergenler topary wakanyň ýüze çykarylan ýerine tarap uçurylýar.

Şertli taktiki ýagdaýa laýyklykda, şertli garşydaşyň öňdäki toparlary döwlet serhedini bozup, öňe okdurylýarlar we ýaragly garşylyk görkezýärler.

Serhet birikmesiniň “Tebil” topary ýaragly toparlaryň ýüze çykarylan ugrunda söweşjeň ýagdaýdaky ýerlerini eýeleýärler.

Serhetçiler döwlet serhedini bozup geçen ýaragly topary saklamak we yzyna serpikdirmek maksady bilen, “Tebil” toparynyň düzüminde hereket edýän “IWEKO” kysymly awtoulagyň üstünde enjamlaşdyrylan ýörite “LRAD” kysymly enjamy ulanýarlar.

Bu döwrebap enjamy dolandyrýan topar tarapyndan ýaragly toparyň döwlet serhedinden yzyna gitmegi barada talap edilýär, eger-de edilýän talap ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda ýarag ulanyljakdygy barada duýdurylýar.

Doly söweş taýýarlygyna getirilen biziň toparlarymyz goranyş sepgidiniň ugrunda goranyşda bolup, garşylaklaýyn hüjüm geçirmek üçin zerur bolan güýçleri we serişdeleri toplaýarlar.

Bellenen wagtda söweşjeň dikuçardan ýörite maksatly polkuň tiz hereket edýän mergenler topary howadan düşürilip başlanýar.

Serhet birikmesiniň şahsy düzümi mergenler topary bilen bilelikde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler—aýgytly söweş hereketlerini alyp barýarlar we garşydaşyň güýjüne uly zyýan ýetirýärler.

Aňtawçylyk uçuşyny dowam etdirýän uçarmansyz uçar Türkmenistanyň döwlet serhediniň golaýynda elleri ýaragly dürli tehnikalardaky näbelli ýaragly toparlaryň hereket edýändiklerini ýüze çykardy. Şertli garşydaş serhedi böwsüp, basybalyjylykly söweş hereketlerine başlaýar. Bu barada serhet birikmesine habar berilýär. Uçarmansyz uçaryň operatoryndan gelip gowşan bu habar serhet birikmesiniň dessin nobatçysy tarapyndan harby we hukuk goraýjy edaralaryna hem-de harby bölümlere habar berilýär.

Berlen habar esasynda şol wagt serhet birikmesiniň söweş nobatçylygynda duran dikuçarlar wakanyň ýüze çykarylan ýerine tarap uçurylýar. Olar asmandan garşydaşlaryň eýelän ýerlerine ot açýarlar.

Türkmenistanyň çägine aralaşan toparlary, serhet birikmesiniň güýçlerine tarap üç-dört ugurdan ýaragly ot açyp başlaýarlar.

Ýöne biziň goşunlarymyz garşydaşa eýelän ornunda ornaşmaga maý bermän, awtobronetehnika garşy ot açýar we garşylyklaýyn hüjüme geçýär. Ýörite “Brauning” kysymly pulemýot bilen enjamlaşdyrylan “Awgusta-139” kysymly söweşjeň dikuçarlarynyň ikisinden ybarat bolan hüjüm ediji topar garşydaşyň uly möçberdäki söweş tehnikalary ýok edildi.

Şol pursat artileriýa diwiziony we minomýot atyjy batareýasy ot atyş sepgitlerine garşy urgy ýerine ýetirmek üçin söweşjeň ýagdaýlaryndaky ýerlerini eýeleýärler. Öňde goýlan söweş maksadyna laýyklykda, “D-30” kysymly toplary şertli garşydaşyň hereket edýän hatarlary boýunça jemlenen ody bilen urgy geçirmegini dowam edýärler.

Ýaragly toparyň hereketiniň biziň goranyşymyzyň öňdäki hataryna golaýlamagy bilen, artilleriýa bölümçeleri goranyş meýilnamasy boýunça ot açmaga girişýär. Ýörite maksatly bölümleriň ähli güýçlendiriş serişdeleri we tehnikalary bilen ýöriş amala aşyrylyp, hüjüme geçmek üçin başlangyç etrapda jemlenilýär.

Artileriýa bölümçeleriniň bilelikde we aýratynlykda alyp baran zarply urgulary netijesinde garşydaşyň köp mukdarda sowutly tehnikalary ýok edilip, beýleki bölümleriň ot açyşyna mümkinçilik döredilýär.

Tälim türgenleşik meýdanynyň öň tarapynda döwlet serhedini bozup geçen ýaragly toparynyň hüjümini yzyna sepgitdirmek we olary Türkmenistanyň çäginden kowup çykarmak maksady bilen, ýörite maksatly toparlar hem-de “T-72” kysymly söweş tanklary garşydaşyň ýaragly toparlarynyň ýüze çykarylan ugrunda taktiki taýdan amatly bolan söweş sepgidini eýeleýärler hem-de ýaragly toparlaryň ot açyş sepgitlerine tarap ot açýarlar.

“BMP-2”, “COBRA”, “BTR-80”, “SURVIVOR” sowutly tehnikalar çaltlyk bilen ýöriş edip, şertli garşydaşa tarap yzygiderli ot açýarlar. Şunuň netijesinde garşydaşa uly zyýan ýetirilýär, ol uly ýitgä sezewar edilýär.

Bellenen wagtda “NSWT” pulemýoty bilen gurnalan, aralykdan dolandyrylýan, gije-gündiz, howanyň dürli şertlerinde garşydaşyň toparlaýyn dürli güýjüni, ýeňil sowutlanan tehnikalaryny hem-de pes aralykdan uçýan serişdelerini 2000 metre çenli aralykdan dolandyrmak arkaly ýok etmek üçin niýetlenen “WAF-300” modulyndan şertli garşydaşyň söweşjeň hatarlaryna tarap ot açylýar we olara uly zyýan ýetirilýär. Bu modul “COBRA” kysymly sowutly tehnikalaryň üstünde enjamlaşdyrylandyr. Garşydaş uly ýitgilere sezewar edilip, yzyna serpikdirilýär.

Artileriýanyň, tanklaryň, BMP-leriň we beýleki ot açyş serişdeleriniň goldaw bermeginde biziň esgerlerimiz hüjüme geçýärler we şertli garşydaşlaryň galan güýçlerini ýok edýärler.

Söweş hereketleriniň geçirilen ýerlerini gözden geçirmek hem-de ýaraglanan harby gullukçylara ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin ýörite topar ugradylýar. Ugradylan ýörite topar tarapyndan döwlet serhedini bozup geçen ýaragly toparyň ýok edilmegi bilen wakanyň bolan ýerinde ýaralananlara ilkinji lukmançylyk kömegi berilýär hem-de ýaragly çozuş boýunça subutnamalar ýygnanylýar.

Okuw türgenleşiginiň ahyrynda asmanda söweşjeň uçarlar peýda bolýar. Döwrebap uçarlary ganatly maşynlara ussatlyk bilen erk edýän türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar. Olar söweşjeň maşynlara başarjaňlyk bilen erk edip, ýokary ussatlygyny görkezýärler. Munuň özi ata Watanymyzyň arassa asmanynyň asudalygynyň ygtybarly goralýandygyny alamatlandyrýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri şu okuw türgenleşiginiň barşynda öz öňlerinde goýlan söweşjeň wezipäni üstünlikli ýerine ýetirip, söweşjeň taýýarlygyň we ussatlygyň ýokary derejesini görkezdiler.
Türkmenistanyň serhet goşunlary ata Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goralýandygyny, häzirki wagtda döwrebap tehnikalara, enjamlara hem-de ýaraglara ussatlyk bilen erk edip, özleriniň bilimini kämilleşdirýän serhetçilerimiziň gullugynyň netijeliligini görkezdiler.

Milli Liderimiz türgenleşige gatnaşan serkerdelere we harby gullukçylara ýüzlenip, ýokary söweş taýýarlygyny we hünär ussatlygyny görkezendigi üçin olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Tälim okuw-türgenleşigine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk hem gaýduwsyz türkmen esgerleriniň iň gowy däplerini abraý bilen dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli goşunymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edermenligiň nusgalyk mekdebine öwrüldi. Şu günki okuw-türgenleşigi hem söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejededigini görkezdi.

Harby gullukçylar mähriban halkymyza, ata Watanymyza we hormatly Prezidentimize kasam edýärler.

Tälim okuw türgenleşigi tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz gulluk itleriniň baş öwredilýän ýörite meýdançasyna barýar. Serhetçiler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gulluk itleriniň ýörite trenažýorlarda dürli päsgelçiliklerden geçmek, şertli serhet bozujylary yzarlamak we ele salmak, şeýle hem neşe serişdeleriniň çalt ýüze çykarmak boýunça alan tälimlerini görkezýärler. Hormatly Prezidentimiz gulluk itlerine baş öwredilişini synlap, olaryň saklanyş şertleri hem-de tälim berliş usullary bilen gyzyklandy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, Watan goragçylaryna berk jan saglyk we mähriban topragymyzy ata Watanymyza hem-de harby kasama wepalylyk bilen goramak boýunça mukaddes borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Milli Liderimiz dikuçary dolandyryp, ondan baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan ýerleriň tebigy aýratynlyklaryny, welaýatyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri synlady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk meýdanlarynyň ýagdaýyna, şeýle hem durmuş maksatly täze desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işlerine üns berip, sebitde Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine baha berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sebiti mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, bu gadymy topragyň tebigy mümkinçiliklerinden rejeli peýdalanmagyň, onuň ekologiýasyny we taryhy ähmiýetini aýawly saklamagyň wajypdygyny aýratyn nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçary Mary şäheriniň howa menziliniň ýörite meýdançasyna gonduryp, şu günki wakalara gatnaşanlar bilen mähirli hoşlady we uçaryna münüp, Aşgabada ugrady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter