Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 18.11.2019 // 376 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, welaýatlaryň durmuş düzümlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, göni aragatnaşyga ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Ol paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, şäheriň ilatyny agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda häkim şäheriň etraplarynyň çäklerinde arassaçylygy saklamak we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda degişli düzümler bilen ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň çäginde gurulýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň ünsden düşürilmeli däldigini belledi. Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň bökdençsiz işlemegi yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz şäherde agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçilik işleri barada aýdyp, bu meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Aşgabat şäherini has-da ösdürmek boýunça öňde durýan wezipelere ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz şäheri abadanlaşdyrmak, onuň ekologiýa derejesini degişli ýagdaýda saklamak meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu işlere hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, galan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaçadan boşan ýerleri sürmek, suwaryş desgalaryny tertibe salmak, şol bir wagtyň özünde bolsa, ak ekinlere ideg işleri geçirilýär. Welaýatyň ýolbaşçysy şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginleri barada hasabat berdi.

Ahal welaýatynyň häkimi Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň medeni maksatnamasy barada aýdyp, milli Liderimize göz öňünde tutulan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir oba hojalygynda möhüm agrotehniki çäreleriň geçirilýän döwrüniň başlanandygyna ünsi çekip, ýetişdirilen pagta hasylyny doly ýygnap almagyň zerurdygyny nygtady.

Şol bir wagtyň özünde gowaçadan boşan ýerlerde sürüm işlerini geçirmek, suwaryş desgalaryny, zeýkeşleri we beýleki suwaryş ulgamlaryny kada laýyk derejede saklamak meselelerine yzygiderli gözegçilik edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde, welaýatdaky suw howdanlarynyň ýagdaýyny seljermek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Mundan başga-da, howanyň sowap başlandygyny nazarda tutup, durmuş düzümine degişli desgalaryň ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçiligi ünsden düşürilmeli däldir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak şanly senelere — Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli taýýarlyk işleriniň zerurdygyny aýdyp, häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygym möwsümi tamamlanýar, sürüm işlerini geçirmek we ak ekinlere agrotehniki kada laýyk derejede ideg etmek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Hasabatyň dowamynda Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna taýýarlyk işleriniň barşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek, pagtadan boşan ýerleri sürmek, şeýle hem suwaryş desgalaryny tertibe salmak işlerine örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümler bilen bilelikde welaýatyň çäginde bar bolan suw howdanlarynyň ýagdaýyny gözden geçirmek, olary arassalamak meseleleri möhüm bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz howanyň sowap başlandygyny nazarda tutup, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň bökdençsiz ýyladylyşyna ünsi çekip, welaýatda agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçilik meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz öňde boljak şanly senelere — Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň halkymyzyň asylly däplerine laýyk derejede geçirilmelidigini aýdyp, häkime anyk tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, häzirki wagtda sebitde meýdanlarda galan pagtany ýygnamak işiniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreleriň hatarynda ekin meýdanlaryny, enjamlary, ýer we suw serişdelerini geljekki möwsüme taýýarlamak işleri görkezildi.

Şunuň bilen birlikde, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, durmuş-medeni maksatly we oba hojalyk ugurly desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy hakynda habar berildi. Şeýle hem öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň ylmy esasda alnyp barylmagyna ünsi güýçlendirmegi, şeýle hem ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, gidrotehniki ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, olary degişli tertibe salmak boýunça işleri geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde, welaýatyň çägindäki suw howdanlarynyň bökdençsiz işledilmegi boýunça ýagdaýa seljerme geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilmeli çäreler hakynda aýdyp, döwlet syýasatynyň bu möhüm ähmiýetli ugruna, hususan-da, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek meselelerine ilkinji derejeli üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatda mekdeplerde, çagalar baglarynda we ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamynyň işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy baradaky gürrüňe geçip, gurluşyk işleriniň hiliniň hem-de täze binalary ulanmaga tabşyrmagyň möhletleriniň berjaý edilmeginiň häzirki döwrüň esasy talaplary bolmagynda galýandygyny belledi.

Milli Liderimiz şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň taýýarlyk işlerine ýokary derejede ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýerine ýetirilýän melioratiw işler barada hasabat berdi.

Sebitleri özgertmek boýunça ýaýbaňlandyrylan Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan iri gurluşyk işleriniň ýagdaýy, öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli ähli dabaralary mynasyp derejede guramak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gündogar welaýatynda ekerançylyk ýerleriniň ýagdaýyna ünsi çekdi we ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, oba hojalygyny ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen ulgamlaýyn guramaçylyk-hojalyk we tehniki çäreleriň yzygiderli alnyp barylmagynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen hasylyň doly ýygnalyp alynmagynyň, ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlamagyň we oba hojalykçy alymlaryň täzeçil başlangyçlaryny ornaşdyrmagyň häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz agrotehniki çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda meýilleşdirilen çäreleriň degişli ýagdaýda guralmagyny talap etdi we suw howdanlaryny arassalamak, gidrotehniki ulgamlaryň ýagdaýyny gözegçilikde saklamak meselelerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatyny arassa agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçilik meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek we beýleki ähmiýetli wezipeleri öz wagtynda çözmek boýunça welaýatyň ýolbaşçysyna aýratyn tabşyryklary berip, şonuň bilen birlikde, Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitdäki işleriň ýagdaýy, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, ilatly ýerleri elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim welaýatyň gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak, gant şugundyryny ýygnamak, gowaçadan boşan ýerleri sürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada habar berdi. Öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede garşylamak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hem alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny we munuň üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ahyrky netijäniň birnäçe işlere, şol sanda agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine, ýerleriň taýýarlyk derejesine baglydygyny belläp, bu ugurda ähli işleriň ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz oba hojalyk önümleriniň möçberini ýokarlandyrmagyň, ekerançylyk ýerlerini netijeli ulanmagyň, şunuň bilen baglylykda, ekin dolanyşygynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, dökünleriň we tohumlaryň rejeli peýdalanylmagynyň, şeýle hem melioratiw işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz suw howdanlaryny arassalamak işleriniň, suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny talap edilýän ýagdaýa laýyk getirmegiň wajyp wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen ylalaşyp, işleriň ýagdaýyny seljermek barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmegiň, welaýatyň ilatyny agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter