Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 10.08.2015 // 1036 - просмотров
 

Aşgabat, 10-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ugurlara, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna, şeýle hem güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Şonuň bilen birlikde, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi hem-de welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, olaryň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary barada aýtmak bilen, bu babatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna, güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde gurlup gutarylmagyna, welaýatda täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek, şeýle hem ýyladyş desgalaryny gyşky möwsüme taýýarlamak işlerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmeginiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz düýn, 9-njy awgustda dikuçardan welaýatyň çäklerinde oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işlerinde birnäçe kemçiliklere ýol berilýän ýerleriniň bardygyny, sebitde alnyp barylýan gurluşyk we oba hojalyk işleriniň depgininiň haýal gidýändigini synlandygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we häkimden ýagdaýy düzetmegi talap etdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şanly Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň we olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň döwrüň möhüm meselesidigine ünsi çekip, welaýatda desgalaryň gurluşygyna gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň degişli derejede özleşdirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmegiň, täze okuw ýylyny mynasyp garşylamagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň dolandyryş düzümleriniň işini kämilleşdirmek barada tabşyryklary berip, S.Amandurdyýewi Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol öz gezeginde häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk çäreleriniň derejesi, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýetip gelýän baýramçylyklary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem Milli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagynyň möhümdigini aýdyp, bu işde hiç hili bökdençlige ýol berilmeli däldigini, welaýatyň çagalar baglarynyň, mekdepleriniň, edara-kärhnalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine degişli derejede taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini birkemsiz geçirmek barada aýdyp, pagta ýygymy we güýzlük bugdaý ekişi möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew welaýatda pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk işleri, gurulýan dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň depginleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Aýratyn-da, häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, baýramçylyklary mynasyp garşylamak babatda işlenip taýýarlanylan maksatnama we meýilleşdirilýän medeni çäreler barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine aýratyn ähmiýet berilmelidigini, Milli özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatyň obasenagat toplumynda möhüm möwsüm hasaplanylýan pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz ýetişdirilen pagta hasyly üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleriniň degişli derejede geçirilmelidigini, desgalaryň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň göwnejaý özleşdirilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde guralýan mekdep bazarlarynyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň etraplarynyň işine degişli guramaçylyk meselelerine geçmek bilen, birnäçe resminamalara gol çekdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hem-de gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly binalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Häkim hasabatyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan sapary, onuň jemlerinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçdi. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny mynasyp garşylamak, Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmeginiň çäklerinde welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara derejesindäki çäreleri guramak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Aýratyn-da, welaýatyň senagat düzümini has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek boýunça taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatba degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň goňşy owgan halkyna saglygy goraýşy ösdürmekde ynsanperwer kömegi bermek maksady bilen, çaga dogrulýan öýüň gurluşygyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmeginiň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we şu mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda zerur tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, täze okuw ýylyna taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler we paýtagtymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejä göterilmeginiň möhümdigini belläp, paýtagtymyzda okuw möwsümine taýýarlyk görmek, şäherde mekdep bazarlaryny guramak, olarda zerur bolan okuw esbaplaryny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerinde degişli tertibiň ýola goýulmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, paýtagtymyzda döredilen gök zolaklaryň, seýilgäh merkezleriniň degişli derejede saklanmagy, ekilen bag nahallaryna ideg etmek bilen baglanyşykly işleriň talabalaýyk alnyp barylmaýandygyny belledi we bu babatda häkimiň işine nägilelik bildirdi. Hususan-da, paýtagtymyzyň etraplarynda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleri haýal alnyp barylýar, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depgini pes, şeýle hem Aşgabadyň mekdepleriniň täze okuw ýylyna taýýarlyk derejesi döwrüň talabyna laýyk gelmeýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we häkimden ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi talap etdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Bilim ministri P.Agamyradow çagyryldy. Ol häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň barşy, täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görmek, bilim ulgamyna degişli gurlup ulanmaga beriljek desgalaryň dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, ýurdumyzda orta mekdepleriň 24-siniň, çagalar baglarynyň 14-siniň, Aşgabatda A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga beriljekdigi, Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň bellenen düzgünnama laýyklykda, ýokary derejede guramaçylykly dowam edýändigi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz okuw möwsümine taýýarlyk görmegiň, mekdep bazarlarynda söwdalary guramak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň mekdep bazarlarynda okuwçylar üçin zerur bolan ähli esbaplaryň, okuw lybaslarynyň we beýleki serişdeleriň üpjünçiligini ýola goýmak babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze okuw ýyly mynasybetli gurlup ulanmaga berilýän mekdepleriň,çagalar baglarynyň, ýurdumyzyň iň baýry orta hünär okuw mekdepleriniň biri bolan A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synpyna barýan okuwçylara netbuklary sowgat bermegiň asylly däbe öwrülendigini belläp, döwlet Baştutanymyz şu ýyl 6 ýaşynda 1-nji synpa gelýän okuwçylaryň okuw lybaslaryna, degişli okuw esbaplaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini, olaryň üpjünçiligi boýunça zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara Watanymyzy has-da gülletmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter